Progres.Online

Palaw Indeksi Iýul – Sentýabr / 2026

Çärýekleýin Hasabat (Iýul-Sentýabr 2026): Palaw Bahalary 70% Gymmatlady.

2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde palaw taýýarlamagyň ortaça bahasy 129.7 Türkmen manadyna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäki, ýagny 2025-nji ýylyň sentýabr aýyndaky 76.3 manat bilen deňeşdirilende 69.9% ýokarydyr. Şeýle hem, geçen çärýekdäki, 2026-njy ýylyň iýunyndaky 91.4 manat bilen deňeşdirilende, 41.8% ýokarlandy.

Bu hasabat palaw ingredientleriniň bahalaryny aýlyk däl-de, çärýekleýin esasda yzarlaýar. Öňki hasabat 2026-njy ýylyň iýunyndaky bahalary öz içine alan bolsa, häzirki hasabat bolsa 2026-njy ýylyň sentýabr aýyndaky bahalary seljerýär.

Aşgabatda esasy önümleriň ýyllyk bahasyndaky üýtgeşmeler

2026-njy ýylyň sentýabrynda palaw bahalary ýyllyk derejede hem artyş, hem-de peseliş görkezdi.

  • Artyş: iň ýokary derejede sygyr etiniň bahasy ýyldan ýyla 100% gymmatlady. Şeýle hem tüwiniň bahasy 47.7%, käşir 11.6% we gübebakar ýagynyň bahasy üýtgemedän galdy.
  • Peseliş: soganyň bahasy 9.9% we bugdaý uny 5.8% arzanlady (Netije 1 seret).

Sygyr etiniň bahasy ýorkarlanmagyna dowam edýär

Aşgabatda sygyr etiniň bahasy 2025-nji ýylyň iýun aýyndan bäri yzygiderli ýokarlanýar. Bu ýagdaý, esasan, Ahal welaýatynda iri şahly mallaryň köp mukdarda gyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Gurakçylyk, ot-iým ýetmezçiligi we keseller haýwanlaryň heläk bolmagyna getirip, et üpjünçiligine ýaramaz täsir etdi. Netijede, etiň bahasy 2026-njy ýylyň sentýabrynda 160 manada ýetdi we geçen ýylyň şol bir wagtynda bolsa iki esse arzandy, ýagny 80 manatdy.

Zähmet haklarynyň ýokarlanmagy palaw üçin ýeterlikmi?

Türkmenistanda her ýylda aýlyklar 10% artdyrylýardy, emma 2026-nji ýylda bu amal bes edildi. 2025-nji ýylda iň pes zähmet hakynyň möçberi 1410 manat bolupdy. Palaw Indeksindäki bahalar sentýabr 2025 – sentýabr 2026 arasynda ortaça 29.2% ýokarlandy. Bu bolsa Palaw Indeksindäki artyşyň aýlyklardan has ýokary depginde ýokarlanýandygyny görkezýär.

FAO Indeksine Görä Dürli Kategoriýalarda Halkara Bahalaryndaky Üýtgeşmeler:

  • FAO Ösümlik Ýagy Bahalarynyň Indeksi 2026-njy ýylyň sentýabrynda ýyllyk hasapda 18.3% ýokarlandy.
  • FAO-nyň Galla Önümleri Indeksi bugdaýyň we beýleki däne önümleriň bahasyny öz içine alýar we ýyldan-ýyla 17.2% artdy. Halkara bugdaý bahalary 6.3% ýokarlanyp, 2023-nji ýylyň awgust aýyndan bäri iň ýokary derejesine ýetdi.
  • FAO Tüwi Indeksi sentýabrda 1.4% galdy, sebäbi howa şertleri we möwsümleýin üpjünçilikleriň azalmagy sebäpli Indica tüwileriniň kotirowkalary ýokarlandy.
  • Şol bir wagtyň özünde, FAO Et Bahalarynyň Indeksi bolsa degişli döwürde üýtgeşmesiz galdy.

Metodologiýa

Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Bahalaryň hemmesi hususy dükanlardan ýygnalan. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.