Progres.Online

Pew Research: Aslynda köp aýallylyk dünýäde seýrek duş gelýär.

Makalanyň asyl nusgasy

Köp aýallylyk baradaky pikir ýöretmeler Merkezi Aziýa jemgyýetinde 1990-njy ýyllaryň ahyrynda we 2000-nji ýyllaryň başynda duýdansyz peýda boldy. Şol döwürler köp nikalylygy kanunylaşdyrmagyň ýollary çynlakaý seredilip başlanypdy. Birinji we ikinji aýallaryň durmuşy barada bolsa çeper filmler döredilip, kitaplar ýazylýardy. Muňa garamazdan, sebitdäki ilatyň köpüsi köp aýallylygy kabul ederlikli hasaplamaýar. 2013-nji ýylda geçirilen Pew Research-e görä, Täjigistanda ilatyň diňe 12%, Gazagystanda 13% we beýlekilere garanyňda möçberi has uly bolan Gyrgyzystanda – 31% -i köp nikalylygy ahlak taýdan kabul ederlikli hasaplaýar. Merkezi Aziýada bu babatda köp akademiki gözlegler geçirildi. Hususan-da “Merkezi Aziýada köp nikalylyk: dürli garaýyşlar” atly makala okamaga maslahat berilýär.

Bu makalada Pew Research dünýädäki köp aýallylyk barada birnäçe maglumatlary beýan edýär. Bu amerikan gözleg merkezi dünýäniň 130 ýurdunda ýaşaýyş şertleri barada gözleg işleri geçirdi we netijede köp nikaly maşgala bolup ýaşaýan adamlaryň sanyny anyklady. Bu ýurtlaryň däp we kanunlary baradaky aýratyn gözlegleriň netijeleri hem bu maglumatlar ýygyndysyna girizildi.

Esasy netije – köp nikalylyk dünýäde seýrek duş gelýär.

1. Iki öýe ýaşamak

Dünýä ilatynyň 2%-nden azy köp nikaly maşgala bolup bir öýde ýaşaýar. Köp ýurtlarda bolsa, bu görkeziji 0,5%-den hem az. Köp aýallylyk dünýäniň köp ýurtlarynda gadagan edilýär. BMG-nyň Adam Hukuklary Geňeşi “köp aýallylyk zenanlaryň mertebesini zeperleýändigini” aýdyp, ony “amal edilýän ýerinde hemişelik ýatyrmaga” çagyrdy. Emma nika dolandyrmakda hökümet köplenç çäklendirilýär. Köp ýurtlarda nikalaşmak din ýa-da däp kanunlary arkaly amala aşyrylýar. Bu bolsa gözegçiligiň ruhanylaryň ýa bolmasa jemgyýetiň ýolbaşçylarynyň elindedigini aňladýar. Şeýle hem, hemme köp nikaly maşgalalaryň bir öýde ýaşamaýandygyny bellemek gerek. Käwagt bir adamyň iki ýa-da birnäçe aýallarynyň öz aýratyn öýleri bolýar.

Çeşme: Pew Gözleg Merkeziniň 2010-2018 ýyllar aralygyndaky ilat ýazuwy we gözleg maglumatlarynyň derňewi.
Has giňişleýin maglumat üçin Usulyýete serediň. “Dünýädäki din we ýaşaýyş tertipleri”.
Pew Gözleg Merkezi

2. Köp nikalylyk guşagy

Köp nikalylyk Saharanyň günortasyndaky afrikan ýurtlarynda has ýygy duş gelýär. Bu ýerlerde ilatyň 11%-i köp nikaly maşgalalarda ýaşaýar. Köp aýallylyk Burkina-Faso (36%), Mali (34%) we Nigeriýa (28%) ýaly Günbatar we Merkezi Afrika ýurtlar toparynda giňden ýaýrandyr. Bu ýurtlarda köp nikalylyk, iň bolmanda belli bir derejede, kanunylaşdyrylan. Afrikada, musulmanlaryň hristiýanlara garanyňda şeýle maşgalalarda ýaşamak ähtimallygy has ýokary (25%-e garşy 3%). Emma käbir ýurtlarda köp nikalylyk milli ynançlara uýýanlaryň we din bilen baglanyşygy bolmadyk adamlaryň arasynda hem giňden ýaýrandyr. Mysal üçin, Burkina-Faso şäherinde milli dinlere uýýan adamlaryň 45%-i, musulmanlaryň 40%-i we hristiýanlaryň 24%-i köp nikaly maşgalalarda ýaşaýar. Çad, bu derňewde hristiýanlaryň (21%) musulmanlara (10%) garanyňda şeýle maşgala gurulyşynda ýaşamaklyk ähtimallygy has ýokary bolan ýeke-täk ýurtdyr.

Bellik: Çyzyjyklar toparyň aýratynlykda görkezilip bilinmejek derejede kiçidigini aňladýar.
Çeşme: Pew Gözleg Merkeziniň 2010-2018 ýyllar aralygyndaky ilat ýazuwy we gözleg maglumatlarynyň derňewi. “Dünýädäki din we ýaşaýyş tertipleri”.
Pew Gözleg Merkezi

3. Din

Köp nikalylyga rugsat berilýän ýurtlaryň aglabasynda ilatyň köp bölegi musulmançylyga ynanýar. Muňa garamazdan, umumy alynanda hatda şol ýerlerde-de köp aýallylyk seýrek bolýar. Köp nikalylyk kanunylaşdyrylan ýurtlaryň ählisinde, iň bolmanda musulmanlar üçin, musulman-erkekleriň 1%-inden azy birden köp aýallary bilen ýaşaýarlar. Şeýle ýurtlara Owganystan, Bangladeş, Eýran we Müsür girýär. Köp aýallylyk Saud Arabystanda, Birleşen Arap Emirliklerinde we beýleki goňşy döwletlerde-de kanunydyr. Emma bu ýurtlara degişli maglumatlaryň çäklidigi sebäpli olar gözleg işine goşulmady.

Köp aýallylygy goldaýan musulmanlar Muhammet pygamberiň (s.a.w) birnäçe aýalynyň bolandygyny ýatladyp, köplenç Gurhanyň 4:3-nji süresine salgylanýarlar. Bu sürede ideg edip biläýjek derejede birnäçe aýal alyp bilýändiklerini, ýöne dörtden köp bolmaly däldigi erkeklere tabşyrylýar. Taryhçylar, köp aýallylyk barada bu gollanmanyň döremeginiň sebäbini 7-nji asyrda Arabystanda bolup geçen uruşlar döwründe maddy goldawa mätäç dul aýallaryň we ýetim galan çagalaryň köp bolandygy bilen düşündirýärler. Şeýlelikde, köp aýallylygyň dullara we ýetimlere ideg etmegi aňsatlaşdyrýan ulgama öwrülendigini aýdýarlar. Köp aýallylyk şu güne çenli hem adamlaryň, esasanam erkekleriň, köplenç ýaş ölýän ýerlerinde agdyklyk edýär.

Din, köplenç bir ýurduň içinde köp aýallylygyň amal edilmeginde we kadalaşdyrylmagynda möhüm rol oýnaýar. Mysal üçin, Nigeriýada köp nikalylyk hökümet tarapyndan gadagan, ýöne bu çäklendirme diňe raýat nikasyna degişli. Musulmanlaryň agdyklyk edýän, Demirgazyk Afrikanyň 12 döwletinde bu görnüşdäki maşgalalary yslamy ýa-da adaty nikalar hökmünde kabul edýärler. Hindistanda bolsa, musulman erkeklere birnäçe aýal almaga rugsat berilýär, emma beýleki dinlere uýýan erkeklere rugsat berilmeýär.

Şeýle-de bolsa, köp nikalylygyň giňden ýaýran ýurtlarynda bu amal dürli dinlere uýýan adamlar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Mysal üçin, Gambiýada, Nigeriýada, Malide, Çadda we Burkina-Fasoda gözleg geçirilen dini toparlaryň hersinde iň azyndan her on adamdan biri köp aýally maşgalada ýaşaýar.

Töwratda (ýewreýleriň mukaddes kitaby) we Injilde (hristiýanlaryň mukaddes kitaby) köp aýallylygyň kabul edilip bilinjek birnäçe ýagdaýlary barada aýdylýar. Şeýle ýagdaýlara Ybraýymyň, Ýakubyň we Dawudyň hadysalary mysal bolup biler. Muňa garamazdan, köp nikalylyk orta asyrlarda bu dini toparlar tarapyndan ret edilipdi we soňky ýüzýyllyklarda ýewreýler we hristiýanlar arasynda duş gelmeýärdi. Emma, köp aýallylyk käwagt hristiýan mezhepleriniň arasynda bolýar. Muňa mysal hökmünde, 1800-nji ýyllaryň ahyryna çenli dowam eden ABŞ-daky Isa Mesihiň soňky gün keramatlylary ybadathanasynyň agzalaryny (mormonlar) görkezip bolar. Mormonlardan bölünip aýrylan käbir toparlarda köp aýallylyk intäk hem dowam edýär.

4. Kanunlar

Köp nikalylyk ýagny poligamiýa diýilip, köplenç, bir erkegiň birnäçe aýala öýlenmegine aýdylýar. Birden köp adamsy bolan aýallary aňladýan hadysa bolsa poliandriýa diýilip atlandyrylýar. Köp nikalylygyň bu görnüşi köp aýallylyga garanyňda has seýrek we köplenç dünýäde kiçi we birneme özbaşdak jemgyýetlerde duş gelýär.

Köp nikalylyk baradaky kanunlar adatça erkekleriň tarapyny tutýan bolsa-da,bu babatda aýallaryň hukuklaryny hem goraýan ýurtlar az däl. Muňa mysal hökmünde, köp aýallylygyň giňden ýaýran Burkina-Fasoda erkegiň gelejekde başga bir aýal almagy üçin ilkibaşdan birinji aýalyny nikanyň köp aýally boljakdygyna ryzyçylygyny almalydygy gökezilip biliner. Jibutide kazylar erkegiň geljekde bolup biljek täze nikalar barada häzirki aýallarynyň pikirlerini ýazga alýarlar. Indiki aljak aýaly bilen nika şertnamasyny tassyklamazdan öň bolsa, erkegiň sosial-ykdysady ýagdaýyny barlaýarlar.

5. Kabul etmek

Ýaňy-ýakynda Gallup-yň geçiren soragnamasynyň netijesine görä, ABŞ-da uly adamlaryň her bäşisinden biri (20%) köp aýallylygy ahlak taýdan kabul edilip biliner diýip hasaplaýar. Bu görkeziji 2003-nji ýylda ilkinji gezek soralanyndan bäri üç esse galdy (7%-den) ýöne, Gallup-yň soraýan soraglarynyň arasynda intäk hem iň pes kabul edip boljak hereketleriň birisidir. Özlerini liberal diýip hasaplaýan adamlar konserwatorlara garanyňda köp aýallylygy has arkaýyn kabul edýärler (34%-e garşy 9%).

Pew Gözleg Merkeziniň 2013-nji ýylda eden soragnamasynyň netijesine görä dünýädäki musulmanlaryň köp aýallylyk baradaky pikirleri deň gelmeýär. Saharanyň günortasynda ýerleşýän birnäçe afrikan ýurtlarynda we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda ýaşaýan musulmanlar köp aýallylygyň ahlak taýdan kabul edilip bilinjekdigini aýdýar. Merkezi Aziýa we Günorta we Gündogar Ýewropada ýaşaýan musulmanlar bolsa, tersine, köp aýallylygyň ahlaksyzlykdygyny öňe sürýärler.

“Çydamlylyk we dartgynlyk: Günorta Sahara tarap Afrikadaky Yslam we Hristiýançylyk” atly makaladan alynan, Nigeriýadan başga ähli ýurtlar üçin maglumatlar görkezilen.
Söhbetdeşlikler diňe bäş günorta welaýatlardaky musulmanlar bilen geçirilendir.
Pew Gözleg Merkezi

Pew Research-iň ýokarda goýulan tablisasy Merkezi Aziýa ýaşaýyjylarynyň köp aýallylyga ýaramaz garaýandyklaryny görkezýän hem bolsa, gözlegçiler bu sebitde köp aýallylygyň hatda Sowet döwründe-de kabul edilendigine ynanýarlar.Mysal üçin, käbirleri, Täjigistandaky köp aýallylygy Sowet döwrüniň ýokary işgärleriniň rus medeniýetindäki oýnaş edinmek bilen deňeşdirýärler. Şol bir wagtyň özünde, şeýle maşgalalarynyň gurulmagyň hiç haçan din esasynda bolmandygyny belleýärler. Din köplenç erkekler üçin köp nikalylyga esas döredýär, emma beýle nikalar Yslam dininiň kanunlaryna seýrek boýun egýärler (birinji aýalyň rugsady, deň hukukly bolmak, ikisine-de deň derejede ideg etmek we ş.m.). Näme diýilse-de, köp aýallylyk soňky döwür Merkezi Aziýada inkär edilýär. Merkezi Aziýaly adamlaryň umumy garaýşyny şeýle jemläp bileris: Maşgala gymmatlygy diňe bir maşgala bilen mümkin.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: