Progres.Online

Ýurtlar Türkmenistan barada näme pikirde?

Ýewraziýa Monitorynyň gözlegine görä, Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa ýurtlarynda geçirilen sowalnama sanlyja döwletiň Türkmenistany syýasy goldaw we hyzmatdaşlyk babatda “duşmançylykly” ýurt hasaplaýandygyny görkezdi. Sowalnama gatnaşanlaryň ortaça 39%-den gowragy Türkmenistan bilen gatnaşyklary bitarap hasaplaýarlar.

Gözleg

  • Gözleg ulularyň (18 ýaşdan ulylar) Ýewraziýanyň beýleki ýurtlary barada jemgyýetçilik pikirini toplady.
  • Ýewraziýa Monitory Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarussiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Abhaziýanyň we Günorta Osetiýanyň raýatlaryndan sowalnama aldy.
  • Jemgyýetçilik pikirine baha bermek üçin gözlegçiler ýurtlaryň her ýaş toparyndan saýlanan wekilleri (18 ýaşdan ulylar) bilen pikir soraşyk geçirdiler.
  • Gatnaşyjylaryň pikiriçe haýsy döwletleriň öz ýurduna dostluklydygy (kynçylyk döwründe goldawyna bil baglap boljak ýurtlar) we haýsy ýurtlaryň duşmançylyklydygy (konflikt ýa-da howp abandyrýan ýurtlar) soraldy.

Netije: Türkmenistan barada pikirler

Belarussiýa

  • Sowalnama gatnaşanlaryň 37%-i Türkmenistany dostlukly hasaplaýarlar.
  • 40%-i Belarussiýanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň bitarapdygyna ynanýarlar.
  • 3%-i Türkmenistany duşmançylykly ýurt hasap edýärler.
  • 21%-i jogap berip bilmeýändigini aýtdylar.

Moldowa

  • Gatnaşanlaryň 28%-i Türkmenistany dostlukly hasaplaýarlar.
  • 38%-i Moldowanyň Türkmenistan bilen bitarap gatnaşykdadygyna ynanýarlar.
  • 8%-i Türkmenistany duşmançylykly hasaplaýarlar.
  • 26%-i jogap berip bilmeýändigini bellediler.

Azerbaýjan

  • Sowalnama gatnaşanlaryň 69%-i Türkmenistany dostlukly hasaplaýarlar.
  • 22%-i Azerbaýjanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň bitarapdygyna ynanýarlar.
  • 4%-i Türkmenistanyň duşmançylykly ýurtdygyna ynanýarlar.
  • 5%-i jogap berip bilmeýändigini aýtdylar.

Ermenistan

  • Gatnaşyjylaryň 7%-i Türkmenistany dostlukly hasaplaýarlar.
  • 38%-i Ermenistanyň Türkmenistan bilen bitarap gatnaşygynyň barlygyna ynanýarlar.
  • 53%-i Türkmenistany duşmançylykly hasap edýärler.
  • 3-i jogap berip bilmeýändigini bellediler.

Gazagystan

  • Sowalnama gatnaşanlaryň 49%-i Türkmenistany dostlukly hasaplaýarlar.
  • 44%-i Gazagystanyň Türkmenistan bilen bitarap gatnaşykdadygyna ynanýarlar.
  • 4%-i Türkmenistany duşmançylykly ýurt hasaplaýarlar.
  • 3%-i jogap berip bilmeýändigini aýtdylar.

Gyrgyzystan

  • Gatnaşanlaryň 25%-i Türkmenistany dostlukly ýurt hasap edýärler.
  • 50%-i Gyrgyzystanyň Türkmenistan bilen bitarap gatnaşygynyň barlygyna ynanýarlar.
  • 22%-i Türkmenistany duşmançylykly döwlet hasaplaýarlar.
  • 2%-i jogap berip bilmeýändigini bellediler.

Täjigistan

  • Sowalnama gatnaşanlaryň 60%-i Türkmenistany dostlukly hasaplaýarlar.
  • 31%-i Täjigistanyň Türkmenistan bilen bitarap gatnaşykdadygyna ynanýarlar.
  • 2%-i Türkmenistanyň duşmançylykly ýurtdygyna ynanýarlar.
  • 8%-i jogap berip bilmeýändigini aýtdylar.

Özbegistan

  • Gatnaşanlaryň 21%-i Türkmenistany dostlukly ýurt hasap edýärler.
  • 4%-i Özbegistanyň Türkmenistan bilen bitarap gatnaşygynyň barlygyna ynanýarlar.
  • 1%-i Türkmenistany duşmançylykly döwlet hasaplaýarlar.
  • 74%-i jogap berip bilmeýändigini bellediler.

Abhaziýa

  • Sowalnama gatnaşanlaryň 23%-i Türkmenistany dostlukly hasaplaýarlar.
  • 62%-i Abhaziýanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň bitarapdygyna ynanýarlar.
  • 6%-i Türkmenistany duşmançylykly ýurt hasap edýärler.
  • 10%-i jogap berip bilmeýändigini aýtdylar.

Günorta Osetiýa

  • Gatnaşanlaryň 22%-i Türkmenistany dostlukly döwlet hasaplaýarlar.
  • 67%-i Günorta Osetiýanyň Türkmenistan bilen bitarap gatnaşyk saklaýandygyna ynanýarlar.
  • 5%-i Türkmenistany duşmançylykly ýurt hasaplaýarlar.
  • 7%-i jogap berip bilmeýändigini bellediler.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: