Progres.Online

Merkezi Aziýada klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin donorlar çemeleşmelerini üýtgetmeli

Täze hasabata görä, klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek üçindonorlar alyp barýan işlerini diwersifikasiýalaşdyrmaly, has anyk maksatlary kesgitlemeli we jogapkärçilige ünsi çekmeli.

Daşky gurşawyň zaýalanmagy we klimatyň üýtgemegi Merkezi Aziýada adam howpsuzlygy meselesini biçak ýitileşdirýär. Muňa has täsirli çäre görmek üçin daşary ýurt hökümetleri we halkara donorlary “bir ölçeg hemmelere laýyk” çemeleşmesini bes etmeli we sebitiň awtoritarizmini we korrupsiýasyny göz öňüne tutup, anyk standartlary kesgitlejek ýöriteleşen syýasatlary kabul etmeli.

 “Merkezi Aziýada daşky gurşaw meseleleri, garyplyk we syýasy awtoritarizm arabaglanşygy” atly hasabat Semipalatinskdäki ýadro zyňyndylary we güýçli pagta ekerançylygy ýaly daşky gurşawa abanýan ençeme howplary beýan edýär. Hasabatda temperaturanyň ýokarlanmagy Hazar deňziniň Aral deňzi ýaly gurap galmagyna sebäp bolup biljekdigini duýdurmagy örän aladalandyryjy. “21-nji asyryň ahyryna çenli Hazar deňziniň derejesiniň azyndan 9 metre çenli azalmagyna garaşylýar. Bu Hazar deňziniň umumy meýdanynyň 25%-niň ýitmegine we Portugaliýanyň meýdanyna deňeçer 93.000 km2 ýeriň guramagyna getirer” – diýip hasabatda bellenilýär.

Klimatyň üýtgemeginiň we daşky gurşawyň zaýalanmagynyň adama ýetirýän zyýany ýokarlanýar. Ýekeje mysal bersek: senagat we oba hojalygynyň zyňyndylary suw gorlaryny zäherleýär. Häzirki wagtda, Täjigistanyň oba ýaşaýjylarynyň ~80%-ine arassa agyz suwy elýetersiz. Merkezi Aziýanyň iň ösen döwleti bolan Gazagystanda hem oba ilatynyň aglabasyna arassa agyz suwy elýeterli däl. Brýusselde ýerleşýän Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň taýýarlan hasabatynda sebitde garyn garahassalygy we mergi ýaly suw bilen bagly keselleriň ýakyn onýyllyklarda has artjakdygy bellenilýär.

Hasabata görä, BMG ilatyň garaşylyşy ýaly artmagynyň suwa bolan talaby ýylda ~2 km3 köpeltjekdigini çaklaýar. Eger bu mesele çözülmese suw üpjünçiligiň kesilmegi, suwuň hapalanmagy we agyz suwunyň elýetersizligi zerarly ýokary kesel töwekgelçiligi dörär.

Dürli çylşyrymly faktorlar ýerli tagallalaryň meseleleri çözmegine päsgelçilik döredýär. Sebitdäki hökümetleriň ençemesinde zyýany azaldyş meýilnamalaryny durmuşa geçirmek üçin maliýe serişdeleri we tejribeleri ýetmezçilik edýär. Käbirleri daşky gurşawy kagyz ýüzünde goraýarlar, ýöne iş ýüzünde amala aşyrmaýarlar. Awtokratlar başlangyçlary we innowasiýany goldamaýarlar. Korrupsiýa we aç-açanlygyň bolmazlygy sebitdäki syýasy ulgamlary kesgitleýär. Şeýle hem, giň ýaýbaňlanan garyplyk, işsizlik we infrastrukturanyň pesligi sebäpli ünsi daşky gurşawa däl-de, gündelik ykdysady meselelere gönükdirmäge mejbur edýär. Sebitde daşky gurşawy goraýan toparlar işjeň, emma olaryň goraýjylar hökmünde üýtgeşmeleri durmuşa geçirmegine serişdeleriň ýetmezçiligi, mediýanyň üsti bilen habardarlygy artdyrma mümkinçiliginiň ýoklugy we utgaşdyrmanyň ýaramazlygy böwet bolýar.

Şu güne çenli, Merkezi Aziýada hapalanmagyň we maýylganlygyň zyýanly täsirlerini çözmäge gönükdirilen tagallalar halkara hökümetlerine bagly. Ýöne daşary ýurtlaryň meselä goşulmagynyň gowylygyna deňeçer zyýany bolup biler.

 “Daşary ýurtly aktýorlaryň meselä goşulup, hökümetiň täsirsiz syýasatlaryny goldamagynyň garaşylmadyk netijeleri bermegi mümkindigini boýun almak wajypdyr. Daşary ýurt maliýe goldawlary býujet çäkliligine ýardam edýär. Emma, uly taslamalary daşary ýurtlaryň maliýeleşdirmegi Merkezi Aziýa hökümetlerini oýlanşykly strategiýalary durmuşa geçirmegiň deregine, maliýe serişdeleriniň ýeterliligine görä meselelere bir gezeklik çözgüt tapmagyna eltdi” – diýip hasabatda nygtalýar.

Hasabatyň maslahatlary:

  • Netijeli syýasaty alyp barmak üçin donor jemgyýetleri çemeleşmelerine düzedişler girizmeli;
  • Donorlar uly maksatlylygy azaldyp, gözýetimlerini giňeltmeli;
  • Donorlar taslamalaryň doly durmuşa geçirme ähtimallygy bolan kiçi taslamalary goldamaly;
  • Diňe syýasy häkimiýetlere bil baglaman, köplenç hökümete dahylsyz guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmeli;
  • Maliýe serişdelerini peýdalanyjylaryň jogapkärçilikli bolmagy üçin anyk taslama standartlary bolan gözegçiligi we bahalandyryş ulgamlaryny gowylandyrmaly.
  • Halkara jemgyýeti meselä goşulanda sebitdäki syýasy režimleriň awtoritar we neo-patrimonal häsiýetini göz öňünde tutmalydyr. Çünki, olar daşky gurşaw meseleleriniň nähili çözüljegine täsir edýär;
  • Donorlar garaşsyz raýat jemgyýetleriniň daşky gurşaw we klimatyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek hem-de barlaglary geçirmek we bilimi goldamak üçin tagallalaryny güýçlendirmeli.

Hasabat donor çemeleşmelerini üýtgetmäge çagyrsa-da, öňki taslamalaryň kemçiliklerini görkezýän tematik barlaglar ýa-da mysallar bermeýär. Şeýle hem, hasabat strategiki meseleleri çözmek üçin takyk taktikalary maslahat bermekde çäklenýär.

Daşkentdäki Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk institutynyň (CAREC) müdiriniň orunbasary Iskandar Abdullaýew hasabatyň netijelerini öwdi. Onuň pikiriçe, daşary ýurt maliýeleşdirmesi heniz hem zerur, emma belli taslamalary ornaşdyrmagyň jogapkärçiligi ýerli aktýorlara berilmelidir. Abdullaýew Eurasianet-e beren interwýusynda: “Sebitdäki gyzyklanýan taraplar prosesiň eýesi bolmaly we özbaşdak karar bermeli” – diýip belledi.

Abdullaýewiň aýtmagyna görä, bu maksada ýetmek üçin donor jemgyýetiniň hökümetiň we hökümete dahylsyz gyzyklanýan taraplaryň arasyndaky serhetaşa baglanyşygy ösdürmek we aragatnaşyk gurmak üçin maýa goýmaly. Hakykatlary nazara alsak, daşky gurşaw meselesi awtoritar liderleriň aktiwistler bilen hyzmatdaşlyk edip biljek ýekeje ugry bolmagy ahmal. Häzirki ýagdaýy saklamak üçin halkara jemgyýeti sebitiň meselelerini çözmäge hemişe gatnaşmaly bolar.

Çeşme: Eurasianet

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: