Mart 2026: Palaw Bahalary 19% Gymmatlady.
2026-njy ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde palaw taýýarlamagyň ortaça bahasy 81.2 Türkmen manadyna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäki, ýagny 2025-nji ýylyň mart aýyndaky 68.2 manat bilen deňeşdirilende 19% ýokarydyr. Şeýle hem, 2026-njy ýylyň fewral aýyndaky 80.4 manat bilen deňeşdirilende, bahalar 0.9% ýokarlandy. Halkara azyk bahalaryna seretsek, FAO-nyň Azyk Bahalary Indeksi boýunça şol döwürde ýyllyk hasapda 1% artyş hasaba alyndy.
Aşgabatda esasy önümleriň ýyllyk bahasyndaky üýtgeşmeler
2026-njy ýylyň martynda palaw taýýarlamak üçin gerekli önümleriň bahalary hem artyş, hem-de peseliş bilen netijelendi.
- Artyş: iň ýokary derejede tüwiniň bahasy 34.2% gymmatlady. Munuň yz ýany sygyr etiniň bahasy 22.6% we käşir 9.6% gymmatlady.
- Peseliş: soganyň bahasy 22.2% we bugdaý uny 2.4% arzanlady (Netije 1 seret).
- Degişli döwürde günebakar ýagynyň bahasy üýtgemän galdy.
Sygyr etiniň bahasy ýorkarlanmagyna dowam edýär
Aşgabatda sygyr etiniň bahasy 2025-nji ýylyň iýun aýyndan bäri yzygiderli ýokarlanýar. Bu ýagdaý, esasan, Ahal welaýatynda iri şahly mallaryň köp mukdarda gyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Gurakçylyk, iýmit ýetmezçiligi we keseller haýwanlaryň heläk bolmagyna getirip, et üpjünçiligine ýaramaz täsir etdi. Netijede, etiň bahasy 2026-njy ýylyň martynda 85 manada ýetdi we geçen ýylyň şol bir wagtynda bolsa 69.3 manatdy.
Aýlyk zähmet haklarynyň ýokarlanmagy palaw üçin ýeterlikmi?
Türkmenistanda her ýylda aýlyklar 10% artdyrylýardy, emma 2026-nji ýylda bu amal bes edildi. 2025-nji ýylda iň pes zähmet hakynyň möçberi 1410 manat bolupdy. Palaw Indeksindäki bahalar mart 2025 – mart 2026 arasynda ortaça 20.4% ýokarlandy. Bu bolsa Palaw Indeksindäki artyşyň aýlyklardan has ýokary depginde artýandygyny görkezýär.
FAO Indeksine Görä Dürli Kategoriýalarda Halkara Bahalaryndaky Üýtgeşmeler:
- FAO Ösümlik Ýagy Bahalarynyň Indeksi 2026-njy ýylyň martynda ýyllyk hasapda 13.2% ýokarlandy. Bu bolsa Gara deňiz sebitinde üpjünçilikde dowam edýän kynçylyklar we dünýä energiýa bahalarynyň ýokarlanmagy bilen düşündirilýär.
- FAO-nyň Galla Önümleri Indeksi bugdaýyň we beýleki däne önümleriň bahasyny öz içine alýar we ýyldan-ýyla 0.6% artdy. Bu bolsa bol hasyla garaşylmagy we dünýä boýunça üpjünçiliginiň ýokary bolmagy bilen baglanyşyklydyr.
- FAO Tüwi Indeksi martda 3% peseldi. Bu bolsa hasylyň biraz peselmegi, import talabynyň pese gaçmagy we halkara walýutalarynyň ABŞ dollaryna garşy pese gaçmagy bilen baglanyşyklydyr.
- Şol bir wagtyň özünde, FAO Et Bahalarynyň Indeksi bolsa 8.0% ýokarlandy. Bu ýagdaý dünýä derejesinde islegiň berk bolmagy bilen düşündirilýär.
Metodologiýa
Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Bahalaryň hemmesi hususy dükanlardan ýygnalan. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.





