Progres.Online

MÖHÜM SAN: 46 GÜN

Gadyrly okyjy,

Türkmenistanyň “Migrasiýa hakynda” kanunyna, watanyna gaýdyp bilmeýän raýatlaryň pasportlarynyň möhletiniň uzaldylmagyna degişli üýtgetme girizildi. Kanuna girizilmeli goşmaçalara Türkmenistanyň Prezidenti 5-nji iýunda gol çekdi we onuň teksti 8-nji iýunda “Altyn Asyr” gazetinde çap edildi.

Kanuna goşmaçalaryň girizilen wagtyndan 46 gün geçen bolsa-da, ilçihanalaryň we Migrasiýa gullugynyň saýtlarynda türkmenistanlylaryň pasportlarynyň möhletiniň uzaldylmagyna degişli düzgün-tertipler entegem näbelli bolmagyna galýar. 

18-nji maýda Progres “Türkmenistanlylaryň zagran pasportlary: ýagdaýlar we maslahatlar” makalasyny çap edipdi. Makalada meseleleriň beýany, ýagdaýlaryň raýatlara ýetirýän ýaramaz täsirleri, goňşy döwletleriň öz raýatlaryna berýan konsullyk hyzmatlary barada we dolandyryjy döwlet işgärlerine maslahatlar berilýär.

Biziň 16-nji iýunda çap eden “Pasportlar we uýtgetmeler: faktlar, näbellilikler, aladalar” atly makalamyz begendiriji habara ýöne örän haýal özgerýän ýagdaýlara synymyz bolup, meselä we ýagdaýlara degişli belli, näbelli bolup galýan soraglary we ilatyň soraglaryny, aladalaryny jemleýär.

Okyjylarymyzyň paýlaşýan maglumatlaryna görä, olar Türkmenistanyň Russiýadaky, Türkiýädäki ilçihanalaryna jaň edip soranlarynda olara entek Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyndan görkezme gelmedi diýip jogap berýärler.

Sen Türkmenistanyň ilçihanasyna jaň edip soradyňmy? Näme we nähili jogap berdiler?

Türkmenistanyň ABŞ-da, Türkiýäde we Russiýadaky ilçihanalarynyň aragatnaşyk üçin maglumatlary:

Türkmenistanyň ABŞ-däki ilçihanasy:

Telefon: (202) 588 1500

Email: turkmenembassyus@verizon.net

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy:

Telefon: +90 (312) 441 71 22/23/24

Email: tmankara@yahoo.com

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy:

Telefon: +7 (495) 690-32-02

+7 (495) 690-32-58

+7 (495) 695-37-16

Email: consul@turkmenembassy.ru

Türkmenistanyň Migrasiýa Gullugy:

Telefon: +993 (12) 38-00-11

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: