PISA (Programme for International Student Assessment) – dürli ýurtlaryň bilim ulgamlarynyň işine we hiline baha bermek üçin niýetlenen deňeşdirme gözlegidir. PISA gözlegleri Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) tarapyndan ilkinji gezek 2000-nji ýylda hödürlenip, dünýä ykdysadyýetiniň 90% -e golaýyny düzýän ýurtlarda her üç ýylda bir gezek geçirilýär. Gözlegiñ maksady barlaga gatnaşýan ýurtlaryň 15-ýaşly okuwçylarynyň durmuşda kynçylyklary ýeňip geçmek üçin ulanýan hat-sowat, matematika we ylym-bilim ukyplaryny barlamak we ölçemekdir. Gözlegleriň netijeleri ýurtlaryň milli bilim syýasatyny gurmakda we ösdürmekde ulanylýar.
PISA haýsy ukuplary we nädip ölçeýär?
PISA barlagy adaty synaglardan we ekzamenlerden tapawutlylykda, okuwçylaryň alan bilimlerini we tejribelerini durmuşda ulanyp bilmegini barlaýar. Bu çemeleşme metodyna “sowatlylyk” diýilýär. PISA ölçegleri we anketalar halkara derejesinde ylalaşylyp, segsen gowrak ýurtdan bolan hünärmenleriñ goşandy bilen düzülýär.
Barlaga her gatnaşyjy ýurtdan tötänleýin şekilde 160 sany mekdep we her mekdepden 42 okuwçy seçilip alynýar. Barlagda ulanylýan kitapçadaky soraglar hat-sowat, matematika we ylym (fizika, biologiýa, himiýa) bölümlerinden ybarat. Her bolüm tekstler, tablisalar we grafika ýaly materialdan we soraglardan. Gatnaşyjylra bu soraglara jogap bermek üçin iki sagat wagt aýrylýar. Mundan başga-da, okuwçylara maşgala durmuşunyň we okuwlarynyň dürli taraplary, şol sanda garaýyşlary, islegleri we okuw strategiýalary barada düzülen aýratyn soraglardan anketa berilýär.
Ilkinji PISA tapgyrynda, 2000-nji ýylda, OECD ýurtlary üçin ortaça bal 500-e bellendi. Häzirki wagtda hat-sowat üçin 487 bal, matematika we ylym üçin 489 bal ölçegi kesgitlenildi.
PISA netijeleri nämäni görkezýär?
Barlaglar geçirilenden soň, PISA hünärmenleri maglumatlary ýygnaýar we şol netijeleri ýurtlary “bahalandyrmak” üçin anyk görkezijilere öwürýärler. Ýurt ýokary bal gazansa, bu ýurtda diňe bir üstünlikli bilim ulgamynyň bolman, eýsem ähli okuwçylar üçin adalatly we deñ hukuklar esasynda gurnalan bilim ulgamynyň işleýändigini görkezýär. Gözleg okuwçylaryñ çalt üýtgeýän dünýäde ukyplaryny ulanmaga we uýgunlaşdyrmaga taýýarlaýan milli bilim ulgamlarynyň nähili işleýändigini giňişleýin seljerýär.
Haýsy ýurtlar 5-lige girýär? Näme üçin?
2018-nji ýylda geçirilen iň soňky PISA gözlegine, 79 ýurtdan takmynan 32 million 15-ýaşly çagalara wekilçilik edýän 600,000 okuwçy gatnaşdy. Gatnaşyjy ýurtlaryñ arasynda Hytaý orta hasap bilen 578.6 bal toplap birinji oruny eýeledi. Ikinji we üçünji oruny eýelän Singapur we Estoniýa yzygiderli 556.3 we 525.3 bal topladylar. Olaryň yzyndan Kanada we Finlýandiýa 516.6 we 516.3 ballar bilen bäşlige girmäni başardy. Ýokarda ady sanalan ýurtlar adam kapitalynyň gymmatyna düşünýän we döwrebap bilim syýasatlaryny durmuşa geçirmäge synanyşýanlygy sebäpli ilkinji bäşlige girdiler. Maliýe nukdaýnazaryndan bu ýurtlar JIÖ paýynyň 3-6% göterimini bilim pudaklaryna harj edýärler sebäbi bilime näçe köp maýa goýulsa, şonça-da bilim we sowatlylyk görkezijilerini gowulaşdyrmak üçin mümkinçilik döreýär. Ýokardaky ýurtlara ýene bir mahsus alamat olaryñ bilim ulgamlarynyñ belli bir derejede merkezleşdirilen bolmagy we bilim ösüşiniň wektory Bilim Ministrliginiň gymmatlyklaryna laýyk amala aşyrylmagydyr.
Merkezi Aziýa
PISA barlaglaryna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sanawyndan diňe Gazagystan gatnaşýar. Gazagystan PISA-a 2009-njy ýylda gatnaşyp başlady we dördünji gezek 2018-nji ýylda geçirilen soňky barlaga gatnaşdy. Geçirilen PISA netijelerine görä ýurduň görkezijileri 2009-njy ýyldan bäri gowulaşandygyny, ýöne 2018-nji ýylda pese gaçandygyny görkezýär. Gazagystan üçin okuwçylaryň hat-sowat, matematika we ylmy sowatlylyk boýunça 387, 423 we 397 bal gazanyp, gatnaşyjy ýurtlaryñ arasynda 69-njy oruny eýeledi. Bu görkezijiler gazagystanly okuwçylarynyň köpüsiniň okan tekstini seljerip we düşünip bilmeýändigini görkezýär. Gazagystanyñ PISA-a goşulmagynyñ sebäbi bu gymmatly derňew görkezijileriniñ pes okuw we akademik öndürijilik çeşmelerini tapyp, olary nädip gowulandyryp boljakdygy barada aladalanmagydyr.
Näme üçin Türkmenistan gatnaşmaly?
Gynansagam, Türkmenistan PISA barlaglaryna hiç haçan gatnaşmady. Men Türkmenistanyň hem 2021-nji ýylda geçiriljek indiki PISA barlaglaryna aşakda getirilen sebäpler üçin goşulmalydyr diýip pikir edýärin.
- Bilim sistemamyz dünýä standartlaryndan yza galýar. PISA gözleginiñ netijeleri bilim sistemamyzy döwrebaplaşdyrmaga itergi berer. Bilimi döwrebaplaşdyrmak diýmek, jemgyýetiň zerurlyklaryna we mümkinçiliklerine laýyk gelmegini üpjün etmek diýmekdir. Bilim pudagyndaky ýagdaýa täsir edýän jemgyýetdäki esasy üýtgeşiklik bolsa, jemgyýetiň ösüş depgininiň tizlenmegidir. Şonuň üçin mekdep ykjamlyk (mobility), tankydy pikir we konstruktiwlik ýaly häsiýetleri ösdürip, okuwçylaryny özgerişlere taýýarlamaly. Döwrebap bilim ulgamy hünär uniwersalizmi, ýagny ugurlary we iş usullaryny üýtgetmek ukyby ýaly hil döretmeli.
- Soñky BMG we Dünýä Banky çeşmelerine görä Turkmenistan JIÖ paýynyň 3% göterimini bilim pudagyna gönükdirýär (2012-nji yyla gora). OECD ýurtlarynyň ortaça bilim çykdajylary bolsa JIÖ paýynyň 3.2% göterimini tutýar. Bu sanlar bir-birine ýakyn görünsede, OECD ýurtlarynyň we Türkmenistanyň JIÖ mukdary bilen bilim ulgamynyň standartlarynyň arasyndaky tapawut örän möhümdir. Mysal üçin, 2018-nji ýylyñ maglumatlaryna görä Norwegiýa, Daniýa we Finlýandiýa ýaly ilat sany deň bolan ýurtlaryň JIÖ mukdary 434 million, 355 million we 276 million dollara barabar bolup, Türkmenistanyň JIÖ mukdary 40 million dollara deňdir.
- Mundan başga-da, ykdysady azatlygymyzyñ häzirki pes derejesi PISA-a gatnaşmagyň ýene-de bir möhüm sebäbi. Döwrebap bilim we adam kapitaly bolmasa azat ykdysadyýet we ýokary durmuş derejesi üçin ýer bolmaz. Ýagny okuwçylaryň hat-sowat, matematika we ylym boýunça ukyplary ýurduň geljekdäki ykdysady saglygynyň we sosial abadançylygyň ygtybarly görkezijisidir. Başgaça aýdylanda, döwrebap mekdep ulgamy we ýokary hilli bilimi bolan ýurtlar sagdyn we durnukly ykdysadyýete eýe bolup biler, döwrebap bilimiň talaplaryny üpjün etmeýän ýurt bolsa ýaramazlaşýan ykdysady ýagdaýlara kaýyl bolup ýaşamaly bolar.
Çeşmeler:
- OECD. PISA.
- OECD. “PISA 2018 Results. Combined Executive Summaries.”
- Nurbaev, Z. (2020). “Why Did Kazakhstan Fail The International PISA Assessment?”, Central Asian Bureau for Analytical Reporting.
- Clement, V., Kataeva, Z. (2018).“The transformation of Higher Education in Turkmenistan: Continuity and Change”
- Corradini, M., Dergunova, I. (2015). “Туркменистан. Обзор системы профессионального образования и обучения и рынка труда.”, ETF.
- UN. UNESCO. Turkmenistan education expenditure.
- World Bank. Turkmenistan education expenditure.
- IES. NCES. National Center for Education Statistics.
- IMF. Countries’ GDP amount.
- The Heritage Foundation. 2021 Index of Economic Freedom.
Instagram: @turkmenfakt
Twitter: @turkmenfacts