Progres.Online

Parol hüjümleriniň görnüşleri we olardan goranmagyň ýollary: aradurar hüjümi

Aradurar hüjümi kiber hüjümiň bir görnüşi bolup, onda hüjümçi biri-biri bilen göni aragatnaşyk saklaýandyklaryna ynanýan iki tarapyň arasynda gizlenip durýar we gelýän-gidýän maglumatlary görýär. Hüjümiň bu görnüşi adamyň onlaýn howpsuzlygyna çynlakaý howp salýar, sebäbi hüjümçä parollar, onlaýn hasaplar ýa-da bank maglumatlary ýaly şahsy maglumatlara eýe bolmak we olary ulanmak mümkinçiligini berýär.

Hüjümçi köplenç siziň enjamyňyza fişiň usuly bilen zyýanly programmalary ýerleşdirip, ulanýan brauzeriňizi galp websaýtlara gönükdirýär. Şeýlelikde siziň edýän hereketleriňizi yzarlap bilýär.

Aradurar hüjümler nädip bolup geçýär?

Kiber jenaýatçylar internetdäki pul geçirim amallarynyň ýa-da onlaýn aragatnaşygyň ortasyna girýärler. Zyýanly programmalar arkaly, hüjümçi ulanyjynyň web brauzerini we iberýän we alýan maglumatlaryny aňsatlyk bilen görýär. Onlaýn banklar we elektron söwda saýtlary bu hüjümleriň esasy nyşanasydyr.

Aradurar hüjümleriň öňüni nädip almaly?

Howpsuz baglanyşyklar: Brauzerlerde URL (ssylka) setirinde “HTTP” derek diňe “HTTPS” görkezýän web sahypalaryna girmeli. Brauzerleriň köpüsi ygtybarly web sahypalarynyň URL adresiniň öňünde gulpuň belgisini görkezýärler.

Fişiň hatlaryndan ägä bolmak: Kiber jenaýatçylar ulanyjylary aldawa salmak üçin ýörite fişiň e-poçtalaryny taýýarlaýarlar. Tassyklanmadyk ýa-da näbelli çeşmelerden gelýän e-poçtalary açmazdan ozal iki gezek pikirleniň.

Wirtual hususy tor (VPN) ulanmak: VPN parol we kredit kartoçkasy ýaly internet birikmelerini we onlaýn maglumat geçirişlerini şifrleýär. Kiber jenaýatçy iki toruň arasyna girmegi başarsa-da, VPN tarapyndan berlen şifrleme sebäpli gelýän-gidýän maglumatlary görüp bilmeýär.

Antiwirus programmalary ulanmak: Antiwirus programmalary enjamyňyza zyýanly programmalaryň aralaşmagynyň we beýleki kiber hüjümleriň ýaýramagynyň öňüni almaga kömek edýär.

Adam faktory: Kiber hüjümleriň köpüsi ulanyjylaryň internetde bilmän edýän hereketleri bilen başlanýar. Beýleki kiber hüjümlerdäki ýaly, aradurar hüjümlerden hem goranmagyň iň täsirli usuly bu ugurdan sowatlylygyňy ýokarlandyrmakdyr. Şeýle hem, zyýanly e-poçtalary anyklamak, VPN ulanmak, jemgyýetçilik ýerlerindäki Wi-Fi torlaryndan ägä bolmak we şübheli e-poçta ssylkalaryna basmazlyk ýaly, iň oňat howpsuzlyk endiklerini öwrenmeli.

Sorag: Internet hyzmatyny berýän operatorlar biziň parollarymyzy görüp bilýärmi?

Jogap: Internet hyzmatlarynyň operatory (meselem, Türkmen Telekom), ýagny ISP üç sany zady görüp bilýär:

  1. Domen atlary;
  2. Jikme-jik haýsy ssylkalara girendigiňizi (meselem, gören wideolaryňyzy);
  3. Websaýtlarda ýazýan ähli maglumatlaryňyzy.

Internet hyzmatlarynyň operatorlaryndan goranmak üçin VPN ulanmaly. VPN, IP adresiňizi gizleýär we traffigiňizi şifrleýär.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: