Progres.Online

Türkmenistanlylarda aladanyň ýoklugy durmuşdan lezzet almaklyga deň däl

Milli ykdysady gözleg býurosy (MYGB) 215 sany geografiki sebitiň Abadançylyk Reýtingini görkezýän hasabaty çap etdi. Hasabatda 2008-2017-nji ýyllar aralygyndaky Gallup World Poll we US Daily Tracker Poll maglumatlary ulanylypdyr. Reýtingde 164 ýurt, ABŞ-nyň 50 ştaty we Kolumbiýa okrugy bar.

Döwletleriň biri-biri bilen deňeşdirilende nä derejede eşretde ýaşaýandygyny kesgitlemek üçin abadançylyk derejesiniň ýurtlaryň adam başyna düşýän jemi içerki önümi (JIÖ) boýunça adaty hasaplama ýeterlik bolmaýar. Abadançylyk düşünjesine abadançylyga subýektiw garaýyşlar, ýagny adamlaryň özlerini nähili duýýandyklary, ýaşaýan ýeri, kimler bilen, näme edýändikleri, temperatura, gün şöhlesi, suw we ýaşyl gurşaw täsir edip biler.

MYGB reýtingi abadançylygyň 8 sany täsiriniň (4 pozitiw we 4 negatiw täsir) jemi boýunça hasaplanýar:

  • 4 pozitiw täsirler – durmuşdan kanagatlanmak, lezzet almak, ýylgyrmak we gowy dynç almak;
  • 4 negatiw täsirler – azap çekme, gamgynlyk, gahar we alada.

Reýtingde 8 sany täsirden peýdalanyp, jemleýji indeks hasaplanypdyr. Abadançylyk reýtingi boýunça Gawaý 1-nji we Yrak 215-nji orunda.  

Abadançylyk Indeksine görä, Türkmenistan 120-nji orunda bolup, Merkezi Aziýada iň erbet görkezijili ýurtdyr. Merkezi Aziýa döwletleriniň reýtingdäki ýerleri:

  • Özbegistan – 52;
  • Gazagystan – 82;
  • Gyrgyzystan – 92;
  • Täjigistan – 113;
  • Türkmenistan – 120.

Ýurtlaryň  abadançylyk derejesi pozitiw we negatiw täsirlere görä hasaplananda, döwletleriň reýtinginde ep-esli tapawut bar. Mysal üçin: Türkmenistanyň negatiw ölçegi 98-nji, pozitiw ölçegi bolsa 120-nji orunda durýar (1-nji tablisa serediň). Negatiw täsir nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň abadançylyk derejesi gowyrak. Bu Türkmenistanlylardan  abadançylygyny pozitiw sözler ulanyp beýan etmegi bilen deňeşdirelende negatiw sözleri ulanyp beýan edeninde has ýokary baha berýändiklerini aňladyp biler. Galybersede, ABŞ ýaly ösen ýurtlaryň köpüsi pozitiw täsirlere seredeniňde negatiw täsiri pes derejede.

Tablisa 1. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň pozitiw, negatiw we umumy reýtingi, 2008-2017ý

Mundan başga-da, Türkmenistan alada (9) ýaly negatiw görkezijilerde has ýokarky orunda, ýylgyrmak (204) we lezzet (135) ýaly pozitiw görkezijiler babatda has pes orunda. Aladanyň ýoklugy, Türkmenistanda adamlaryň ýylgyrýandyklaryny we durmuşdan lezzet alýandygyny aňlatmaýar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: