2021-nji ýylyň Dünýäde adam söwdasy hasabatyna hökümetiň programmalarynda adam söwdasy, döwlet lukmançylyk hyzmatlarynda ýa-da beýleki pudaklarda adam söwdasy we mejbury zähmet, hökümet tarapyndan dolandyrýlýan lagerlerde jynsy gulçulyk we çaga esgerlerini ulanýan 11 sany hökümet girizildi: Owganystan, Birma, Hytaý, Kuba, Eritreýa, Demirgazyk Koreýa, Eýran, Russiýa, Günorta Sudan, Siriýa we Türkmenistan
Hasabata görä, Türkmenistanyň hökümeti adam söwdasyny ýok etmeginiň iň pes halkara standartlaryna laýyk gelmeýär we bu ugurda tagalla etmeýär.
Möhüm tagallalaryň ýokdugyna garamazdan, hökümet adam söwdasyna garşy göreş kampaniýalaryna gatnaşmagy, pagta hasylyny mehanizirlemek üçin enjamlary satyn almaklygy dowam etdirmek bilen bir hatarda adam söwdasyna garşy göreşmekde käbir çäreleri gördi.
Şeýle-de bolsa, hasabat döwründe hökümet syýasatynda mejbury zähmet ulanyldy. Hökümet her ýyl pagta hasylynda, jemgyýetçilik işlerinde we ýurduň käbir etraplarynda uly adamlary we çagalary mejbury zähmet üçin mobilizlemegi dowam etdirdi. Hökümetiň halkara, garaşsyz gözegçilik missiýalarynyň ýurda gelmegine ýüz öwürmegi we pandemiýa bilen baglanyşykly çäklendirmeler pagta hasylyna berk gözegçilik etmegiň öňüni aldy. Bu tendensiýalara garamazdan, hökümet emeldarlary mejbury zähmet jenaýatlaryna gatnaşandygy üçin hiç hili jogapkärçiligi çekmedi.
Hökümet derňewler, kazyýet işi ýa-da iş kesmek barada hiç hili maglumat bermedi, pidalaryň bardygyny anyklamady; pidalary goramak boýunça kanuny düzgünleri ýerine ýetirmedi we pidalara kömek bermek boýunça maksatnamalaryny maliýeleşdirmedi.
Gepiň tümmegi:
Türkmenistanlylaryň ten we adam söwdasyna uçraýan ýurtlary: Azerbaýjan, Russiýa, Gazagystan, BAE we Türkiýä.
Jezalandyrma: Häkimiýetler haýsydyr bir kazyýet işi ýa-da adam söwdasyna baş goşanlara iş kesilenligi barada habar bermediler (2019-njy ýylda bir kazyýet işi, 2017-nji, 2016-njy we 2015-nji ýylda üç kazyýet işi we 2015-nji ýylda dokuz işi barada hasabat beripdi).
Pidalar: Häkimiýetler yzygiderli eýýäm ikinji ýyl (2018-nji ýylda sekiz pida, 2017-nji ýylda 11 we 2016-njy ýylda 11 adam) adam söwdasynyň pidalaryny, sanlaryny anyklamadylar. Hökümet bilen ýakyndan işleýän halkara guramasy daşary ýurtlarda ýüze çykarylan 18 türkmenistanly pidasyna, şol sanda 13 sany aýal-gyzlara kömek edýändigini habar berdi (2019-njy ýylda 12 aýal we 12 erkek adam pidalary). Bularyň näçesiniň çagalardygy belli däl we olaryň başdan geçiren ekspluatasiýanyň görnüşleri barada maglumat berilmedi. Aşgabatda we Türkmenabatda halkara guramasy tarapyndan ýöredilýän telefon liniýasyna gelen 7,748 jaňy göz öňünde tutsak, pidalaryň umumy sanynyň ep-esli köp bolmagy ähtimal, emma hasabat döwründe bu jaňlaryň üsti bilen hiç bir pida resmi taýdan anyklanylmady.
Gyzgyn liniýa: Ne hökümet, ne-de Türkmenistandaky halkara guramalary adam söwdasy barada habar bermek isleýän, adam söwdasynyň pidalaryna niýetlenen gyzgyn liniýasy barada maglumaty ilat arasynda ýaýratmadylar.
Gaçybatalga: Ýurtda halkara guramalarynyň maliýeleşdirmeginde ýekeje gaçybatalga bar. Gaçybatalga (shelter) pandemiýa döwründe işleýän hem bolsa, hyzmatlaryndan peýdalanan pidalaryň sany barada hiç hili maglumat ýok (2019-njy ýylda bäş zenan we 2018-nji ýylda ýedi zenan pidalar ýüz tutupdy).
Adalatsyz çemeleşme: Öňki ýyllarda adam söwdasynyň pidalary beýleki ýurtlardan Türkmenistana deportasiýa edilipdi we Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy soňra olaryň bäş ýyla çenli möhlet bilen Türkmenistandan çykmagyny gadagan etdi. Raýat jemgyýeti bu ýöwus jeza çäresi käbir türkmenistanly adam söwdasynyň pidalarynyň başdan geçirenlerini gorkup, hökümete aýtmagynyň öňüni aldy diýip hasaplaýar.
СOVID-19 we adam söwdasy: Häkimiýet pandemiýa bilen baglanyşykly jemgyýetçilik saglygy goraýyş çäreleri hökmünde girizilen ýurda giriş gadagançylygynyň we serhetleriň ýapylmagynyň netijesinde ýurtdan gidýän türkmenistanly raýatlarynyň sanynyň 99 göterimden gowrak azalandygyny bellediler. Bir halkara gurama görä, bu çäklendirmeler türkmenistanlylaryň gizlin, bikanun ýollar bilen adam söwdasynyň ýaýran ýurtlaryna göçmegini hasam höweslendirip biler.
Türkmenistanyň raýatlygy: Hökümet esasan öňki sowet ýurtlarynyň raýatlaryna Türkmenistanyň raýatlygyny bermegini dowam etdirdi; 2020-nji ýylda häkimiýetler şahsyýetleriň 2580-sine, 2019-njy ýylda 863-sine we 2018-nji ýylda 735-sne raýatlyk berdi.
Döwlet mejbury zähmeti dowam etdirýär. 2016-njy ýylda we ýene-de 2020-nji ýylda Halkara zähmet guramanyň (ILO) bilermenler komiteti Türkmenistanyň pagta pudagynda mejbury zähmetiň dowam etdirilýändigini belläp geçdi.
Ten söwdasy: Hökümet diplomatlara we konsullyklaryň işgärlerine 2020-nji ýylda adam söwdasyna garşy okuw berýändigi barada hasabat bermedi. Hökümet ýurtda ten sowdasyna bolan islegi azaltmak üçin tagalla etmedi.
Öýsüzler we mejbury zähmet: Habarlara görä, polisiýa öýsüz-öwzarsyz adamlary köçeden aýyryp we soňundan olar oba hojalyk işlerine iberilýär ýa-da hukuk goraýjylaryň we olaryň tanyşlarynyň rezidensiýalarynda hyzmatkär hökmünde ýerleşdirilýärler.
LGBTQI: Erkekleriň arasynda razyçylykly jynsy gatnaşyklaryň jenaýatlaşdyrylmagy Türkmenistanyň LGBTQI toparlarynyň käbir agzalaryny polisiýanyň hyýanatçylykly ulanmagyna, talanma we zorlanma howpuna sezewar edýär. Giňden ýaýran sosial stigma we LGBTQI adamlara garşy diskriminasiýa, jyns söwdasyny we maşgala tarapyndan girizilýän mejbury nikalary artdyrýar.
Türkmenistanly talyplar: Hökümetiň banklaryň hyzmatlaryna girizen çäklendirmeleri, syýahat çäklendirmeleri bilen birlikde, pandemiýa döwründe daşary ýurtda galan türkmenistanly talyplaryň arasynda ten söwdasyny ýa-da zähmet ekspluatasiýasy töwekgelçiligini ýokarlandyryp biler.