Progres.Online

Internetde gizlinligiňi nädip goramaly?

Onlaýn maglumatlaryň gizlinligi näme üçin we kim üçin möhüm?

“Düýbünden nätanyş adamlar bilen şahsy maglumatlarymy paýlaşmalymy ýa-da paýlaşmaly dälmi?” diýen sorag dörände, onlaýn gizlinligiň ähmiýeti aýdyň ýüze çykýar. Elbetde, siz öz internet ulanyş arhiwiňiziň, ýagny giren saýtlaryňyzyň, ulanýan programmalaryňyzyň, bank hasabyňyzyň ýa-da ýazyşma (çat) taryhyňyzyň nätanyş biri tarapyndan bilinmegini islemersiňiz. Bu döwürde biriniň öý salgysy, dostlarynyň ady, halaýan tagamlary we ýerleri ýaly şahsy maglumatlaryny onuň sosial ulgamda paýlaşýan zatlaryndan aňsatlyk bilen bilip bolýar.

Hawa, siz sazlamalaryň kömegi bilen sosial mediýa hasabyňyzy nätanyş adamlara görünmeýän we paýlaşýan zadyňyzy diňe belli adamlara görünýän edip bilersiňiz. Ýöne, sosial mediýa kompaniýasynyň siziň paýlaşýan maglumatlaryňyzy näme edýändigini nädip bilip bilersiňiz? Maglumatlaryňyz siziň razylygyňyzy almazdan nirede we näme maksat bilen ulanylýarka?

Türkmenistanyň kanunlarynda bu barada näme diýilýär?

“Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 2014-nji ýylda kabul edildi (2019-njy ýylda käbir üýtgetmeler girizildi). Bu kanunyň 7/9-njy maddasynda bellenilişi ýaly, raýatlaryň we ýuridiki şahslaryň (firma/telekeçi) maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek işi döwletiň jogapkärçiligindedir. 

Bu kanuna görä, Türkmen Telekom, AŞTU we Tmcell ýaly operatorlar internet ulanyjylarynyň maglumatlaryny azyndan 12 aý saklamaga borçludyrlar. Şeýle hem, kazyýetiň ýa-da hukuk goraýjy edaralaryň (polisiýa, milli howpsuzlyk we ş.m) talap eden ýagdaýynda, bu maglumatlar olara berilýär. (Madda 25) 

Internet ulanyjylary paýlaşýan maglumatlaryna özleri jogapkärçilik çekýärler. Emma, internetde ýaýran maglumatdan zyýan çekilen ýagdaýynda, degişli edaralar ol maglumaty aýyrmaga ýardam berýär. (Madda 27)

Kanunyň 30-njy maddasynda internet ulanyjylarynyň onlaýn gizlinlik we interneti howpsuz ulanmak baradaky borçlary hem agzalyp geçilýär. Ol ýerde aşakdaky agzalýan işleri etmek gadagandyr.

  • Mahabat üçin rugsatsyz e-poçta adreslerini saklamak. (5)
  • Internetde aldaw ýoly bilen şahsy maglumatlary almak ýa-da zyýanly web saýtlary döretmek, olardan peýdalanmak we ýaýratmak. (10)
  • Zyýanly programmalaryň döredilmegi, peýdalanylmagy we ýaýradylmagy (11)
  • Ýalňyş maglumat paýlaşmak (12)
  • Internet arkaly adamlara we firmalara maddy ýa-da moral zyýan ýetirmek. (13)

Internet ulanyjylarynyň şahsy maglumatlaryny goramak üçin näçe berk kanunlar çykarylsa-da kiber-zorluk, hakerler, e-galplyk ýaly zatlar her bir adama howp salyp bilýär. Netijede, şeýle howply ýagdaýlara duçar bolmagyň öňüni almak üçin, biziň onlaýn howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmegimiz zerurdyr.

Onlaýn gizlinlik näme üçin möhüm:

  1. Onlaýn gizlinlik sizi internet ulgamyndaky şahsy maglumatlaryňyzyň bikanun ulanylmagyndan goraýar.

Biz her gün sosial ulgamlarda köp maglumat paýlaşýarys. IMO, Instagram, Facebook we Twitter ýaly platformalar gereginden artyk şahsy maglumat paýlaşýan adamlar üçin howply meýdança öwrüldi. Köp adam hiç zatdan habarsyz maşgala agzalary we dostlary bilen gymmatly pursatlarynyň suratlaryny hem-de wideolaryny gowy niýet bilen paýlaşýar. Ýöne olar erbet niýetli kiber jenaýatçylaryň eline düşüp bilýär. Meselem, olar paýlaşan suratlaryňyzy we maglumatlaryňyzy ulanyp, siziň adyňyzdan sosial mediýa hasabyny açyp bilerler. 

  1. Siziň şahsyýetiňiziň ogurlanylmagyndan goraýar

Onlaýn gizlinlik ulanyjylaryň şahsy durmuşyny we olaryň internetdäki profillerini kiber ogurlykdan goraýar. Her gün müňlerçe adam onlaýn gizlinlik hakda bilimleriniň pesdigi sebäpli, özleriniň onlaýn şahsyýetini ýitirýärler. IMO ýa-da Instagram hasabyňyzy ele geçiren adam siziň adyňyzdan dostlaryňyza, tanyşlaryňyza hat ýazyp bilýär. Meselem, siziň adyňyzdan dostlaryňyzdan pul sorap, olaryň siz baradaky gowy niýetini öz bähbidine ulanyp bilýär.

  1. Özgeleriň siziň üstüňizden gözegçilik-agalyk edip biljek güýjüni çäklendirýär.

Onlaýn gizlinlik goralanda näbelli biriniň, hökümetiň ýa-da mahabat (reklama) berijileriň size gözegçilik-agalyk edip biljek güýji çäklenýär. Gysgaça aýtsak, eger kimdir biri siz hakda köp maglumat ýygnasa ol sizi gözegçilikde saklap biler. Häzirki döwürde maglumat internetiň iň gymmat harytlarynyň biridir. Siz hakda gizlin maglumatlary bilýän adam şol maglumatlary sizi şantaž etmek üçin ulanyp biler. Has erbedi, siziň köp ýyllap gazanan abraýyňyza zeper ýetirip biler.

  1. Söz azatlygyny goraýar

Internet – öz ulanyjylaryna dünýani öwrenmek, müňlerçe adam bilen aragatnaşyk saklamak we öz dünýägaraýşyny hem-de pikirlerini paýlaşmak mümkinçiligini hödürleýär. Emma bu zatlaryň bir çägi barmy? Biz özümiz baradaky maglumatlary paýlaşmagyň çägini bilýärismi? Biziň çägimiz onlaýn gizlinlik kadalary bolmaly. Häzirki döwürde internetde söz azatlagy esasy aladalaryň biri bolup durýar. Adamlar islendik zady, şol sanda ýalňyş maglumatlary hem aňsatlyk bilen paýlaşýarlar. Iň erbet tarapy bolsa, şeýle azatlyklar başgalaryň hukuklarynyň kemsidilmegine eltip bilýär. 

  1. Sylanyşyksyzlykdan goraýar

Gizlinligiň tebigatynda adamyň şahsy giňişligine we abraýyna hormat goýmak bar. Sosial mediýada ýa-da çat programmalarynda ýazyşýan adamlaryňyzyň siziň bilen paýlaşýan maglumatlarynyň gizlinligine düşünmeli we rugsatsyz paýlaşmaly däl. Birek-birege hormat goýmak – bu internet gizlinliginiň iň möhüm mowzuklarynyň biridir. BMG-nyň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy hem öz sosial mediýa hasabynda bu mowzuga degişli #DürliEmmaDeň atly kampaniýany döretdi. 

Siz gizlinligiňizi nädip gorap bilersiňiz? 

  1. Interneti howpsuz ulanmagy öwrenmeli. Meselem, IMO ýa-da Instagram hasabyňyzdaky sazlamalaryň (Settings – настройки) içindäki gizlinlik (privacy – конфиденциальность) bölümini öz islegiňize görä üýtgediň. Bu ýerde profil suratyňyzy, soňky gezek haçan onlaýn bolandygyňyzy, paýlaşýan postlaryňyzy kim görüp bilýär we ş.m maglumatlary sazlap bilersiňiz.
  2. Sosial mediýa hasaplaryňyzdaky (imo, instagram, youtube, whatsapp) maglumatlaryň nädip ygnalýandygyna, nädip gaýtadan işlenýändigine, nirelerde näme maksatlar bilen ulanylýandygyna hem-de olarda size degişli nähili maglumatlaryň bardygyna doly we dogry düşünmeli. Meselem, IMO hasabyňyzda sazlamalaryň (Settings – настройки) içindäki Hasap & howpsuzlyk (Account & Security – Учетная запись и безопасность) bölüminde maglumatyňy talap et (Request Account Info – Запросить информацию об учетной записи) bölüminden hasabyňyza degişli IMO-da saklanýan maglumatlaryňyzy alyp bilersiňiz.
  3. Başgalar bilen internet ulgamynda paýlaşýan şahsy maglumatlaryňyza aýratyn üns bermeli. Maglumatlaryňyzy diňe ynamdar adamlar bilen paýlaşmaly we paýlaşmazdan ozal olaryň siziň gizlinlik hukuklaryňyzy bozmajagyna göz ýetirmeli.

Gadyrly okyjy, biz dürli ýaşdaky türkmenistanlylaryň internetdäki howpsuzlyk bilen bagly habardarlygyny, sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen açan rubrikamyzda düşnükli we peýdaly makalalary paýlaşmagy meýilleşdirýäris. Seniň bu mowzuga degişli soraglaryňdyr gyzyklanmalaryň bar bolsa, bize ýetirmäge ikirjiňlenme.

Türkmenistanda internet ulanyjylary nähili meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar? Internet howpsuzlygyna degişli nähili maglumatlar azlyk edýär?

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: