Progres.Online

Türkmenistanyň metan zyňyndylary

Ýakynda, Zoï Environment Network Merkezi Aziýa ýurtlarynyň metan zyňyndylaryny seljerýän “Merkezi Aziýada metan: zyňyndylar, tendensiýalar, çäreler ” atly hasabaty çap etdi. Hasabat her ýurtdyň zyňyndy çeşmelerine, energiýa pudagyndaky we tebigy gaz bazarlaryndaky tendensiýalara syn berýär we geljekde zyňyndylary azaltmaga ýardam etjek maslahatlary belleýär.

Metan tebigy gazyň esasy düzümi bolup, kuwwatly parnik gazydyr. Ýakylan metan, beýleki gazylyp alynýan ýangyçlar bilen deňeşdirilende klimaty ýylatma potensialy az. Emma, atmosfera zyňylan çig metanyň kömürtuşy gazyna seredende klimaty ýylatma güýji 30 esse köp.

Hasabata görä, Gazagystan parnik gazlarynyň zyňyndylary boýunça Merkezi Aziýada ilkinji orunda bolup, ýurduň zyňyndylaryna syzmalar, energiýa üçin peýdalanylýan we peýdalanylmaýan kömür, nebit we tebigy gaz degişli. Türkmenistan zyňyndylar babatda ikinji ýerde. Zyňyndylaryň mukdary uzakdan gözegçilik ediji enjamlaryň (meselem, sputnik suratlary)  çaklamalaryna we ýurduň 5.8 million ilat sanyna, resmi berilen statistika esaslanýar.

Görkezijiler

Türkmenistanyň ýyllyk zyňyndylary 65-75 million tonna kömürtuşy gazyna (CO2) barabar. Bu bolsa adam başyna 10-12 tonnadan düşýär. Aglabasy tebigy gaz önümçiliginden we syzmalaryndan çykýan metan zyňyndylary,  umumy zyňyndylaryň ýarysyny emele getirýär, ýagny 27-35 million tonna CO2. Uzakdan gözegçilik ediji enjamlaryň maglumatlary, Türkmenistandaky käbir gaz gysyjy stansiýalaryndan uly möçberde metanyň syzýanlygyny (sagatda 10-40 tonna ýa-da ýylda 150 000 tonna) görkezýär.

Türkmenistanyň içerki gaz sarp edişi ýylda 14-20 milliard m3 diýlip çaklanylýar. Onuň ýarysy elektrik we ýylylyk öndürmek üçin, şeýle hem nebithimiýa pudagynda ulanylýar.

Çeşme: Zoï Environment Network, Methane in Central Asia, 2022

Hasabatyň awtorlaryna görä, syzmalaryň doly öňi alynsa, Türkmenistanyň energiýa we senagat pudagynyň zyňýan parnik gazlarynyň mukdary has azalyp biler. Ähli gazylyp alynýan ýangyçlara seredeniňde ýakylan tebigy gaz iň pes derejede zyňyndy çykarýar. Şol sebäpli, kömür ulanýan Gazagystanyň we Özbegistanyň zyňyndylaryndan Türkmenistanyň zyňyndylary örän az bolup bilerdi.

Awtorlaryň zyňyndylary azaltmakda hökümetlere maslahatlary:

  • Energiýalary döwrebap standartlara laýyklykda netijeli ulanmak;
  • Metan syzmalaryna gözegçilik etmek;
  • Syzmalary azaldýan çäreler arkaly metanyň syzmasyny kemeltmek.

Sitata: “Global metan zyňyndylary kartasynda Türkmenistan köplenç gyzyl reňkde görünýär. Ýurduň ägirt uly gaz gorlary, ýokary derjede önümçilik we gaz çykarylýan ýataklardan, gysyjy stansiýalardan, turbageçirijilerden köp mukdarda syzmalar metanyň çendenaşa zyňylmagyna goşant goşýar.  Ýurt energiýa we senagat pudagyny döwrebaplaşdyrmak üçin ädim ätýärkä, gaz önümçiligi  we metan zyňyndylary artmagy ahmal. Ykdysady we energiýa ösüşinden çykýan zyňyndylary aýyrmak klimatyň üýtgemeginiň öňüni almagyň esasy maksadydyr”.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: