Progres.Online

Palaw Indeksi Oktýabr / 2021

Aşgabatda Palaw Indeksi 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda 66,12% ýokarlandy.

2021-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäherinde palaw bişirmegiň bahasy 100.42 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen aýdaky, 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndaky 116.48 manat bahadan 13.79% arzandyr we geçen ýylyň oktýabr aýyndaky 60.45 manat bahasyndan bolsa 66.12% gymmatdyr.

Geçen ýylyň oktýabr aýyndaky bahalary bilen deňeşdirilende, käşirden başga palawdaky ingredientleriň hemmesiniň bahasy bu ýylyň oktýabrynda uly derejede artdy. Günebakar ýagy 38%, sogan 71%, sygyr eti 94%, tüwi 38% we un 90% gymmatlady. Käşiriň 1 kg bahasy bolsa 13% arzanlady (Netije 1 seret).

Bahalardaky iň uly artyşy sygyr etiniň bahasynyň ýokarlanmagynda syn edip bolýar. Sygyr etiniň bahasynyň ýokarlanmagyna uly sebäp hökmünde mal üçin iýmleriň bahasynyň artmagy sebäp bolup biler. Esasan hem sygyr iýmleriniň aglaba bölegi daşary ýurtlardan import edilýär we olaryň hem bahalary artdy. Azyk harytlarynyň bahalarynyň artyşyny halkara arenada hem görüp bilýäris. BMG-niň Iýmit we oba hojalyk guramasynyň (FAO) berýän maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň oktýabryndaky bahalar bilen deňeşdirilende, bu ýylyň oktýabryndaky halkara derejede azyk önümleriniň bahalary 31.3% artypdyr we etiň bahasy 22.1% artypdyr.

Türkmen manadynyň bir ABŞ dollaryna garşy gara bazardaky hümmeti 2020-nji ýylyň ýanwar we oktýabr aýlary arasynda ortaça 22 manat we 2021-nji ýylyň şo bir wagt aralygyndaky ortaça hümmeti bolsa 30.5 manat bolupdyr. Bu bolsa 38.6% artyşdyr. Şo sebäpden, gara bazardaky dollaryň bahasy artdygyça, Türkmenistandaky azyk önümleriniň bahalary hem artýar. Soňky iki aýyň içinde (sentýabrdan oktýabryň soňuna) gara bazarda dollaryň bahasy 27.5 manatdan 22.6 manada çenli peseldi we edil şo wagt Palaw indeksiniň bahasy hem 13.79% azalypdy sentýabr we oktýabr aýlary arasynda. Ýurtdaky azyk önümleriniň satyjylary harytlaryň bahalaryny göni bir-bada düşürmekden çekinýärler we gara bazardaky nyrhynyň ilki bilen durnukly şekilde düşmegini isleýärler. Gara bazardaky nyrhy üýtgemeginden daşgary hem, daşary ýurtdaky harytlaryň bahalary artýanlygy sebäpli, Türkmenistan olary import edende, harytlaryň bahasy ýene-de gymmatlygyna saklanýar. Turkmen.news neşiriniň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň “import önümleriniň ornuny tutýan” döwlet syýasatynyň netijesinde, Türkmenistan daşyndan import edilýän harytlara hem artykmaç salgyt salýar we netijede daşyndan gelýän harytlaryň bahalary has hem artýar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: