Hökümete ýakyn duran “Aýdyň gijeler” kompaniýasy Eswatini üçin 1,5 million sany milli şahsyýetnama kartlaryny hem-de 500 müňden gowrak biometrik pasportlary öndürer we ýurda iberer.
Resminamalaryň öndürilmegi üçin häzirki zaman kriptografik we biometrik tehnologiýalary ulanylar. “Aýdyň Gijelere” Eswatini Patyşalygynyň çäginde 4 gektar ýer bölünip berler.
Türkmenistanyň raýatlary daşary ýurt konsullyklarynda möhleti geçen we möhleti gutarýan biometrik pasportlaryny täzeläp bilmeýärler. Bu syýasat halkara guramalary tarapyndan berk tankyt edilýär. Adamkärçiliksiz, awtoritar syýasat Türkiýe, Russiýa we beýleki ýurtlarda ýaşaýan ýüzlerçe müň türkmenistanly raýaty üçin ägirt uly kösençlikleri döredýär. 2025-nji ýylda Zenewada eden çykyşynda Wepa Hajiýew, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili şeýle diýdi: “Türkmenistanyň raýatlaryna biometrik pasportlary bermek üçin uly tehniki we maliýe serişdeleri zerur. Bu döwlet üçin goşmaça ýük bolar”.





