Progres.Online

Söz kökümiz-öz kökümiz

“Söz kökümiz-öz kökümiz”  kitabynda türkmen diliniň taryhyna we türkmen kökli sözleriň pars, arap we ýewropa dillerine ýaýraýşyna degişli gyzykly taryhy faktlar derňelýär. Şeýle-de, kitapda türkmen diliniň pars, arap we beýleki gündogar dilleri bilen gadymdan gelýän özara gatnaşygyna, göňşy Eýranyň territoriýasyndaky türkmen  asylly ýüzlerçe toponimleriň, ýagny ýer-ýurt atlarynyň gelip çykyşyna degişli giňişleýin hem-de gyzykly malumatlar berilýär.

Kitapda esasan iki meselä degişli derňewler bar- türkmen diliniň baýlygy bilen baglanyşykly bolan hem-de türkmen medeniýetiniň iň gyzykly baýlygy bilen, ylaýta-da türkmen haly sungaty we at medeniýeti bilen baglanyşykly meseleler. Bu meseleler diňe sungat, taryh ýa-da filisofiýa taýdan däl-de, dil taýdan, diliň taryhy, psihologiýasy we beýleki häsiýetleri göz öňünde tutulyp, giňişleýin derňelýär.

Kitabyň awtory Professor Ýusup Azmun, Türkmenistanyň Magymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty, Beýik Britaniýanyň Lingwistler institutynyň agzasy, dilçi alym.

Spelling error report

The following text will be sent to our editors: