Progres.Online

Türkmenistanda sanly hökümet hyzmatlary işleýärmi?

Global pandemiýa sanly tehnologiýalaryň kuwwatyny we sanly özgerişiň wajyplygyny görkezdi. Ýakynda, CABAR.asia bu tendensiýalary aýdyňlaşdyrmak üçin “Merkezi Aziýa döwletleriniň milli sanlylaşdyrma strategiýalary: kynçylyklar we mümkinçilikler” atly syýasy seljermesini neşir etdi. Seljerme Merkezi Aziýa ýurtlarynda sanly özgertmeleriň häzirki ýagdaýyny seljerýär we döwletleriň milli sanly strategiýalaryny deňeşdirýär. Şeýle hem, seljerme sebitdäki sanly ösüşi bökdeýän kynçylyklary belleýär we milli sanlylaşdyrma strategiýalarynyň durmuşa geçirilmegini gowulandyrmak üçin syýasy maslahatlary berýär.

CABAR.asia Merkezi Aziýa barada analitiki, informasion we bilim temalarynda maglumat berýän onlaýn platforma. Neşiriň awtory Özbegistanyň Ösüş Strategiýasy Merkeziniň bölüm müdiri Farruh Hakimow. Merkezi Aziýanyň häzirki sanly taýýarlygyna baha bermek we milli sanlylaşdyryş strategiýalaryny deňeşdirmek üçin awtor ilki bilen, BMG-nyň 2022-nji ýyl üçin Elektron Hökümet Synyna salgylandy.

Hasabatyň Türkmenistan bilen bagly gysgaça mazmunyny aşakda okap bilersiňiz. Hasabatyň doly rus dilindäki görnüşi: “Национальные стратегии цифровизации государств Центральной Азии: вызовы и возможности”.

Sanlylaşdyrmak – kagyzdaky maglumatlary elektron formata öwürmek we elde edilýän işleri, şahsy berilýän hyzmatlary onlaýn görnüşe geçirmekdir. Sanly hökümet ýa-da elektron hökümet – jemgyýetçilik hyzmatlarynyň onlaýn berilmegi.

Türkmenistanyň milli sanly strategiýasy näme?

2000-nji ýyllaryň başyndan bäri, Türkmenistan milli ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak üçin sanlylaşdyrmagy, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny (MAT) ösdürmegi ileri tutýar. Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda sanly strategiýalar bar bolsa, Türkmenistanda we Täjigistanda “sanly ykdysadyýet konsepsiýasy” kabul edildi. Türkmenistanyň sanlylaşdyrma çemeleşmesi “Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna” esaslanýar. Bu ägirt uly milli maksatnama sanly ykdysadyýeti ösdürmegi, sanly hökümetiň gerimini giňeltmegi we ýurtdaky MAT infrastrukturasyny gowulandyrmagy maksat edinýär.

Türkmenistanda sanlylaşdyrmagyň nähili kynçylyklary bar?

Merkezi Aziýa dünýäde iň pes derejede sanlylaşdyrylan sebitleriň biri. Türkmenistan bolsa sanly ulgamy ulanmakda iň yzda galan döwlet. Elektron hökümetiň ösüş indeksiniň (EGDI) görkezijisine görä, Türkmenistan 0.48 bal bilen dünýäde 137-nji orunda,  Gazagystan bolsa 0.86 bal bilen 28-nji oruny eýeleýär. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanda internete aralaşmak bary-ýogy 21.2%, Gazagystanda bolsa 85.9%.

Mundan başga-da, döwlet pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň derejesini (sanly tehnologiýalaryň ulanylyşyny) gözden geçirýän GovTech Maturity Index-e görä, Türkmenistan Merkezi Aziýada jemgyýetçilik pudagyny “D” kategoriýada, ýagny, iň pes döwrebaplaşdyran ýeke-täk ýurtdyr. Bu Türkmenistanyň döwlet sektorlarynda ösen we innowasion sanly çözgütleri ulanmagyň, döwlet hyzmatlaryny onlaýn üpjün edilmeginiň we raýatlaryň onlaýn hyzmat alyşynyň örän çäklidigini aňladýar. Şeýle hem, Türkmenistanyň ilatynyň MAT-a girmek mümkinçiligi gaty çäklidir. Meselem, öý-hojalyklaryň diňe 49%-ine internet çekilen we 44%-inde kompýuter bar.

Hasabata görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň MAT-y ösdürmek we sanlylaşdyrmak boýunça milli çemeleşmeleri birnäçe kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar:

  • obalaryň we şäherleriň arasynda sanly bölünişik, has takygy, şäher we oba ýaşaýjylarynyň sanly tehnologiýalara (meselem: akylly telefonlar, planşetler, noutbuklar we internet) deňsiz elýeterliligi;
  • Maliýe, tehniki we infrastruktura çeşmeleriniň kemterligi;
  • Ilatyň we döwlet işgärleriniň sanly sowatlylygynyň pesligi;
  • Internetiň  çäklendirilen, pes tizlikli we ýokary bahaly bolmagy.

Mähriban Okyjy!

Haýsydyr bir döwlet hyzmatlaryny onlaýn ulanýarsyňmy? Haýsy ministrlik ýa-da häkimlik ýokary hilli elektron hyzmatlary hödürleýär (mylakatly jogap bermek, wagtynda hyzmat bermek, ulanyjy üçin amatly hyzmat)? Döwlet edaralary bilen e-poçta arkaly habarlaşmaga synanyşdyňmy? Tejribäňiz nähili boldy? Biziň bilen paýlaşyň we biz sesiňiziň eşidilmegini üpjün ederis.

Spelling error report

The following text will be sent to our editors: