Progres.Online
Özbegistan respublikasynynyň zenan deputatlary geneşiň ýygnagynda, 1940-nji ýyllaryň soňy, suratçy: S. Gurary

Emansipasiýa tarap agyr ýol: Sowet Merkezi Aziýasyndaky zenanlar

1917-nji ýylyň Bolşewik rewolýusiýasyndan basym soňra, sowetler Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistandan ybarat bolan täze bäş sany respublikalary döredip, Merkezi Aziýany öz gözegçiligi astyna aldylar. Sowet hökümetiniň girizilmegi asyrlar boýy musulmançylyk dini ynamlary we däp-dessurlary agdyklyk eden bu respublikalardaky adaty durmuşyň ýörelgesi üçin juda weýran ediji boldy. Täze režimiň goldaw esasy hökmünde düýpli proletariatyň ýoklugynda, işleri we hukuklary şerigat kanuny we ýerli däp-dessurlar tarapyndan berk çäklendirilen “surrogat proletariatyň” wezipesini eýelemek üçin sebitiň aýallaryny saýladylar. Wladimir Leniniň tabynlaryň tabyny, ezilenleriň ezileni hökmünde gören Merkezi Aziýanyň aýallarynyň şeýle atlandyrylýan emansipasiýasy sowet tagallasynyň sebitdäki merkezi bölegi bolup durdy.  

Merkezi Aziýanyň aýallarynyň azatlyk ugrunda geçen ýoly uzak we kynçylykly boldy. Olar özleriniň jemgyýetleri we maşgalalary tarapyndan ýygy-ýygydan garşylylyklara duçar bolýardylar. Emma SSSR-iň beýleki ýerlerinde bolsa, aýallaryň professionallar we kommunizmiň gurnaýjylary ýaly täze wezipeleri, olara jemgyýetçilik we maşgala borçlaryň iki esse agyr ýüküni götermäge mejbur edip, olaryň maşgalanyň gyzlary, aýallary we ejeleri hökmünde özleriniň gadymdan gelýän wezipelerini aradan aýyrmaga ýol bermedi.

Nähili bolsa-da, sowetler tarapyndan öňe sürülen özgertmeler ýuwaş-ýuwaşdan çuňňur ornaşdy. 1940-njy ýyllaryň ahyrynda düşürilen bu sergidäki propagandistiki suratlar çürt-kesik üýtgän Merkezi Aziýany görkezýär. Bu suratlar hakyky däl şatlykly, käwagtlar açyk gurnalan we kollektiwizasiýanyň ýowuz hakykatlaryny ýaşyrýan bolsalar hem, olar tüýs şadyýanlykly ýagdaýy görkezýärler. Bu ýerde “azat edilen” we üstünlikli aýallar we gyzlar hakykat bolup görünýärler. Olaryň ýüzlerinde görünýän täze gazanylan deňhukuklylyk we mümkinçilikler hem hakyky umytlylygy we hususy mertebäni görkezýär.

Çeşme

Spelling error report

The following text will be sent to our editors: