Awgust 2022: Palawyň bahasy üç aýlap yzly-yzyna arzanlamagyny dowam edýär.
Aşgabat şäherinde palaw bişirmegiň ortaça bahasy 2022-nji ýylyň awgust aýynda 87 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen aýdaky, iýul 2022-däki palaw bahasyndan (86.6 manat) aýdan-aýa 0.4% gymmat we geçen ýylyň (2021) awgustyndaky palaw bahasyndan (122.2 manat) bolsa ýyldan-ýyla 28.8% arzandyr. Bahalardaky peseliş 3 aý bäri yzygider dowam edýär we bahalar iýunda 13.4% we iýulda 9.1% düşdi.
Soňky 2 aýdaky ýüze çykan baha üýtgeşmelerine birmeňzeş şekilde, 2022-nji ýylyň awgustynda hem tüwiden başga palaw ingredientleriniň hemmesiniň bahasy ýyldan-ýyla arzanlady. Käşiriň bahasy (-69%), sogan (-44%), günebakar ýagy (-38%), sygyr eti (-33%) we bugdaý uny (-22%) arzanlan bolsa, şo bir wagtyň içinde tüwiniň bahasy ýyldan-ýyla 10% gymmatlady (Netije 1 seret).
Tüwiniň bahasy näme sebäpden gymmatlady?
Ýokardaky 1-nji Netijede, tüwiden başga palaw ingredientleriniň hemmesiniň bahalary 3 aý bäri yzygider peselmeginiň dowam edýändigi görkezilýär. Beýleki harytlaryň bahalary awgust aýynda ýyldan-ýyla örän uly derejede peseldi we munuň uly sebäpkäri hökmünde dollaryň gara bazar kursunuň düşmegi görkezilýär. Gara bazar kursy 1 ýylyň içinde geçen ýylyň awgustdaky 32.4 manatdan şu ýylyň awgustynda 19.3 manada çenli peseldi, bu bolsa 40.4% arzandyr. Biz Türkmenistanda satylýan Elenge tüwi sortynyň bahalaryny durnukly şekilde soňky 3 ýyl bäri çöpläp gelýäris (ýanwar 2020-den bu güne çenli) we olaryň hemmesini bir grafige ýerleşdirdik (Netije 2 seret).
Ýokardaky grafikde syn edişimiz ýaly, tüwiniň bahalary soňky iki ýyl bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylda has ýokary bolupdyr. Aýlyk aýratyn bahalara syn edenimizde, tüwi bahalary 2022-nji ýylyň her bir aýynda (aprelden başga) soňky 2 ýyldaky şol bir aýlar bilen deňeşdirilende has ýokary. Soňky 3 aýda palaw ingedientleriniň hemmesiniň bahalary peselýän wagty, näme üçin diňe tüwiniň bahalary artdyka?
Suw ýetmezçiligi
Türkmenlerde şeýle atalar sözi bar: “Şaly suwsuz bolmaz, palaw – bugsuz”. Ýurduň içinde ýetişdirilýän tüwüler Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ekilýär sebäbi şaly önümçiligi örän uly mukdarda suw talap edýär. Bu iki welaýat bolsa Amyderýa eteginde ýerleşýänligi üçin, daýhanlara tüwini suwarmak aňsadrak bolýar. Ýurtdaky ýetişdirilýän tüwiniň esasy sortlary: Elenga, Nukus-2, we Müňbaşy. Umuman, oba hojalyk ekinlerini suwarmak üçin esasan Amyderýa we Garagum derýalarynyň suwlary ulanylýar we soňky aýlarda suw ýetmezçiligi hem ilata hem-de oba hojalyga düýpli täsirini ýetirdi (Hronikatm, Turkmennews, Azatlyk).
FAO-nyň habar bermegine görä, durnukly şaly önümçiligindäki iň wajyp komponent suwdur. Palaw Indeksindäki ekinleriň arasynda, ýetişdirilmesi üçin iň köp suw talap edýän önüm şalydyr. 1 kg tüwi öndürmek üçin ortaça 2500 litr suw gerek bolýan bolsa, 1 kg bugdaý uny üçin 1849 litr suw, 1 kg sogan üçin 272 litr suw, we 1kg käşir ýetişdirmek üçin 195 litr suw harjanylýar (Water Footprint Network 2022). Hazar deňzindäki suw duzly bolany üçin (1 litrinde 11-12.8 gram duz) onuň suwy ne ekarançylyk üçin ne-de ilat üçin ýaramlydyr. Bu sebäpden, suw ýetmezçiligi netijesinde ekarançylyk önümleriniň mukdary azalyp bilýär, sebäbi suw oba hojalyk üçin örän wajypdyr.
Suw ýetmezçiligine degişli gürrüňler döwlet derejesinde hem ara alnyp gürleşilýär we diňe şu ýylyň dowamynda bu problema birnäçe gezek dile getirildi. 2022-nji ýylyň iýun aýynda Serdar Berdimuhamedow döwlet işgärlerine Hazar deňzinden Aşgabada süýjedilen suw ugratmak boýunça mümkinçiliklere seretmegi tabşyrdy. Şol bir aýda geçirilen ýene bir ýygnakda, Berdimuhamedow işgärlerine suwy tygşytly ulanmagy tabşyrdy we suw desgalaryny “kadaly ýagdaýda” saklamagy we seljermegi buýurdy. 2022-nji ýylyň iýun aýyndan bäri paýtagt Aşgabatdaky ýaşaýyş jaýlarynda dowamly ýagdaýda irdenleri we agşamlary suw kesilmeleri ýüze çykýar. Bu problema ýurduň beýleki welaýatlarynda has ir ýüze çykypdy we käbir günlerde maşgalalar uzynly gün hiç suwsuz galýardylar.
Şaly önümçiliginiň has köp suw talap edýänligini göz öňüne tutan ýagdaýymyzda, onuň netijesinde ýurtdaky tüwi önümçiliginiň 2022-nji ýylda azalyp, bahasynyň artmagyna sebäp bolanlygy mümkin. Türkmenistan hökümeti kä halatlarda ýurtdaky ýyllyk şaly önümçiliginiň möçberini aýan edýär we 2021-nji ýylda daýhanlar jemi 82,400 tonna tüwi hasylyny alypdyrlar we bu hasylyň mukdary 2020-nji ýyldaky bilen bir meňzeşdir. 2022-nji ýyl üçin hem şol bir mukdarda şaly hasylyna garaşylýar. Hökümetiň mundan öňki beren statistikalarynyň abraýyna salgylansak, berilýän sanlaryň ygtybarly bolmazlygy mümkündir. Meselem, Hronikatm neşiriniň aýtmagyna görä, 2018-nji ýyldaky ýyllyk bugdaý hasylynyň hakyky mukdary resmi maglumatdaky berilen sandan 3 esse az bolan bolsa, 2019-njy ýylda hem 2 esse az bolupdyr. Bütindünýä Banky hem, ýeterlik hilli ygtybarly maglumatlaryň bolmanlygy sebäpli, 2020-nji ýyldan bäri Türkmenistana degişli ykdysady indikatorlary çap etmegini bes etdi.
Şaly importynyň mukdarynyň azalmagy
Türkmenistanda sarp edilýän tüwiniň aglaba bölegi ýurduň içnde öndürilýär we diňe az bölegi daşary ýurtlardan import edilýär. Türkmenistana tüwi satýan ýurtlardaryň arasyndan Hindistany, Pakistany we Russiýany görkezip bolar. Türkmenistan şeýle hem Ýewraziýa Ykdysady Birleşmesine girýän ýurtlardan (Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzstan, Belarus we Ermenistan) örän az mukdarda tüwi import edýär we onuň mukdary 15 tonna agramlygynda 14289 dollara deň boldy. Hindistanyň tüwi eksportynyň Türkmenistana paýy has ýokary we 2020-nji ýylda 421,000 dollara deň boldy.
FAO-nyň “Tüwi Bahasy Indeksine” görä, halkara bazarlarynda tüwiniň bahasy 2022-nji ýylyň awgust aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,9% ýokarlandy. Bu sebäpden, halkara bazarlarynda tüwiniň bahasynyň ýokarlanmagy Türkmenistanda satylýan tüwiniň bahasynyň artmagyna sebäp bolup biler. Şeýle-de bolsa, import edilýän tüwiniň paýynyň örän az bolanlygy sebäpli, import edilýän tüwiniň bahasynyň artmagy içerki bahalara düýpli täsir etmez.
Palawyň bahasynyň aýlyk üýtgemegi
Palaw ingredientleriniň aýlyk bahalary 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndaky 116,4 manatdan, 2022-nji ýylyň awgust aýynda 87 manada çenli yzygiderli peselip gelýär we bu 25.3% peselişdir. Dollaryň gara bazar kursuna syn edenimizde bolsa, ol 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndaky 27.3 manatdan, 2022-nji ýylyň awgust aýynda 19.3 manada çenli peseldi we bu bolsa 29.5% azalyşdyr (Netije 3 seret).
Metodologiýa
Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.