Progres.Online

Merkezi Aziýada maýa goýum mümkinçilikleri – Boston Consulting Group kompaniýasynda muňa nähili garaýarlar

Häzirki wagta çenli Merkezi Aziýanyň (Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan we Türkmenistan) ilaty 72 million adamdan geçdi, 2017-nji ýylda onuň içerki bazarynyň dolanyşygy bolsa 150 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Sebitiň ýurtlarynyň aglabasynda belli bir derejede maýa goýum ýagdaýy gowulandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler geçirilýär. Boston Consulting Group (BCG) kompaniýasynyň analitikleri geljekki 10 ýylyň dowamynda bu sebit 170 milliard amerikan dollaryna çenli göni daşary ýurt maýa goýumlaryny özüne çekmek mümkinçiligi eýeleýärler diýip hasaplaýarlar, olardan bolsa 40-70 milliard amerikan dollary çig mal däl pudaklaryna degişli bolup durýar. BCG-niň hünärmenleriniň pikirine görä, sebitiň esasy artykmaçlyklary makroykdysadyýet durnuklylygy, tebigy serişdeleriň uly ätiýaçlygy, uly içerki bazary we köp sanly işçi güýji bolup durýar. Muňa garamazdan, häzirki wagtda bar bolan göni maýa goýumlar gazyp alyş we çig mal pudaklarynda jemlenýärler. BCG halkara kompaniýasy işewürlik strategiýasynyň meseleleri boýunça öňde baryjy maslahatçy bolup durýar we dünýäniň 50 döwletinde iş edaralarynyň bütindünýä ulgamlary bar. Kompaniýanyň “Merkezi Aziýa maýa goýumlar: bir sebit, köp sanly mümkinçilikler” atly ýaýbaňlandyrylan hasabatynda sebitiň maýa goýumlyk ösüşinde yza galmagynyň sebäpleri, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmakda meseleler we sebitiň mümkinçiliklerini ýaýmagyň esasy töwekgelçilikleri we ýollary seljerilýär.

Ýakynlyk we meňzeşlik

Merkezi Aziýa döwletlerini umymy taryh we medeniýet birleşdirýär. Kompaniýanyň hasabatynda bellenilişi ýaly, bu medeniýetleriň umumylygy sebitiň bir kybaply sosial profilinde şöhlelendirilýär. Şeýle profil üçin şu aşakdaky esasy aýratynlyklar häsiýetlidir:

  • hökümet bilen jemgyýetiň arasyndaky ägirt uly aradaşlyk,
  • indiwidualizmiň pes derejesi (kollektiwizmiň haýryna bolan),
  • näbellilikden saklanmaga bolan okgunlyk.

Bu üç sany görkezijiler köp sanda sebitiň maýa goýum ösüşinde ep-esli yza galmagyny aýdyňlaşdyrýar. Sebitiň ilaty töwekgelçiliklere bolan pes derejeli çydamlylygy bilen tapawutlanýar we ösüş hem-de üstünlige okgunlygyň ýerine durnuklylygy saýlaýar.

Merkezi Aziýanyň döwletleriniň ykdysadyýetleriniň düzümi bir birine juda meňzeş. Ol ýurtlarda tebigy serişdeler esas bolup durýan gazyp alyş we çig mal pudaklary agdyklyk edýär. Mundan başga-da, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň arzan bahaly işçi güýji we agrosenagat potensialy ýaly birnäçe umumy artykmaçlyklary bar. Merkezi Aziýanyň bäş döwletleriniň ählisi dürli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň hasabyna köp maýa goýumlary özüne çekmäge çalyşýarlar. Emma, bu özgertmeleriň gerimi we düýplüligi ýurda baglylykda düýpli tapawutlanýar.

