Progres.Online

Palaw Indeksi Sentýabr / 2022

Sentýabr 2022: Palawyň bahasy dört aýlap yzly-yzyna arzanlamagyny dowam edýär.

Soganyň bahasy uly derejede peselip geçen ýyl bilen deňeşdirilende 45% arzanlady.

2022-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherinde palaw bişirmegiň ortaça bahasy 84.9 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen aýdaky palaw bahasyndan (87 manat) aýdan-aýa 2.5% arzan we geçen ýylyň sentýabryndaky palaw bahasyndan (116.4 manat) bolsa ýyldan-ýyla 27.1% arzandyr. Bahalardaky peseliş 4 aý bäri yzygider ýüze çykýp iýunda 13.4%, iýulda 9.1% we awgustda 28.8% düşdi.

Soňky 3 aýdaky ýüze çykan baha üýtgeşmelerine birmeňzeş şekilde, 2022-nji ýylyň sentýabrynda hem şalydan başga palaw ingredientleriniň hemmesiniň bahasy ýyldan-ýyla arzanlady. Käşiriň bahasy (-56%), sogan (-45%), günebakar ýagy (-34%), sygyr eti (-33%) we bugdaý uny (-32%) arzanlan bolsa, şo bir wagtyň içinde tüwiniň bahasy ýyldan-ýyla 8% gymmatlady (Netije 1 seret).

Bu ýylyň sentýabrynda ýyldan-ýyla deňeşdirilende iň köp mukdarda käşiriň bahasy 56% arzanlady we onuň bahasynyň beýle uly derejede peselmesi hakyndaky analizi Indeksimiziň Iýul 2022 hasabatynda ýerleşdiripdik. Käşirden soňra iň köp baha peselişi soganda ýüze çykdy we onuň bahasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 45% arzanlady. Bu sebäpden, bu aýdaky hasabatymyzda soganyň bahasynyň peselmegine düşündiriş bermäge synanşarys.

Türkmenistanda sogan adatça 3 pasylda ekilýär we ýygnalýar: ýazda, güýzde we gyşda. Iň köp hasyly ýazda we güýzde alynýar. Gyşlyk soganlar ýurduň taryhynda ilkinji gezek 2020-nji ýylda Daşoguz welaýatynda ekildi. Gyşlyk sogan ekimi üçin döwlet tarapyndan 1000 gektar ýer bölünip berildi we hemme pasyllarda ekilýän sogan üçin umumy 25,000 gektar ýer aýrylan. Bu sebäpden, gyşlyk sogan ekimlerinden geljek hasyl ýazlyk we güýzlük soganlar bilen deňeşdirilende uly derejede pesdir. 2020 ýanwar-2022 sentýabr arasyndaky sogan bahalaryndaky aýlyk üýtgeşmelerini aşakdaky Netije 2-den görüp bilersiňiz.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ýurtdaky ýyllyk soganyň hasylyna degişli sanlary öz web sahypasynda çap etmeýär. Emma muňa garamazdan, ýurtdaky habar beriş serişdeleri kähalatlarda sogan hasylyna degişli sanlary gysgaça agzap geçýär. Meselem, Salam News neşiriniň habar bermegine görä, 2022-nji ýylda 25,000 gektar ýerden jemi 250,000 tonna sogan hasyly alnypdyr. Biznes Türkmenistan neşiri bolsa 2021-nji ýyldaky iýul hasylynda 6000 gektarlyk ýeriň her gektaryndan 250 sentner sogan hasyly alnandygyny habar berdi. Sentnerdäki berlen mukdary tonna ölçeg birligine geçirenimizde, agzalan döwürde 75,000 tonna sogan hasyl ýygymyna deň bolýar. Emma Biznes Türkmenistan neşiri bu berilen sanlaryň diňe döwlet tarapyndan berlen buýruklaryň netijesindäki sogan hasylyny öz içine alyp, hususyýetçiler tarapyndan ýetişdirilýän soganlaryň hasylyny öz içine almaýandygyny belläp geçýär. 2020-nji bolsa 3,800 gektar ýerden 95,000 tonna sogan hasyly alnypdyr (Biznestm). Şeýlelik bilen, 2022-nji ýyldaky sogan hasylynyň mukdary 2020 we 2021-nji ýyllardakydan has ýokary bolupdyr.

FAO-nyň çaklamalaryna görä, Türkmenistandaky ýyllyk sogan hasyly 2020-nji ýylda 88,671 tonna boldy we mundan soňky ýyllar barada maglumat elýeterli däl. 2020-nji ýyldaky sogan hasyly 2019-nji ýyldakydan 0,3% pes (88,906 tonna). Şeýle hem, 2020-nji ýyldaky hasyl soňky 10 ýyldaky (2010-2019-njy ýyllar aralygyndaky) ortaça sogan önümçiliginden (92,947 tonna) 4,6% azdyr. Soňky iki ýyl bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylda sogan hasylynyň ep-esli artmagy netijesinde ýurtda sogan üpjünçiligi ýokarlanyp, onuň bahasynyň peselmegine goşant goşan bolmagy mümkündir.

Türkmenistan Altyn Asyr neşiriniň habar bermegine görä, Daşoguz welaýatynda 2022-nji ýylda güýzlik ekiljek sogan ýerleriniň mukdary uly derejede artypdyr. Emma näçe gektar ýeriň artanlygy barada neşir belli etmeýär. Umuman, bütin Daşoguz welaýaty boýunça güýzlük sogan üçin 1000 gektar ýer bölünip berlipdir. Bulardan başga hem, Türkmenistandaky gurak howa sogan ýetişdirmek üçin amatly däldir we bu sebäpden döwlet artykmaç ýer bölüp berýär.

Importlar

Türkmenistan 2021-nji ýylda GDA ýurtlaryndan (Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzstan, Belarus we Ermenistan) sogan import etmändir. Türkmenistanyň iň köp mukdarda sogany import eden ýurdy 2020-nji ýylda Özbegistan bolupdyr we degişli ýylda umumy sogan importlarynyň 86.8% şu ýurduň paýyna düşüpdir. Türkmenistanyň Özbegistandan import eden soganynyň bahasy 2020-nji ýylda $2.23 milliona deň bolupdyr. Tonna ölçeg birliginde, Türkmenistan 2020-nji ýylda 12,900 tonna we 2021-nji ýylda (ýanwar-15 oktýabr arasy) 19,500 tonna sogany Özbegistandan import edipdir. Bu bolsa Türkmenistanda umumy sogan önümçiliginiň (250,000 tonna) 8%-inden hem az bölegini emele getirýär we ýurduň sarp etmek üçin import edilýän soganlara garaşly däldigini görkezýär.

Türkmenistan 2015-2019-njy ýyllar aralygynda daşary ýurtlardan has köp mukdarda sogan import edipdir we bu ýyllar üçin ýyllyk ortaça import mukdary $6,4 million bolupdyr. Bu mukdar 2020 we 2021-nji ýyllardakydan 3 esse köpdür. Ol ýyllaryň dowamynda Türkmenistana iň köp sogan satan ýurt Eýran bolupdyr.

Eksport

Türkmenistan uly mukdarda sogan eksportyny etmeýär. Ýyllyk umumy sogan eksportlarynyň agramy 2019-njy ýylda 7,500 tonna we 2020-nji ýylda 205 tonna bolupdyr. 2021-nji ýyl üçin maglumatlar aýan edilmändir. 2022-nji ýylda bir türkmen hususy kärhanasy Gazagystana 140 tonna möçberinde sogan eksport edipdir, ýöne bütin ýyl üçin ýurt boýunça eksportlaryň möçberi belli däl. Ýurtdaky umumy ýyllyk sogan hasyly (250,000 tonna) bilen deňeşdirilende, eksport edilen soganyň mukdary ýerli bahalara täsir edip bilmejek derejede örän azdyr.

Palawyň bahasynyň aýma aý üýtgemegi

Palaw ingredientleriniň aýlyk bahalary 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndaky 116,4 manatdan, 2022-nji ýylyň sentbarynda 84.9 manada çenli yzygiderli peselip gelýär, bu bolsa 27.1% azalyşdyr. Dollaryň gara bazar kursuna syn edenimizde bolsa, ol 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndaky 27.3 manatdan, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda 19.5 manada çenli düşdi, bu bolsa 28.7% azalyşdyr (Netije 3 seret).

Metodologiýa 

Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.

Spelling error report

The following text will be sent to our editors: