Progres.Online

Palaw Indeksi Noýabr / 2021

Noýabr 2021: Aşgabatda palaw indeksi 54% gymmatlady.

2021-nji ýylyň noýabrynda Aşgabat şäherinde palaw bişirmegiň bahasy 96.7 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen aýdaky, 2021-nji ýylyň oktýabr aýyndaky (100.4 manat) bahadan 3.7% arzandyr we geçen ýylyň noýabr aýyndaky (62.8 manat) bahasyndan bolsa 54% gymmatdyr.

Geçen ýylyň noýabr aýyndaky bahalary bilen deňeşdirilende, käşirden başga palawdaky ingredientleriň hemmesiniň bahasy bu ýylyň noýabrynda uly derejede artdy. Günebakar ýagy 85%, sogan 28%, sygyr eti 70%, tüwi 18% we bugdaý uny 105% gymmatlady. Käşiriň 1 kg bahasy bolsa 18% arzanlady (Netije 1 seret).

Noýabrdaky bahalarda iň uly artyş bugdaý ununda gabat gelindi we geçen ýylyň noýabryndaky bahadan 105% gymmatlady. Bu artyşyň arkasynda iki sany sebäp bolup biler: ýerli bugdaý önümçiliginiň mukdarynyň peselmegi we halkara bugdaý bahalarynyň ýokarlanmagy sebäpli, importlaryň has gymmatlagy. Şeýle hem, gara bazarda Türkmen manadynyň dollar garşylygyndaky hümmediniň peselmegi.

Türkmenistandaky müşderiler 3 görnüş bugdaý unyny satyn alýarlar: iki görnüş ýerli un (1-nji sort we ýokary hilli) we ýokary hilli Gazak uny. BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) berýän maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda Türkmenistanda ýyllyk iýiljek bugdaýyň 7.2% importlardan ybarat bolar. Bu bolsa Türkmenistandaky iýilýän budgaý önümleriniň aglaba böleginiň ýerli önümçilik tarapyndan amala aşyrylýanlygynyň alamatydyr. Bu sebäpden, ýerli önümçilikdäki üýtgeşmeleriň bugdaý bahasyna täsir etmegi mümkindir. FAO-nyň çaklamalaryna görä, Türkmenistandaky bugdaý önümçiligi 2021-nji ýylda 1.1 million tonna bolar we bu mukdar 2020-nji ýyldaky önümçilikden (1.5 mln tonna) 26.7% azdyr. Şeýle hem, bu ýyldaky önümçilik soňky 5 ýyldaky (2016-2020) ortaça bugdaý önümçiliginden (1.3 mln tonna) bolsa 15.4% az bolar. Netijede, ýerli bugdaý önümçiliginiň azalmagy bugdaý ununyň bahasynyň artmagyna itergi berýär.

Halkara trendlere seredenimizde, Gazagstandaky bugdaý un bahalary 2021-nji ýylyň noýabrynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10.4% artypdyr. Şeýle hem, halkara bugdaý bahalarynda ýokarlanma trendy ýüze çykypdyr. FAO-nyň azyk bahalary indeksine görä, halkara bugdaý bahalary bu ýylyň noýabr aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23.2% artypdyr. Halkara bugdaý bahalarynyň noýabrdaky artyşy bolsa 2011-nji ýyldan bäri, ýagny soňky 10 ýylda ýüze çykan iň uly artyşdyr.

Gara bazardaky manat hümmetiniň peselmegi netijesinde daşary ýurtdan import edilýän bugdaý ununyň bahalary hem has artdy. Bir ABŞ dollary gara bazarda 2021-nji ýylyň ýanwar we noýabr aýlary arasynda ortaça 29.9 manat boldy we bu geçen ýylyň degişli döwründäki (22.4 manat) dollar kursundan 33.1% ýokarydyr.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: