Progres.Online

Türkmenistanda ýaş adam bolmak hakynda

Progres.online toparynyň Ýaşlar Barada Döwlet Syýasatyny rejelemek üçin maslahatlary

2022-nji ýylyň 19-njy awgustynda döwlet metbugatynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenistanyň 2021-2025 ýyllar üçin Ýaşlar barada döwlet syýasatyny düşündirmek üçin welaýatlarda tegelek stollary gurnaýandygy habar berildi. Habara görä, tegelek stollarda göz öňünde tutulýan maksatlaryň biri hem welaýatlardan gelýän teklipleri ýygnap we öwrenip, Ýaşlar barada döwlet syýasatyna rejelemeleri we goşundylary hödürlemekdir. Habarda kimler bilen geňeşilýändigi we nähili meseleleriň ara alyp maslahatlaşylýandygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

Progres.online hem makala ýazmak we Türkmenistandaky ýaşlaryň ýüzbe-ýüz bolýan gaýragoýulmasyz sosial-ykdysady bökdençliklerini kanun çykaryjylara ýatlatmak arkaly, maslahatlara goşant goşmak isläpdi. Şeýle-de biz okyjylarymyzyň bu meseleler baradaky garaýyşdyr pikirlerini diňlemek isledik. Emma welin, eýýäm ýokarky habaryň çykanyndan 12 gün soňra, ýagny 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň prezidenti “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekdi. Gynansakda, 12 gün ilatyň pikirini we tekliplerini ýygnamak üçin ýeterlik bolmaýar.

Biz nesillerimiziň gelejegine şekil berjek gaýragoýulmasyz meselelere Türkmenistandaky kanun çykaryjylaryň ünsüni çekmek isleýäris.

Beýnileriň syzmagyny azaltmak üçin intellektual azatlyga ýol açmaly

Intellektual azatlygyň kemçilik etmegi we hökümetiň sosial-ykdysady durmuşa degişli pikir we söz azatlygyny çäklendirmegi sebäpli, Türkmenistanda beýni syzmasy, ýagny ýokary bilimli we işine ussat adamlaryň ýurtdan gitmegi dowam edýär. Daşary ýurtlarda bilim alyp, halkara tejribe toplaýan köp ýaşlar ýurda dolanmazlygy ýa-da ýurdy terk etmegi saýlap alýarlar. Çünki olar Türkmenistanda özleri üçin we durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşe bolan potensial görmeýärler. Intellektual, pikir we söz azatlygynyň kemçiligi innowasiýa we döredijilige böwet bolýar. Soňky 10 ýylyň içinde iki milliona golaý adamyň ýurdy terk edendigi aýdylýar. Bu san Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan tassyklanylmadyk hem bolsa, hökümetiň bu mesele barada dymmagy garaşsyz çeşmeleriň çaklamalarynyň hakykata ýakyndygyna güwä geçip biler. Okuw we iş maksady bilen ýurtdan gidýän adamlaryň esasan 21-30 ýaş aralygyndaky ýaşlardygy bilen köpler ylalaşsa gerek. Ýaş adamlaryň syýasy hereketlere baş goşmak üçin däl-de, bilim almak, iş tapmak we maşgalalaryna eklenmäge kömek pul ugratmak ýaly, durmuşdaky esasy zerurlyklaryny amala aşyrmak üçin ýurtdan gidýändiklerini bellemek möhümdir.

Söz azatlygyna goýlan çäklendirmeleri gowşatmaly we hususy neşirýatlara rugsat bermeli

Türkmenistanda ýylda diňe 400-e golaý kitap çap edilýär. Olaryň hem ýarysy ýa ideologik ýa-da döwlet propagandasyna degişli kitaplar. Bu ýaş oglan-gyzlara klassyky we häzirkizaman edebiýaty, ylym, tehnologiýa, sungat we beýleki mowzuklar barada türkmen dilinde öwrenmekde resurs gytçylygyny döredýär. Ilat, esasan-da ýaşlar üçin türkmen diline terjime edilen materiallaryňdyr kitaplaryň yzygiderli we ýeterlik mukdarda çap edilmegi gaýragoýulmasyzdyr.

Ýaşlara degişli guramalaryň sanyny köpeltmeli

Ýaşlar tarapyndan dolandyrylýan we ýurduň ähli künjeginde ýaşlara degişli meseleleriň üstünde iş alyp barýan garaşsyz, jemgyýetçilik guramalarynyň döredilmegine ýol açmaly. Adaty raýatlaryň jemgyýetleridir başlangyçlary gurnamaga we ýöretmäge mümkinçilikleriniň bolmazlygy Türkmenistanda ýaşlar üçin sosial durmuşyň perwaýsyz we gyzyksyz bolmagyna getirýär.

Internet çäklendirmelerini aýyrmaly

Türkmenistanda internet arkaly ylym-bilime degişli resurslary VPN-siz tapmak we ulanmak mümkin däl. Munuň netijesinde, ýurtdaky ýaş adamlar bilim we professional ösüş mümkinçiliklerinden mahrum bolýarlar. Olar köplenç geçen asyryň könelişen ylmy maglumatlary we okuw resurslary bilen oňmaly bolýarlar. Internetiň çäklendirilmegi, yzygiderli kesilmegi we tizliginiň juda pesligi sebäpli ýaşlaryň köpüsi COVID-19 pandemiýasynda onlaýn okuwlaryny dowam edip bilmediler.

Hereket azatlygy

Ykdysady azatlyk

  • Jaýlaryň elýetersizligine çäre görmek üçin hemmetaraplaýyn maksatnama taýýarlamaly. Ýaş adama diňe öz aýlygy bilen jaý/kwartira satyn almak ýa-da kireýine almak mümkin däl. Aşgabatda 2 otagly jaýlaryň kireýi ýurtdaky ortaça aýlykdan iki esse ýokary. Türkmenistanda ýaş adama diňe aýlygyny üýşürip jaý satyn almak üçin 28 ýyl gerek bolýar.
  • Ýaşlaryň ýeterlik iş mümkinçilikleriniň bolmasy üçin ýörite ýaşlar syýasatyny döretmeli. Ýurtda umumy işsizligiň derejesiniň 50% bolmagy ähtimal. Hökümet muňa degişli hiç hili sanlary aýan etmeýär. Ýaş adamlar üçin könelişen usullar bilen ýöredilýän, boş wezipeleri we aýlygy az bolan hökümet işlerinden başga iş mümkinçilikleri çäkli bolup galýar. Ýaşlara başlangyç wezipeli iş tapmak üçin ýa olaryň arkasynda durjak tanyş ýa-da para bermek gerek bolýar.
  • Uzak wagt bäri çözülmedik mesele bolup galan iki dürli alyş-çalyş kursuna çäre görmeli we maşgalalara daşary ýurtda bilim alýan çagalaryna çäklendirmesiz pul ugratmaga rugsat bermeli. Daşary ýurt walýutalarynyň alyş-çalşygyna salnan çäklendirmeler sebäpli daşary ýurtlardaky türkmen talyplarynyň köp sanlysy garyplykdan we sosial ejizlikden ejir çekýärler.

Pes hilli bilime çäre görmek

  • Bilim ulgamynda hemmetaraplaýyn özgerişlikler geçirmek arkaly endemik korrupsiýanyň soňuna çykmaly.
  • Halkara derejede abraýly bilim edaralarynyň we ýokary okuw jaýlarynyň Türkmenistanda dürli çäreleri geçirmegine mümkinçilik döretmeli.
  • Döwlet bilim programmalaryny diňe milli gymmatlyklary däl-de, eýsem häzirkizaman ylmy we ösüşleri göz öňünde tutup rejelemeli. Häzirki wagtda ýurt ylymda örän yzda barýar.
  • Ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýän talyplaryň sanyny köpeltmeli. Türkmenistanda 2022-nji ýylda 1875 sany orta mekdepden 82,000 okuwçy uçurym boldy. Emma ýurtdaky ýokary okuw jaýlary diňe 15,326 sany we hünärmençilik mekdepleri 10,490 sany talyp kabul edip bilýärler. Bu bolsa orta mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň 68 göteriminiň bilimini dowam etdirmek mümkinçiliginiň ýokdugyny aňladýar. Ýurtda hünärmençilik mekdepleriniň hem sanynyň köpeldilmegi zerurdyr.
  • Türkmen talyplarynyň daşary ýurtlarda okap biljek ýokary okuw jaýlaryna girizilen çäklendirmeleri aýyrmaly.

Ýaşlaryň psihiki, jynsy we reproduktiw saglygyna degişli könelişen okuwlary we hyzmatlary täzelemek we rejelemek

  • Türkmenistanda ýaş adamlar psihiki saglyk hyzmatlaryny alyp bilmeýärler. Psiholog hünärmenleriň ýoklugy munuň esasy sebäpleriniň biridir.
  • Ýaşlar üçin ylma we delillere esaslanýan reproduktiw hem-de jynsy saglyk hyzmatlaryny ýola goýmaly. Hemmetaraplaýyn jynsy terbiýäniň ýoklugy, bu wajyp tema dymyşlyk we utanç bilen garalmagy köp meseleleriň gözden salynmagyna getirip, Türkmenistandaky ýaş adamlaryň fiziki we psihiki saglygyna hem-de abadançylygyna zyýan ýetirýär.

Mejbury harby gulluk borjuny üýtgetmek

Häzirki 2 ýyllyk mejbury harby gulluk 18-27 ýaş aralygyndaky oglanlary iň bir önjeýli ýyllarynda durmuşda islän zatlaryny edip bilmek azatlygyndan mahrum edip, olaryň bilim we karýera maksatlaryny amala aşyrmagynda päsgelçilik döredip bilýär. Ýaş oglanlaryň harby gullukda wagtlaryny nähili geçirýändikleri ýa-da nämeler öwrenýändikleri barada habarlar we hasabatlar çykarylmaýar. Garaşsyz çeşmelere görä, harby gullukda esgerler azar berilmelerden, ýaramaz şertlerden, iýmit we derman gytçylygyndan kösenýärler.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: