Progres.Online

Öýüňizdäki Wi-Fi toruny nädip goramaly?

Öýümizdäki Wi-Fi torumyz nädip işleýär? Siziň öý wifi-yňyz siziň kabelsiz internet ulgamyňyzdyr. Ol adatça howa arkaly signal iberýän simsiz routerden (gönükdiriji) ybarat. Siz routeriň ýaýradýan bu signaly arkaly internete baglanýarsyňyz.

Wi-Fi ulanmagyň töwekgellikleri

Siziň öýüňizdäki WiFi-yňyza telefon, IP kamera, kompýuter, akylly telewizor ýaly birnäçe enjam birikdirilen bolup biler. Eger-de WiFi-yňyz goragsyz galsa, töwerekdäki islendik enjam siziň internetiňize birigip biler. Bu bolsa internetiňiziň tizliginiň peselmegine, onuň nätanyş adamlar tarapyndan ulanylyp, hatda bikanun işleriň edilmegine hem ýol açýar.

Bulardan başga-da, siziň goragsyz toruňyza birigen adam siziň internetde näme iş edýäniňizi we şahsy maglumatlaryňyzy birugsat görüp biler. Kimdir biri toruňyzy jenaýat etmek ýa-da spam (birlikde köp adama ugradylýan islenilmedik we soralmadyk email/ýazgy) ibermek üçin ulansa, bu işiň jogapkärçiligi size degişli bolýar. Şonuň üçin Wi-Fi paroluňyz güýçli bolmaly we nätanyş adamlar bilen paýlaşylmaly däl.

Öýümdäki Wi-Fi toruny nädip gorap bilerin?

Parol goýuň. Parol toruňyzyň üsti bilen iberilen maglumatlary goraýar. Router sazlamalaryňyzdan (köplenç routeriň aşagynda nädip girmelidigi ýazylýar) WPA3 Personal ýa-da WPA2 Personal kodlama sistemalaryndan birini saýlap, paroly täzeläň.

Routeriňizde WPA3 ýa-da WPA2 ýok bolsa näme etmeli?

Köne routerlerde köne we ygtybarly bolmaýan WPA we WEP kodlama sistemalary bolýar. Eger routeriňiz köne bolsa, täze router almagy göz öňünde tutuň.

Routeriňiziň parollaryny üýtgediň. Käbir routerler gutusynda parollar bilen bile gelýär. Emma bu parollary aňsatlyk bilen tapyp bolýar, şonuň üçin olary has çylşyrymly bir parola üýtgetmek möhümdir. Routeriňizde iki sany täzelemeli parol bar.

  1. Wi-Fi paroly: Enjamlaryňyzy Wi-Fi toruna birikdirmek üçin ulanýan parolyňyz.
  2. Router Admin paroly: Enjamyň administratiw bölümine girmäge mümkinçilik berýän parol. Eger kimdir biri routeriň admin bölümine girmegi başarsa, ol dürli sazlamalary üýtgedip biler (Wi-Fi parolyňyzy hem). Bu siziň alyp barýan beýleki howpsuzlyk çäreleriňiziň hemmesini puja çykarar.

Routeriňiziň admin we Wi-Fi parollaryny üýtgetmek boýunça kynçylyk çekýän bolsaňyz, bu işlere düşünýän tanyşyňyzdan ýa-da hyzmat beriji Türkmen Telekom bolsa şu ýerden, AŞTU bolsa 083 belgili telefon arkaly habarlaşyp, hünärmen çagyryp bilersiňiz.

Routeriň gereksiz aýratynlyklaryny öçüriň

Käbir routerlerde amatly, ýöne toruňyzyň howpsuzlygyny gowşadyp biljek aýratynlyklar bar. Mysal üçin:

  • Routeriňize uzakdan baglanmak: sazlamalary aňsatlyk bilen üýtgetmäge mümkinçilik berýär;
  • WPS: Wi-Fi parolyny girmegiň ýerine, routerde bir düwmä basmak arkaly parolsyz baglanmaga mümkinçilik berýär;
  • UPnP: Wi-Fi toruna baglanan enjamlara bir-birini aňsatlyk bilen tapmaga mümkinçilik berýär.

Bu aýratynlyklar toruňyza täze enjam birikdirmegi ýa-da myhmanlar üçin Wi-Fi-yňyzy ulanmagy aňsatlaşdyryp biler, emma bular ulgamyňyzyň howpsuzlygyny peseldýär.

Spelling error report

The following text will be sent to our editors: