Progres.Online

Palaw Indeksi Aprel / 2023

Aprel 2023: palawyň bahasy ýene peseldi.

Soganyň bahasy täze hasyl sebäpli arzanlap başlady. Günebakar ýagynyň bahasy ep-esli aşak düşdi.

2023-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde palaw taýýarlamagyň ortaça nyrhy 75.0 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň aprel aýyndaky palaw bahasyndan (78.7 manat) ýyldan-ýyla 4.7% arzan. Geçen aý (78.7 manat) bilen deňeşdirilende hem, palaw taýýarlamagyň nyrhyaýdan-aýa 4.7% düşdi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylyň aprelinde soganyň we tüwiniň bahasy artyş görkezdi we şol bir wagtyň içinde beýleki ingredientleriň bahasy bolsa peseldi. Degişli döwürde, soganyň nyrhy 41.2% we tüwiniň bahasy 22.5% artdy. Bahasy peselen harytlaryň arasynda, günebakar ýagy (-36.4%), bugdaý uny (-14.3%), sygyr eti (-10.0%) we käşir 1.2% arzanlady (Netije 1 seret).

Soganyň bahasy arzanlap başlady

Soganyň bahasy aýdan-aýa deňeşdirilende 2023-nji ýylyň aprelinde arzanlady. Soganyň ortaça bahasy 2023-nji ýylyň martynda 15.6 manat bolan bolsa, aprel aýynda 7.3 manada düşdi we bu 52.9% peselişdir. Emma muňa garamazdan, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, soganyň bahasy henizem ýyldan-ýyla 41.2% gymmatdyr. Türkmenistanda aprel aýynda soganyň täze hasyly başlady we onuň netijesinde içki bazarda soganyň üpjünçiligi artyp, bahasynyň peselmegi bilen netijelendi. Bulardan daşgary hem, Merkezi Aziýadaky goňşy döwletler täze hasyl netijesinde sogan eksportyndaky gadagançylyklary aýyrdylar. Bularyň hemmesi 2023-nji ýylyň aprelinde soganyň bahasynyň arzanlamagyna getirdi.

Ýatlatsak, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda aşa sowuk howa sebäpli soganyň bahasy örän uly derejede artypdy. 2022-nji ýylyň ýanwaryndan 2023-nji ýylyň apreline çenli sogan bahasyndaky üýtgeşmäni öwrenmek üçin 2-nji Netijä serediň.

Günebakar ýagynyň bahasy uly derejede arzanlady

Türkmenistanda satylýan günebakar ýagynyň bahasy 2023-nji ýylyň aprelinde duýdansyz aşak düşdi. Onuň bahasy 2023-nji ýylyň mart aýynda 29 manat bolan bolsa, aprel aýynda 22.4 manada peseldi we bu aýdan-aýa 22.7% peselişdir. Şeýle hem, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, günebakar ýagynyň bahasy ýyldan-ýyla 36.4% arzanlady. Ýatlatsak, Türkmenistanda satylýan günebakar ýagynyň aglaba bölegi daşary ýurtlardan import edilýär we onuň 92.4% Russiýanyň paýyna düşýär.

Russiýada satylýan 1 litr guty günebakar ýagynyň bahasy 2023-nji ýylyň aprelinde ortaça 1.04 dollara deň boldy we bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýyldan-ýyla 28.8% arzan. Geçen ýylyň aprelinde onuň bahasy 1.46 dollara ýetipdi. Russiýadan eksport edilýän günebakar ýagynyň bahasynyň peselmegi onuň Türkmenistandaky bahasynyň arzanlamagy bilen netijelenen bolmagy ähtimal. Şeýle hem, Russiýada satylýan günebakar çigidiniň bahasy 2023-nji ýylyň martynda uly derejede peseldi we 2022-nji ýylyň noýabryndan bäri iň arzan bahasyna ýetdi. Onuň arzanlamagynyň sebäbi günebekar ýag öndüriji kärhanalardan gelýän talabyň azalmagydyr. Günebakar ýagyny öndürmek üçin günebakar çigidi giňden ulanylýar. Şonuň üçin çigidiň bahasynyň arzanlamagy hem ýagyň bahasynyň peselmegine getiren bolmagy ähtimal.

Türkmenistanda satylýan günebakar ýagynyň bahasy 2 ýyl bäri yzygiderli peselmegine dowam edýär. Onuň iň ýokary bahasy 2021-nji ýylyň iýunynda 62 manada ýetipdi. Ýagyň arzanlamagyndaky iň uly sebäp gara bazardaky dollar/manat hümmetiniň peselmegidir, sebäbi dollar hümmetiniň iň gymmat wagty hem 2021-nji ýylyň aprel-iýun aýlaryna gabat gelipdi. Ondan soňra, ýagyň bahasy hem dollar kursuna meňzeş şekilde peseldi. Türkmenistanda satylýan günebakar ýagynyň köp bölegi daşary ýurtlardan dollarda import edilýäni üçin, dollar kursunyň üýtgemegi ýaglaryň bahasyna uly täsirini ýetirýär. Türkmenistandaky satylýan günebakar ýagynyň 2021-nji ýylyň iýunyndan 2023-nji ýylyň apreli arasyndaky aratapawudyny öwrenmek üçin 3-nji Netijä serediň.

Palaw bahalary bilen gara bazar kursunyň arasyndaky baglanyşyk

Türkmenistanda palaw taýýarlamagyň nyrhy 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri dowamly peselip gelýär we bu peseliş dollaryň gara bazardaky kursynyň düşmegi bilen baglanyşdyryp bolar. Aprel aýynda hem palawyň bahasy ýene peseldi we ýyldan-ýyla 4.7% arzanlady. Şol bir wagtyň özünde, gara bazar kursy 19.6 manada ýetdi we geçen ýylyň degişli döwründen 1.3% ýokary. 2022-nji ýylyň aprel aýyndan 2023-nji ýylyň apreli aralygyndaky ýüze çykan Palaw Indeks bahalarynyň we gara bazar kursunuň arasyndaky arabaglanşygy has giňişleýin öwrenmek üçin 4-nji Netijä serediň.

 Metodologiýa

Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.

Kömegiň gerek

Palaw Indeksiniň topary, Türkmenistanyň ähli uly şäherlerinde palaw ingredientleriniň bahasyny çöplemek arkaly, hasabatlara, analizlere beýleki şäherleri hem goşmagy isleýär. Şonuň üçin bahalary çöplemekde bize kömek etmegiňizi we şu formany doldurmagyňyzy haýyş edýäris, formada şahsy maglumat soralmaýar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: