Progres.Online

Adalatçy täze hasabatynda ýaşaýyş jaý meselesi barada

Geçen ýyl Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili, Adalatçynyň edarasyýaşaýyş jaý meselesi bilen baglanyşykly ilatdan 111 sany arzany alypdyr: olaryň 66-sy ýazmaça, 45-si bolsa dilden ýuz tutupdyr.

Ýazyp iberilen 66 arzanyň diňe üçüsi arzaçylaryň peýdasyna çözüldi.

Hasabatda ilatyň ýaşaýyş jaýa elýeterliligi döwlet edaralaryň üns bermegini talap edýän iň möhüm meseleleriň biri hökmünde görkezilýär.

Welaýatlarda geçirilen raýatlary kabul ediş konsultasiýada ýaşaýyş jaýlary bilen baglanyşykly meseleler soraglaryň uly bölegini düzdi: Balkanda 28%, Lebapda 22,5% we Maryda 37,5%.

Raýatlar tarapyndan gozgalan esasy meseleler diňe bir ýaşaýyş jaýyny satyn almak bilen däl, eýsem beýleki ugurlar bilen hem baglanyşyklydyr:

  • Ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak:  Bu mesele boýunça dört sany ýazmaça arzlar bilen ýüz tutuldy.
  • Hususy gurluşykçylar tarapyndan gurluşygyň tamamlanmagynyň gijikdirilmegi, şeýle hem içerki bezeg işleriniň hiliniň pesligi bilen baglanyşykly ýagdaýlar hasaba alyndy (meselem, Ahal we Daşoguz welaýatlarynda).
  • Infrastruktura: Ipoteka maksatnamalary boýunça gurlan täze, ilatly ýerleriň we jaýlaryň ýaşaýjylary agyz suwunyň, gazyň we elektrik energiýasynyň ýoklugyndan ýa-da kesilip berilmeginden, şeýle hem ýerli ýollaryň ýaramaz ýagdaýyndan şikaýat etdiler.
  • Goňşular bilen jedeller: Mysal üçin, Mary welaýatynda umumy howluda gurlan rugsatsyz, beýleki ýaşaýjylara päsgel berýän gurluşyk barada şikaýata seredildi.  
  • Arkadag şäherinden 59 adam jaýlary bilen baglanyşykly sud kararlaryna garşy dört arzany  iberdi.

Ýaşaýyş jaý meselelerini ulgamlaýyn çözmek üçin Adalatçy şulary teklip etdi:

  1. Ýaşaýyş jaýa garaşylýan sanawlara gözegçiligi güýçlendirmeli we hasaba alnan raýatlara maglumatlary aç-açan bermeli.
  2. Işiň hiline we möhletlere eýerilmegine gözegçilik etmek arkaly hususy gurluşyk  kompaniýalaryň jogapkärçiligini ýokarlandyrmaly.
  3. Ýerli häkimiýetlerden täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny zerur infrastruktura (suw, gaz we elektrik üpjünçiligi, şeýle hem ýollar) bilen üpjün etmek üçin has jogapkärli çemeleşmäni kabul etmeklerini talap etmeli.

2025-nji ýyl boýunça Türkmenistanda Adam hukuklary
boýunça ygtyýarly wekili – Adalatçynyň hasabaty