Emma şol bir wagtda – tapawutlylyk

Garaşsyzlygyny gazanandan soň, Merkezi Aziýanyň ýurtlary dürli-dürli derejede ösdüler. Gazagystanyň ykdysadyýeti öz goňşy döwletlerinden has öňe geçýär – ol ýerde sebitiň ilatynyň dörtden bir bölegi ýaşasa-da, häzirki wagtda sebitleýin jemi içerki önümiň 60%-den gowuragy onuň paýyna düşýär. Beýleki tarapdan, Täjigistanyň we Gyrgyzstanyň ykdysadyýetleri ösüşiň haýal derejeli gidişini görkezýärler we özleriniň işçi migrantlarynyň pul geçirmelerine gaty bagly bolup durýarlar. Sebitleýin jemi içerki önümde bu ýurtlaryň her haýsysynyň paýy 3%-den azyrak. Merkezi Aziýa döwletleriniň maýa goýum ýagdaýynda hem düýpli tapawutlylyklar bar. Olaryň maýa goýujylary üçin özüne çekijilik derejesinde hem güýçli tapawutlanýarlar. “Işewürligi ýöretmäniň” reýtinginde olaryň tutýan orny muňa şaýatlyk edýär. Şu wagtky özgertmeleriň depgini bu üzňeligi has-da ýokarlandyrmagy ähtimal. Gazagystanda we soňky wagtlar Özbegistanda bolup geçýän çalt özgerişler olaryň özüne çekijiligine düýpli täsirini ýetirýärler.

Mundan başga-da, sebitiň içindäki pes derejedäki ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy şeýle hem ýurtlaryň ösüşiniň derejesindäki ep-esli üzňeligi görkezýär. 2016-njy ýylda bäş ýurduň umumy eksportynyň 6%-den azyragy sebitiň içindäki söwdanyň paýynda düşdi. Sebitleýin söwda Gazagystandaky eksportyň umumy möçberiniň 5%-den azyragy, Özbegistanda 13% we Täjigistanda 1%-den azyrak bolup durýar.

Maýa goýumlar üçin has mümkinçilikli pudaklar

Häzirki wagta çenli Merkezi Aziýa maýa goýumlaryň iň köp bölegi çig mal pudaklaryna gönükdirilen – 59%. Telekommunikasýia, söwda, maliýe hyzmatlary ýaly beýleki pudaklara maýa goýumlaryň 9% töweregi düşýärdi. Bu bolsa eýýam umumydünýä derejelerinde ep-esli pes gelýär.

BCG-niň hasabaty Merkezi Aziýa sebitinde has köp maýa goýum potensialyna eýe bolýan 3 sany pudaklary tapawutlandyryp belledi: oba hojalyk önümleriniň gaýtadan işlenilmegi, nebithimiýa pudagy we syýahatçylyk. Bu pudaklar şu aşakdaky üç sany şertleriň esasynda saýlandy:

  • özgelere garanda häzirki wagtda bar bolan maýa goýumlaryň pes derejesi,
  • girmek üçin pes päsgelçilik,
  • Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri üçin pudagyň ileri tutulmasy.

Oba hojalyk önümleriniň gaýtadan işlenilmegi

Häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň ýurtlary gaýtadan işlenen önümleri has ýokary goşulan baha bilen öndürmäni, eýsem esasan oba hojalyk çig malyny eksport edýärler. BCG-niň barlag geçirijileriniň hasap edişine görä, Merkezi Aziýada oba hojalyk pudagynyň ösüşi üçin esasy böwetleriň biri netijesiz, sebitiň territoriýasynyň diňe çäklendirilen bölegini öz içine alýan tehnologiki taýdan könelen suwaryş ulgamlary bolup durýar. Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, sebitde suwarmak üçin ulanylýan suwuň ýitgisi 79%-e ýetýär. Könelen suwaryş ulgamlary şeýle hem topraklaryň mundan beýläk ýaramazlaşmagyna we şorlanmagyna getirýär. Öndürijiligiň ösmegi we suwarylýan oba hojalyk meýdanlarynyň giňeldilmegi üçin has döwrebap tehnologiýalara we suwaryş ulgamyna maýa goýumlar möhüm.

Şeýle hem, sebitde hasylyň 40%-ine golaýy saklanyşdan öňki we ondan soňky tapgyrlarda kämil ösmedik infrastruktura zerarly ýitgä sezewar bolýar. Hasyl ýygnaýyşyň we saklanyşyň döwrebaplaşdyrylmagy ýitgini azaltmaga ýa-da aradan aýyrmaga mümkinçilik bererdi. Gaplaýyş merkezleriniň ösdürilmegi gök önümleriň ýaramlylyk möhletlerini uzaltmaga we hilini ýokarlandyrmaga ýardam edip biler. Şeýlelik bilen, sebitde iri gaplaýyş merkezleriniň döredilmegi Merkezi Aziýa miweleri we gök önümleri goşulan baha bilen ekporta hödürlemäge mümkinçilik bererdi.

Gaýtadan işleýän edaralara fermerçilik hojalygyndan taýýar önüme çenli tapgyrlara maýa goýumlar möhüm. Oba hojalyk çig malynyň köpdürliligi maýa goýujylar üçin ýokaryrak baha bilen önümleri öndürmek üçin gaýtadan işleýän edaralaryň döredilmeginiň özüne çekiji mümkinçiligini açýar. Ykdysady ösüş nukdaýnazaryndan bu sebitiň gaýtadan işleýän pudaklarynyň önümleriniň möçberini artdyryp biljekdigini aňladýar.

Merkezi Aziýanyň et öndürilişe maýa goýumlary özüne çekmek üçin bäsdeşlige ukyply artykmaçlyklary bar. Orta maýa goýujylar üçin esasy potensial maldarçylykda, onuň içine mallaryň seleksiýasy we köpeldilende genetiki häsiýetlerini gowulandyrmak girýär. Iri maýa goýujylar üçin mal bakylýan meýdançalaryň, et kombinatlarynyň gurluşygy çygrynda we distrubisiýa kanallaryny gurnamakda mümkinçilikler açylýar.

Çig maly bolup durýan pagta we ýüň tekstiliň önümçiligi üçin mümkinçilikleri açýar. Häzirki wagtda pagta sebitiň ähli ýurtlarynda öndürilýär. Özbegistanda we Täjigistanda pagta ykdysadyýetde möhüm orny eýelemegini dowam edýär. Bu bolsa ilkinji çig mal önümçiliginden mata we egin-eşik önümçiligine çenli bolan zynjyrlaryň döredilmegine esaslandyrylýar. Şeýe hem bolsa, egin-eşikleriň dünýä bazarynda doly hukukly oýunçysy bolmak üçin has ysnyşykly hyzmatdaşlyk we maýa goýumlar zerur bolup durýar. Daşary ýurt kompaniýalar hiliň halkara standartlaryny girizip we dizaýn serişdelerini ösdürip bilýärler.

Nebithimiýa

Nebithimiýa senagaty – uly möçberli bazary we ýokary depginde ösüşi bolan ösüp barýan dünýä pudagydyr. Gazagystan we Özbegistan pudagyň diňe esaslaýyn derejesinde bäsdeşlige ukyply artykmaçlyklara eýe bolup durýarlar. Ýurtlaryň ikisinde hem köp möçberde arzan çig mal bar. Gazagystanda nebit-gaz çig maly Russiýa garanyňda takmynan 30% we Ýewropa Bileleşigine garanyňda bolsa 50% diýen ýaly arzan. Himiýa pudagnyň ugurlarynyň ösmegine esasy böwetler – esasy bazarlara bolan mümkinçiligiň kynçylykly logistikasy (diňe demir ýol arkaly), uly maýa goýumlaryň zerurlygy, marketing we satuw çygrynda pes derejeli baş çykmasy (kompetensiýasy), innowasiýalaryň ýeterlikli bolmadyk derejesinden ybarat bolup durýar.

Etilen we propilen önümçiligine nebithimiýa önümlerine bolan dünýä isleginiň paýy 50%-ne çenli düşýär. Polimere bolan dünýä isleginiň ösüşiniň çesmesi esasan-da ösüp barýan ykdysadyýetler bolup durýarlar. Mysal üçin, Hytaýyň paýyna dünýä isleginiň 30%-ine töweregi düşýär. Dünýä tejribesinde düzmünde 30%-den az bolmadyk etan bolan tebigy gazy gaýtadan işlemeklik netijeli hasap edilýär. Gazagystanyň we Özbegistanyň nebit-gaz serişdelerindäki etanyň özgeleriňkä garanyňda ýokary düzümi we şeýle hem olaryň arzanlygy bu ýurtlardaky nebithimiýa bolan maýa goýumlar üçin gowy mümkinçilikleri döredýär.

Syýahatçylyk

Soňky birnäçe onýyllyklarda syýahatçylyk dünýä ykdysadyýetiniň has çalt ösýän pudaklarynyň birine öwrüldi. Dünýä eksportynyň maddasy hökmünde syýahtçylyk himiki önümlerden we ýangyçdan soň, azyk senagatyny we maşyngurluşygyny öňläp, üçünji ýeri eýeleýär. Merkezi Aziýanyň syýatçylyk potensialy umuman durmuşa geçirilmedik bolup galýar. Bu pudaga sebitiň jemi içerki önüminň diňe kiçi paýy düşýär: ýurda baglylykda 1%-den 3%-e çenli.

Hytaýa we Russiýa bilen ýakynlygy meşhur syýahatçylyk ugry hökmünde Merkezi Aziýanyň potensialyny ýokarlandyrýar. Hytaý raýatlary ýylba-ýyldan syýahatçylyga öňküsinden hem has köp harajat edýän ýurt bolup durýar: 2017-nji ýyla hytaý syýahatçylarynyň çykdajylarynyň jemi 261 milliard amerikan dollary boldy, hytaý syýahatçylarynyň sany bolsa ýylda 135 milliona ýetdi. Sebitiň ähli künjeklerde rus diliniň bilinmegi Merkezei Aziýanyň Russiýadan we GDA ýurtlaryndan syýahatçylary özüne çekmeklikde ýene-de bir bäsdeşlige ukyply artykmaçlygy bolup durýar.

Sebitiň syýahatçylyk we ulag infrastrukturasyny ösdürmek üçin döwlet we hususy maýa goýumlar gerek. Sebitleýin infrastrukturany gowulandyrmak üçin eýýam käbir taslamalar durmuşa geçirilýär, emma ýene-de köp işleriň edilmegi gerek. Bu ugruň standartlary, aýratyn-da müşderilere hyzmat ediliş babatynda, pes we durnuksyz, hyzmat ediş serişdereleri bolsa ýeterlik derejede ösmedik bolup durýar. Myhmanhana, restoran, syýahatçylyk operatorlyk işewürligi, maglumat merkezleri we şuňa meňzeşler ýaly ykdysadyýetiň bu çygrynyň ähli ulgamlarynda maýa goýum mümkinçilikleri açylýar.

Merkezi Aziýanyň ýurtlary “Beýik ýüpek ýoly” makrougur hökmünde sebiti öňe sürüp syýahatçylykdan uly peýda gazanyp bilýärler. Emma munuň üçin sebitiň döwletleriniň arasynda has ysnyşykly hyzmatdaşlyk zerur bolup durýar. Birleşen milletler guramasyndaky Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň pikirine görä, “birnäçe ýurtlary bir ugur hökmünde öňe sürmek beýleki ýagdaýlarda bu ugra gelmeklik mümkinçiligini seretmezlik ähtimallygy bolan syýahatçylary çekmek netijeli we girdejili strategiýa bolup biler. Bu esasan-da bir saparda birnäçe ýurtlara baryp daş aralykdaky syýahatdan has köp peýda gazanmak isleýän alysda ýerleşýän daşary ýurtlardan gelýän syýahatçylar babatynda dogrudyr. Emma bu sebitleýin syýahatçylyk taslamany durmuşa geçirmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlaryna ulag gatnawyny ösdürmek, wiza almagyň şertlerini amatlaşdyrmak (“ýeketäk wiza” ulgamyny girizilmegine çenli) we bu syýahatçylyk ugruny bilelikde öňe sürmek (marketing we mahabat) üçin ähli umumy tagallalary etmek zerur bolup durýar.

Esasy töwekgelçilikler

Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlaryna maýa goýumlar ösen we ösüp barýan bazarlara maýa goýumlardan has ýokary töwekgelçikler bilen baglanyşykly bolup durýar. BCG-niň analitikleri şu aşakdaky üç sany esasy töwekgelçilikleri belläp geçdiler:

Syýasy gapma-garşylyklar. Ýurtlaryň arasyndaky çaknyşmalar ýa-da jedeller, mysal üçin suw serişdeleriniň bölünişigi barada jedeller, sebitiň umumy maýa goýum ýagdaýyna ýaramaz täsir edip bilýärler. Hyzmatdaşlygyň ýoklugy we Merkezi Aziýa respublikalarynyň arasyndaky ýiti bädeşlik proteksionistik ýa-da beýleki çäklendiriji çärelere getirip biler. Netijede, bu sebitleýin derejesinde maýa goýumlara böwet bolar.

Iri ykdysadyýetlere baglylyk. Sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýeti özgeleriňkä garanyňda kiçi möçberli we çig malyň birnäçe görnüşleriniň eksportyna bagly bolup durýarlar. Olaryň söwda dolanyşygy sebitiň daşynda birnäçe bazarlarda, esasan-da Hytaýda we Russiýada, jemlenen. Eksport maddasynyň köp bolmadyk sanyna baglylyk we söwda hyzmatdaşlarynyň çäklenen sany sebitiň ýurtlaryny daşky şok alamatlaryna ejiz edýär. Mundan başga-da, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ykdysadyýetleriniň agramly bölegi Russiýada işleýän işçi migrantlaryň pul geçirmelerine bagly bolup durýar.

Çig malyň üýtgäp durýan nyrhlary. Sebitiň ýurtlary tebigy serişdeleriň nyrhlaryna gaty bagly bolup durýarlar. Uglewodorodlar, altyn, mis we alýuminiý olaryň eksportynyň esasy maddasyny düzýärler. Dünýä biržalarynda bu serişdeleriň nyrhlarynyň ep-esli aşaklamasy bu ýurtlaryň ykdysadyýetine güýçli täsir edýär.

Sebitiň potensialyny açmagyň ýollary

BCG-niň barlag geçirijileriniň pikirine görä, häzirki günde sebitiň öňünde çig mal däl pudaklaryna tarap ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly ösüşiň ugruny üýtgetmekde mümkinçilik açýar. Munuň üçin infrastruktura taslamalaryna we geljegi uly çig mal däl pudagyny ösdürmegi üçin maýa goýumlar zerur bolup durýar. Sebitiň maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmagyň zerur şertleri bazar özgertmelerini dowam etdirmek we çuňlaşdyrmak, hem-de ysnyşykly sebitara hyzmatdaşlyk bolup durýar.

Hasabaty işläp taýýarlaýjylar Merkezi Aziýa döwletleriniň özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge eýermekleri üçin bäş sany ugry saýlap aýlarlar. Bu başlangyçlar sebitiň potensialyny has doly durmuşa geçirmäge we häzirki wagtda bar bolan maýa goýum potensiallary özüne çekmäge mümkinçilik berip bilerdi.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: