Progres.Online

Progres.online

Progres – bu türkmen jemgyýetiniň geçmişi, häzirki zamany we geljegi barada analiktiki ýazyjylygy, analitiki pikirlenmek medeniýetini öňe sürýän, goldaýan we ösmegine mümkinçilik döredýän onlaýn žurnal. Progres gazanç üçin döredilen başlangyç däldir.

Progres Türkmenistanda progressiw jemgyýetçilik ösüşi barada inisiatiwaly, analitiki pikirlenmäge ukuply hünärmenleriň, döredijilikli ýazyjylaryň, akademikleriň, sungat boýunça hünärmenleriň we aktiwistleriň arkalaşygyny gurmagyň üstünde işleýar.

Biziň maksadymyz we wezipämiz täze konstruktiw ideýalar, oýlanşykly çekeleşikler, tankydy pikirleniş, döredijilikli işler we döwrebap işjeň raýat gatnaşyklary arkaly Türkmenistany öňe alyp gitmek.

Biz sosial meselelere döwrebap we innowasion garaýşy we çözgütleri hödürleýän ýokary hilli we özüne çekiji bilim beriji maglumatlary döredip, Türkmenistanda dolandyryş ugruň işlenip düzlüşi barada okyjylarymyzy habarly etmegi we jemgyýetiň düşünjelerini ýokarlandyrmagy maksat edinýäris.

Progres näme?

Progres. Biz geçmişde ýaşamzok, emma oňa esaslanýarys, şeýle-de hem şahslara hem-de bütin türkmen jemgyýetine bähbit getirip biljek geljege taýýarlanýarys. Biz diňe öňe ymtylýarys.

Biziň gymmatlyklarymyz:

Innowasiýa. Biz döwrebap bilimleriň we progressiw türkmen adatlaryň arabaglanyşygy sosial meseleleriň köp sanlysyny çözmäge kömek eder diýip ynanýarys.

Köpdürlülik. Biz öz ýurduna biparh bolmadyk we köp dillerde gürleýän türkmenistanly raýatlary we diasporasy bilen işleşýäris. Biz özümiziň güýçlüligimizi köpdürlülikden gazanýarys.

Sylag-hormat. Haçan-da biz ylalaşmanyzymda, biz bir-birimize sylag-hormat bilen ylalaşmazlyga razylaşýarys, çünki biz progres bilen bagly bolan umumy maksadymyza ýetmegiň üstünde bilelikde işleýäris.

Gatnaşyk. Biz konstruktiw çekeleşikleriň we jogapkärçilikli hereketleriň progrese tarap ýolunyň gurýandygyna ynanýarys.

Jemgyýet. Biz sylag-hormatly we aladaçyl goňşy bolmak ýaly türkmen däp-dessuryna eýerýäris.

Progresiň okyjylary kim?

Biziň okyjylarymyz Türkmenistanyň geçmişi, häzirki zamany we geljegi barada gyzyklanýan we oňa düşünmekde ýardam etmekde gatnaşýan adamlar. Olar dürli millet, jynsy, dini we ýaş toparlaryndan gelip çykýarlar we dürli-dürli syýasy garaýyşlara we durmuşy-ykdysady derejä eýe bolýarlar.

Sizde jemgyýetimiziň bilimini artdyrmak we jemgyýetiň durmuşy barada pikirler barmy? Onda biz bilen işleşiň!

Siz näme sebäpden Progres üçin ýazmaly? Biz bilen işleşiň!

Öz işleriňizi bize tabşyrmak bilen, siz öz bilimiňizi we ukyplaryňyzy hem-de pikirleriňizi Türkmenistandaky we ýurduň daşyndaky okyjylarymyz bilen paýlaşarsyňyz. Şeýle-de siz öz ýurdunyň sosial ösüşi barada gyzyklanýan türkmenistanly analitikleriň we ekspertleriň topary bilen tanyşarsyňyz we olar bilen aragatnaşyk açmana mümkinçilikler gazanarsyňyz. Öz işleriniňizi biziň websaýtymyzda, sosial media platformalarymyzda we her aý ugradylýan täzeliklerimizde paýlaşmak bilen, biz siziň pikirleriňizi jemgyýetçiligiň üns merkezine ýetirmäne kömek ederis. Özüňiziň professional we şahsy ulgamyňyzda öz postuňyzy paýlaşmagy we ony sosial media kanallaryňyzda meşhullandyrmagy maslahat beýräris.

Progrese kim ýazyp bilýär?

Biz Türkmenistanyň raýatlaryny we Türkmenistan bilen gyzyklanýan ähli hünarmenleri makala ibermäge çägyrýrys. Makala ibermek üçin üçin anyk bir möhlet ýok we biz olary kabul edildigine görä serederis. Biz garaýyşlaryň köpdürlüligini makullalaýarys we subutnama, logika hem-de analizlere esaslanyp ýazylan işleri gözleýäris.

Progrese pikirlerini ugradýan islendik adam biziň işimiz bilen tanyş bolmaly. Biziň näme çap edýänimiz barada öwrenmek üçin websaýtymyzy we sosial mediamyzy okap tanaşmagy haýyş edýäris.

Bütin postuňyzy ýazmazdan öň, eger siz bize öz pikirleriňizi ugradyp bizden deslapky seslenmämizi almagyňyzy soraýarys. Bize 250 sözden köp bolmadyk we şu aşakdaky soraglara jogap berýän öz pikirleriňizi gysgaça ýazyp ugradyň. Eger siziň ugradanyňyz biziň ileri tutýan mowzuklarymyza degişli bolsa, biziň okyjylrymyza has oňaýly gabat geler ýaly onuň stilini we formatyny üpjün etmek üçin biz siz bilen işleşeris we degişli maslahatlary bereris.

  1. Siz näme barada ýazmakçy bolýarsyňyz?
  2. Näme üçin bu mowzuk/mesele türkmenistanly okyjylary üçin wajyp?
  3. Teklip edýän mowzugyňyz Türkmenistanda nädip okyjylary habardar edip konstruktiw çekeleşiklere ýardam edip biler?
  4. Näme üçin siz şu mowzukdan ýazmak isleýärisiňiz? Nähili akademiki, professional ýa-da şahsy tejribäni ulanmakçy bolýarsyňyz?

Redaktirleme prosesi

Siziň ugradan işiňiz tassyklanandan we makalaňyzyň taslamasy tabşyranyňyzdan soňra, biz siz bilen habarlaşarys we makalaňyzy geçirmegi sorap bileris. Redaksiýa topary siziň makalaňyzy redaktirlemek hukugyna eýedir. Munuň içine grammatikany, harp ýalňyşlary, formatlaşdyrmagy, atlary we atlandyryşy redaktirlemek girýär. Biz siziň ýazan makalaňyzy çap edenimizden soň, ol Progresiň emlägi bolup galýar. Biz muny tankytly we konsturktiw pikirlenme arkaly amala aşyrýarys. Işlerimizi özümiziň saýtymyzda we sosial media serişdelerimizde gaýtadan çap etmek, gaýtadan ulanmak we gaýtadan paýlaşmak hukugyny saklaýarys. Eger awtor Progresiň kömegi bilen döredilen ähli makalalary we işleri başga bir islendik ýerde ýerleşdirmegi ýa-da paýlaşmagy saýlasa, onda Progres üçin işlenip düzlendigi anyk beýan edilmelidir.

Ütünlikli ýazlan makala nämeden ybarat?

Biz makalalary türkmen, rus we iňlis dillerinde kabul edýäris. Haçan-da haýsy makalalary kabul edip, olary öz websaýtymyzda we sosial media platformalarymyzda paýlaşmagy çözenimizde, şu aşakdaky ýörelgeleri göz öňünde tutýärys:

  • Biziň gymmatlyklarymyza,maksatlarymyza we okyjylarymyza degişliligi we gyzyklylygy.
  • Düşnükliligi we düşünmäge aňsatlygy.Orta mekdep bilimli türkmenistanly siziň ýazanyňyzy we delilleriňizi okap, yzarlap we düşünip biler ýaly.
  • Analitiki – haçan-da temany/meseläni agzanyňyzda duýgularyňyzy beýan etmegiň deregine logikaňyzy ulanan ýagdaýyňyzda. Siz ýönekeýje faktlary sanaman ýa-da wakalary sypatlandyrman, eýsem olary jikme-jik seljeren (analiz eden) ýagdaýyňyzda.
  • Obýektiw nukdaýnazar – tarap çalynmadyk, öz deliliňizi kanagatlandyrjak bolup esassyz pikir getirlip we maglumatlary ýoýulmadyk ýagdaýynda. Onuň ýerine ýagdaýy hakykatda bolşy ýaly we Türkmenistanda progrese ýardam etmek üçin olaryň nähli bolup biljekdigini/bilmelidigini görkezmeli we seljermeli.
  • Konstruktiw – siz türkmen jemgyýetindäki wakalary we sosial ýagdaýlary diňe tankytlamak bilen çäklenmän, eýsem olary gowulaşdyrmak üçin ädimleri we çözgütleri hödürlemeli.

Kabul edilýän makalalaryň mazmunyň görnüşleri

  • Biz başga ýerlerde çap edilmek original bolan özboluşly mazmunly işleri ileri tutýarys. Eger redaktorlar topary makalanyň biziň okyjylarymyza gyzykly bolup biljegini anyklasa, biz siziň başga biri tarapyndan çap edilen makalaňyzy gaýtadan çap etmeklige garap bileris.
  • Siziň makalaňyz şu aşakdaky görnüşleriň islendigi bolup biler:
    • Analitiki bloglaryň wakalary (storileri)
    •  Bir zady “nädip etmeli” barada makala
    • Şahsy garaýyşlar
    • Ylmy işleriniň netijeleriniň jemlemesi
    • Degişli neşirleriň we kitaplaryň terjimeleri we synlary
    • Infografika
    • Fotoreportaž
    • Wideo
    • Audio
    • Podkast
    • Çeper döredijilik, satira mazmunly suratlar we karikaturalar
    • Paýlaşmak üçin gyzykly işleri, pirkileri bar bolan tanymal we az derejede meşhur şahslar bilen söhbetdeşlikler
  • Makalanyň temalary şu aşakdaky çygyrlara jemlenmeli.
    • Adamlar
    • Ýerler
    • Pikirler
    • Işewürlik
    • Taryh
    • Sungat we medeniýet
    • Innowasiýa
    • Ösüş
    • Sebit täzelikeri
  • Siziň ugratjak makalaňyzyň has gowy gabat gelýäni barada bilmek üçin, biziň websaýtymyzda ýerleşdirlen degişli makalalary we bloglary okap tanyşyp bilersiňiz.

Makalanyň formatyna, gurluşyna we uzynlygyna bolan talaplar:

  • Uzynlygy: 500-800 söz
  • Kim üçin niýetlenen: Türkmenistanyň içinde we daşynda ýaşaýan türkmenistanlylar
  • Makalanyň ýazylýan dili: türkmen, rus we iňlis
  • Setirleriň arasynda goýulýan boş ýer: 1.5 setirler
  • Şrift: Arial 11

Ýazýan wagtyňyzda, makalany bölmek üçin gysga abzaslary, goşmaça sözbaşlary we/ýa-da esasy bentleri ulanyň. Atlar we goşmaça sözbaşylar garaldylan bolmaly. Bölüm belgilerini ulanmazlygy haýyş edýäris. Materialyňyzy tabşyrmazdan öň orfografiýany we grammatiki ýalňyşlary barlamagy unutmazlygy haýyş edýäris.

Siz öz makalaňyza san görkezijileri, tablisalary we suratlary goşup bilersiňiz, eger-de olar dahylly we siziň nukdaýnazaryňyzy suratlandyryp biljek bolsa. Eger suratlary ulansaňyz, olary yzygiderlikli san bilen belgiläň, atlaryny, ýazgysy we asyl çeşmesine eltýän salgylandyrmasyny goşuň. Suratlar 1200 x 800 pikselli ýa-da azyndan 800 x 600 / 640 x 480 pikselli JPG formatda bolmaly.

Çeşmelere salgylanma/çykgytlar

Eger siz kimdir biriniň işini – ideýalaryny, pikirlerini, delillerini, statistikasyny ýa-da neşirlerini ulansaňyz, olaryň çeşmelerini hökman görkeziň. Eger çeşme internetde elýeterli bolsa, onda sadaja tekstiň içinde baş çeşmäniň websaýta salgylanmasyny goýuň. Eger siz kitaplar, žurnallaryň ýa-da gazetleriň makalalary ýaly çap edilen materiýallara salgylansaňyz, onda awtory we onuň çap edilen senesini agzap geçiň. Ygtybarly we dogry çeşmeleri ulanýandygyňyza göz ýetirmegiňizi haýyş edýäris.

Eger tehniki ýa-da has aýratyn bir mana mahsus bolan terminologiýany ulansaňyz, terminiň hut yzyndan ýaýyň () içinde düşündirişini goşuň, ýa-da tekstiň soňunda her bir täze düşünje üçin san belgiler bilen çykgytlar ulanyň. Şeýle hem haçan-da esasy tekstde bellenmegi wajyp bolmadyk maglumatlaryň goşmaça çeşmelerini nygtanyňyzda we goşmaça düşündiriş ýa-da jikme-jikler bereniňizde, çykgytlary ulanyp bilersiňiz.

Ýazan makalaňyzy nädip ibermeli?

  1. Analitik makala : “Siziň işiňiziň ady” tema setiri bilen bize elektron hat ugradyň: turkmen.progres@gmail.com
  2. Öz doly adyňyzy we elektron poçtaňyzyň salgysyny görkeziň. Siz hakyky adyňyzy ýa-da lakamyňyzy hem ulanyp bilersiňiz.
  3. Microsoft Word dokumentde ýokarda agzalyp geçilen soraglara jogap berýan öz jemlemäňizi birikdiriň.
  4. Okyjylar siz bilen habarlaşar ýa-da sizi yzarlar ýaly habarlaşmak üçin maglumatlaryňyzy we/ýa-da sosial media profilleriňizi görkezip bilersiňiz.
  5. Eger siziň işiňiz öň bir ýerde çap edilen bolsa, onuň ilkinji çykan ýeriniň çeşmesini görkezmegi haýyş edýäris.

Ondan soň näme?

Siz hut şu wagtjyk bize öz makalaňyzy ugratdyňyz! Eger siziň makalaňyz çap edilmäge kabul edilse, biz iki hepdäniň içinde elektron hatyň üsti bilen sizi habarly ederis. Köp sanly elektron hatlarynyň gelip gowuşýanlygy sebäpli, biziň hemme ýüzlenmelere jogap we seslenme berip bilmeýändigimizi göz öňünde tutmagy haýyş edýäris. Eger siz bizden bir aýyň dowamynda hiç hili habar eşitmeseňiz, diýmek siziň işiňiziň bu gezek Progres üçin gabat gelmedi diýip pikir edip bilersiňiz. Biz täze postlary her iki hepdeden çap edýäris.

Siziň makalaňyzyň soňky nusgasy tassyklanandan soň, ony okyjylaryň teswirlerine jogap bermek üçin biziň websaýtymyzy we sosial media serişdelerimizi wagtal-wagtal barlap durmagy soraýarys. Ähli teswirlere jogap bermek hökmany däl, emma şol bir wagtda okyjylaryň tesiwerlerine jogap bermek we özüňizi gyzyklandyrýan temaňyzdan okyjy bilen gatnaştyk açmak oňaýly tejribe bolup durýar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: