Progres.Online

Palaw Indeksi Dekabr / 2021

Dekabr 2021: Palawyň bahasy gitdigiçe gymmatlaýar

Paýtagt Aşgabat şäherinde bir maşgala üçin palaw bişirmegiň çykdaýjysy 2021-nji ýylyň dekabr aýynda 89.3 manada ýetdi. Bu bolsa geçen aýdaky, 2021-nji ýylyň noýabr aýyndaky (96.7 manat) bahadan 7.6% arzandyr we geçen ýylyň dekabr aýyndaky (63 manat) bahasyndan bolsa 41.9% ýokarydyr.

Palaw ingredientleriniň bahalarynyň içinde, käşirden başga hemme iýmitleriň bahalary ägirt derejede artdy. Geçen ýylyň dekabr aýyndaky bahalary bilen deňeşdirilende, bugdaý uny 141%, günebakar ýagy 67%, sygyr eti 57%, sogan 14% we tüwi 10% gymmatlady. 1 kg käşiriň bahasy bolsa 46% arzanlady (Netije 1 seret).

Dekabr aýyndaky palaw ingredientleriniň bahalaryndaky iň uly artyş bugdaý ununda (141%), günebakar ýagynda (67%) we sygyr etinde (57%) duş gelindi. FAO-nyň Iýmit Bahalarynyň Indeksine görä, 2021-nji ýylyň dekabr aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, halkara bugdaý bahalary 31.3%, etiň bahasy 12.7% we ösümlik ýagynyň bahasy 65.8% artypdyr. Görşümiz ýaly, bu 3 sany agzalan ingredientleriň halkara bahalaryndaky üýtgeşmeler ýerli bazarlardaky ýaly artypdy, esasan hem ösümlik ýagynyň bahasynyň artmagy ýurdumyzdaky baha artyşy bilen meňzeş derejededir.

Aşgabatdaky günebakar ýagynyň artyşy (67%) halkara ösümlik ýaglarynyň artyşy (65.8%) bilen örän ýakyn derejede. Türkmenistanda ýag önümçiligi örän çäkli derejede we ýurtda satyn alynýan ýaglaryň aglaba bölegi daşary ýurtlardan, hususan-da Russiýadan import edilýär. 2021-nji ýylyň noýabryndaky sanlara görä, Russiýadaky nahar bişirmek üçin ulanylýan ýaglaryň ýyllyk inflýasiýa derejesi 10.8% artypdyr. Bulardan başga hem, Russiýada azyk harytlaryň ýetmezçiligi sebäpli Russiýa hökümeti günebakar ýagynyň eksportlaryna salgyt girizdi we bu 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap güýje girdi. Bu çäklendirmeler 2022-nji ýylyň awgust aýyna çenli dowam eder, emma ýerli hökümet munuň möhletini uzaltmagy göz öňüne tutýar.

Biz Palaw Indeksini 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda çykaryp başlanymyz bäri käşiriň bahasy 3 aýlap yzygider arzanlap gelýär (ýyllyk deflýasiýa) we oktýabrda, noýabrda we dekabrda 13%, 18% we 46% arzanlady. FAO-nyň maglumatlara görä, 2020-nji ýylda Türkmenistanda käşir önümçiliginiň mukdary 71,650 tonna boldy we soňky 10 ýylyň içinde durnukly derejede ýylda 70,000 ýakyn käşir önümçiligi amala aşyryldy. Türkmenistandan Russiýa eksport edilýän käşiriň mukdary 2020 we 2021-nji ýyllar arasynda 7 esse artdy, ýagny 40 tonnadan 302 tonna çenli ýokarlandy. Türkmenistanda käşir önümçiliginiň mukdary 2021-nji ýyl üçin heniz belli däl, ýöne käşir bahalarynyň arzanlandygyna görä, önümçiligiň mukdary bu ýyl artandyr diýip çaklap bilýäris. Ýerli habar beriş çeşmeleriniň aýtmagyna görä, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2021-nji ýylyň ilkinji 5 aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 86.7% köp derejede miwe we gök-önüm öndüripdirler. Ýöne bu habarda her bir iýmitiň önümçiligine degişli aýratyn sanlar berilmeýär.

Gadyrly okyjy, seniň pikiriňçe käşiriň bahasy näme üçin arzanlaýar we beýleki önümleriň bahalary artýar?

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: