Progres.Online

Çaga üçin berilýän döwlet kömek pullary we pampers zerurlyklary

Türkmenistanly çaganyň aýda pampersine sowulýan pullar çaga üçin berilýän kömek pulundan azyndan iki esse köpdür. Ol nähili bolýar? Ine sanlar.

Türkmenportal saýtynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda ene-atalara döwlet tarapyndan berilýän çaga kömek pullarynyň iki görnüşi bardyr: birwagtlaýyn berilýän kömek puly we çaganyň 3 ýaşy dolýança her aýda berilýän kömek puly.

Çaga dogulanynda berilýän bir wagtlaýyn kömek puly:

1-nji we 2-nji doglan çaga üçin 460 manat;

3-nji çaga doglanda 885 manat;

4-nji we şondan soňky doglan çagalar üçin 1770 manat;

Çaganyň doglan gününden başlap 3 ýaşy dolýança her aýda berilýän kömek pulunyň mukdary bolsa 230 manat.

Pampersleriň bahalary

Biz Türkmenistanda iň uly online söwda portaly bolan gipertm.com saýtyndaky pampersleriň bahalaryna seretdik we pampersleri 2 sany kateroriýa böldük: ýaňy dogan bäbekler üçin pampersler we bir ýaşdan uly bolan çagalar üçin pampersler. Agramy 2-6 kg arasy bolan ýaňy dogan bäbekler üçin pampersleriň (Happix, Sleepy, Önlem, Turco, Gizmo) bahalary 1,83 manatdan başlap 2,8 manada çenli üýtgeýär. Ortaça bahasyny alyp 2,3 manat diýip hasaplalyň. Saýtdaky pampersler daşary ýurt markaly we ýerli öndürijileriň pamperslerinden diňe “SAP” firmasyndan pampers tapdyk we onuň bahasy 9-16 kg agramly bolan çagalar üçin 2.9 manat.

Täze doglan bäbegiň zerurlyklary

Täze doglan bäbeklerde bir güniň dowamynda her 2-3 sagatdan pampersleri çalyşmak maslahat berilýär we ABŞ-da günde 6-10 gezek pampers çalşyrylýar. Bu ýerden hem ortaça san çykaryp günlik 8 pampers ulanylýar diýeli we hasabymyzy şoňa görä çykaraly. Günlik 8 pampers 1 aýda 240 (8 x 30) sanakdan ybarat bolýar we 240 bir pampersiň bahasy bolan 2,3 manada köpeltsek 552 manada deň bolýar. Ýagny, çaganyň diňe pampersine sowuljak pul aýlyk 230 manat berilýän çaga pulundan 2.4 esse köpdür.

Bäbek doglansoň bir ýaşaýança ortaça 2500-3000 sany pampers ulanylýar we bu ýerden hem 2750 diýip ortaça san alalyň. 2750-ni bir pampersiň bahasy bolan 2,3 manada köpeltsek 6325 manada deň bolýar. 1 ýylda alyp boljak 230 manat çaga kömek pulynyň mukdaryny 12 aýa köpeltsek 2760 manat çykýar. Onuň üstüne çaga dogulanynda berilýän birwagtlaýyn 460 manady hem goşsak, 1 ýyllyk döwlet kömek puly 3220 manada deň bolýar. Ýagny, 1 ýylda diňe çaganyň pampersine sowuljak pul (6325 man) döwlet tarapyndan berilýän kömek pulundan (3220 man) 2 esse köpdür.

Bir ýaşdan uly bolan çaganyň zerurlyklary

1 ýaşdan uly bolan çagalar üçin pampersleriň bahalaryna seretdik we giper.tm saýdynda iň arzan pampers 2,85 manat we iň gymmady bolsa 4,6 manat eken. Bu ýerden hem 3,7 manat diýip ortaça bahany çykaraly. Hasaplamalara görä, çaga 2-3 ýaşaýança günlik ortaçe 4-6 sany pampers ulanylýar. Bu ýerden biz çaga günlik 4 sany pampers gerek diýip hasaplaly we ony 1 pampersiň ortaça bahasy bolan 3,7 manada köpeldip, 14,8 manat çykardyk. Bu bolsa 1 aýda 444 manada deňdir. Ýagny, çaganyň diňe pampersine sowuljak pul aýlyk 230 manat berilýän çaga pulundan 1.9 esse köpdür.

Aýdaly, Jeren gelnejäniň 2 sany çagasy bar, ulusy 2 ýaşynda we kiçisi 2 aýlyk bäbek. Gelnejäniň uly çagasyna sowjak pampers puly 1 aýda 444 manat we kiçisiniň pampersine sowjak puly aýda 552 manat. Jemi 2 çaganyň 1 aýlyk pampers tölegi 996 manat. Ýagny, 2 çaga üçin 1 aýda aljak 460 manat kömek pulunyň 2.2 essesi. Pampersiň daşyndan çaga alynjak egin-eşikler, iýmit, oýunjaklar we beýleki okuw, bilim çykdaýjylary goşsak, çaga üçin aýda sowuljak pul ýene birnäçe esse artyp biler.

Aýlyklar, iýmit we çaga kömek pullary

Geliň indi bolsa bu sanlary ýurtdaky iň az aýlyk bilen deňeşdirip göreliň. Türkmenistanda iň az aýlyk 957 manat we BMG-nyň sanyna görä, türkmenistanlylaryň diňe iýmit önümlerine 1 aýda sowýan pullary aýlygyň ortaça 52%-ne deňdir. Maşgalada 1 adam işleýän bolsa, 957 manadyň 52%, ýagny 498 manady diňe iýmite sowulýar. Şeýle hem, çaga kömek puly hökmünde her aý 230 manat almaga maşgalanyň haky bar. 1 ýaşdan kiçi çagalaryň 1 aýda geýjek pampersine hem 552 manat sowulýar diýip ýokarda hasaplapdyk. Bularyň hemmesini hasaplanymyzda, 1 aýda diňe pamperse we iýmite 1050 manat (498 man + 552 man) sowulýan eken. Maşgalanyň 1 aýda gazanjak puly bolsa 1187 man (957 man + 230 man). Artykmaç bulardan galjak pul bary-ýogy 137 manat. Bu pula maşgalada çagalara eşik almaly, bilimine, transporta sowmaly we başga zerur zatlara (jaý, internet) çykdaýjylar edilmeli.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: