Progres.Online

Täjigistanyň startap kompaniýalara mätäçligi

Startap (iňlisçe: startup) kompaniýalary Täjigistanyň ykdysady ösüşiniň möhüm bölegidir. Emma, Merkezi Aziýa analitik hasabat býurosynyň “Täjigistan: startaplar zerur, ýöne şertler ýetmezçilik edýär” atly makalasyna görä, ýurtda startaplar üçin ençeme päsgelçilikler bar. Päsgeçiliklere internet tizliginiň pesligi, salgytlaryň ýokarylygy we çylşyrymly kanunlar ýaly kynçylyklar hem degişli.

Startap näme?

  • Startap – täze telekeçileriň üýtgeşik, innowasion önümleri ýa-da hyzmatlary üpjün etmek maksady bilen esaslandyran kompaniýasy.
  • Startapyň maksady bar bolan önümleri ýa hyzmatlary giňeltmek ýa-da bütinleý täze bir kompaniýa esaslandyrmak.
  • Startaplar düýbünden täze bir zady döredýärler, tersine, adaty kompaniýalar öňden bar zatlary kopýalaýarlar.
  • Startaplar döwletiň ykdysadyýetine örän bähbitlidir.

Meseleler:

  • Täjigistanda bar bolan startaplaryň köpüsi ýurduň daşynda (Meselem: Özbegistanda) döredildi.
  • Täjigistanda hökümetiň aşa kän barlaglary, para we gorkuzyp pul almak ýaly çäreleri sebäpli onlarça startaplar bankrot boldy. Bu päsgelçilikler zerarly startap eýeleriniň aglabasy kompaniýalaryny daşary ýurda göçürdiler ýa-da satdylar.
  • Mundan başga-da, Täjigistanyň ykdysadyýeti erbet ýagdaýda, zehinli işgärler ýetmezçilik edýär we güýçli monopoliýa startaplaryň ösmegine päsgel berýär.

Çözgütler:

  • Startaplar sanly ykdysadyýet üçin wajypdyr. Täjigistan startaplary ösdürmekde haýal, ýöne durnukly progres gazanýar. Emma, biznesleri ösdürmek üçin hökümetiň kömegi möhümdir.
  • Biznes çykdaýjylary üçin salgyt ýeňilliklerini döretmek, Täjigistanda maýa goýumlary üçin ygtybarly ekosistemany üpjün etmek we banklaryň startap kompaniýalara maýa goýum goýmagy startaplaryň ösüşini hakykatdanam aňsatlaşdyryp biler.
  • Şeýle hem, Maglumat tehnologiýalary (MT) toplumlaryny (MT institutlaryny, laboratoriýalaryny we binalaryny öz içine alýan ýer) açmak startaplaryň ösmegine kuwwatly itergi bolar.
  • Halkara guramalary ýaş telekeçilere maliýe goldawyny berip, ýurtda startaplary ösdürmäge uly ýardam edýärler. Mysal üçin: BMG-nyň Täjigistandaky Ösüş Maksatnamasy, Peak Tajikistan, Startup Go, Accelerate Prosperity we ş.m.

Täjigistana nämeler zerur?

  • Bilim, saglyk bilimi we saglygy goraýyş tehnologiýalary bilen meşgullanjak startaplar Täjigistan üçin aýratyn ähmiýete eýe. Şeýle startaplary döretmek köp meselä çözgüt bolar, şol sanda medisina işgärleriniň ýurdy terk etmegini azaldyp biler.
  • Täjigistanyň raýatlaryna saglyk önümlerini eltip berme hyzmatlary, kompýuter oýunlary we film söýüjiler üçin animasiýa mekdepleri gerek.
  • Eger bir MT hünärmeni ~ $980.000 girdejili startap döretse, bu startap pudagyna güýçli itergi berer.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: