2026-njy ýylyň iýun aýynda Aşgabat şäherinde palaw taýýarlamagyň ortaça bahasy 91.4 Türkmen manadyna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäki, ýagny 2025-nji ýylyň iýun aýyndaky 70.7 manat bilen deňeşdirilende 29.4% ýokarydyr. Şeýle hem, geçen çärýekdäki, 2026-njy ýylyň martyndaky 81.2 manat bilen deňeşdirilende, 12.6% ýokarlandy.
Aýlyk baha üýtgemeleriniň durnuklaşanlygy sebäpli, şu hasabatdan başlap, palaw ingredientleriniň bahalaryny aýlyk däl-de, çärýekleýin esasda yzarlap başlarys. Öňki hasabat 2026-njy ýylyň martyndaky bahalary öz içine alan bolsa, häzirki hasabat bolsa 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky bahalary görkezýär. Hasabatlaryň ýygylygynyň üýtgedilendigine garamazdan, esasy seljermämiz ýyllyk bahalaryň üýtgemelerine gönükdirilmegini dowam etdirer we 2025-nji ýylyň iýun aýyndaky bahalary 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky bahalar bilen deňeşdireris.
Aşgabatda esasy önümleriň ýyllyk bahasyndaky üýtgeşmeler
2026-njy ýylyň iýunynda palaw ingredientleriniň bahalary hem artyş, hem-de peseliş görkezdi.
- Artyş: iň ýokary derejede tüwiniň bahasy ýyldan ýyla 47.1% gymmatlady. Munuň yz ýany sygyr etiniň bahasy 39.5% we gübebakar ýagy 2.3% gymmatlady (Netije 1 seret).
- Peseliş: soganyň bahasy 31%, bugdaý uny 6.2% we käşiriň bahasy 0.5% arzanlady.
Sygyr etiniň bahasy ýorkarlanmagyna dowam edýär
Aşgabatda sygyr etiniň bahasy 2025-nji ýylyň iýun aýyndan bäri yzygiderli ýokarlanýar. Bu ýagdaý, esasan, Ahal welaýatynda iri şahly mallaryň köp mukdarda gyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Gurakçylyk, iýmit ýetmezçiligi we keseller haýwanlaryň heläk bolmagyna getirip, et üpjünçiligine ýaramaz täsir etdi. Netijede, etiň bahasy 2026-njy ýylyň iýunynda 100 manada ýetdi we geçen ýylyň şol bir wagtynda bolsa 71.7 manatdy.
Aýlyk zähmet haklarynyň ýokarlanmagy palaw üçin ýeterlikmi?
Türkmenistanda her ýylda aýlyklar 10% artdyrylýardy, emma 2026-nji ýylda bu amal bes edildi. 2025-nji ýylda iň pes zähmet hakynyň möçberi 1410 manat bolupdy. Palaw Indeksindäki bahalar iýun 2025 – iýun 2026 arasynda ortaça 23.5% ýokarlandy. Bu bolsa Palaw Indeksindäki artyşyň aýlyklardan has ýokary depginde ýokarlanýandygyny görkezýär.
FAO Indeksine Görä Dürli Kategoriýalarda Halkara Bahalaryndaky Üýtgeşmeler:
- FAO Ösümlik Ýagy Bahalarynyň Indeksi 2026-njy ýylyň iýunynda ýyllyk hasapda 23.3% ýokarlandy. Munuň sebäbi palma we raps ýagynyň bahalarynyň ýokarlanmagy, şol bir wagtyň özünde günebakar ýagynyň bahalarynyň durnukly bolmagydyr.
- FAO-nyň Galla Önümleri Indeksi bugdaýyň we beýleki däne önümleriň bahasyny öz içine alýar we ýyldan-ýyla 2.7% artdy. Bu bolsa bol hasyla garaşylmagy we dünýä boýunça üpjünçiliginiň ýokary bolmagy bilen baglanyşyklydyr.
- FAO Tüwi Indeksi iýunda 3.2% galdy. Bu bolsa Aziýanyň Indica tüwisine bolan isleginiň güýçlenmegi, şol bir wagtyň özünde howa şertleri we önümçiligiň, ulag we marketing çykdajylarynyň ýokarlanmagy bilen düşündirilýär.
- Şol bir wagtyň özünde, FAO Et Bahalarynyň Indeksi bolsa 4.0% ýokarlandy. Bu ýagdaý dünýä derejesinde islegiň berk bolmagy bilen düşündirilýär.
Metodologiýa
Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Bahalaryň hemmesi hususy dükanlardan ýygnalan. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.






