Progres.Online

Merkezi Aziýada energiýa howpsuzlygy we ýaşyl energiýa: Roman Wakulçuk bilen söhbetdeşlik.

Norwegiýanyň halkara gatnaşyklar institutynyň (NUPI) uly alymy we Energiýa gözleg merkeziniň direktory Roman Wakulçuk:

“Merkezi Aziýanyň gün, ýel we gidroenergiýa babatda ýokary mümkinçiligi bar. Ilat gürlüginiň pesligi, territoriýanyň giňligi we ýyllyk güneşli günleriň agdyklygy Merkezi Aziýany gaýtadan işlenilýän energiýanyň ösmegi üçin özboluşly sebite öwürýär.”

Cabar.asia: Merkezi Aziýada haýsy alternatiw energiýa çeşmelerini ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar? Olaryň artykmaçlyklary we kemçilikleri näme?

Roman Wakulçuk: Birinjiden, Merkezi Aziýanyň gün we ýel energiýasynda, şeýle hem onlarça ýyl bäri ulanylýan gidroenergiýada ýokary potensialy bar. Sebitde iň ýokary potensiala eýe ýerler bar, hususan-da ýel energiýasyny öndürmek üçin Gazagystanyň Hytaý bilen serhediniň golaýyndaky daglyk geçelge bolan Žungar derwezesi (Dzungarian Gate).

Merkezi Aziýada gün we ýel energiýasynda, şeýle hem onlarça ýyl bäri ulanylýan gidroenergiýada örän ýokary potensial bar.

Ikinjiden, ýyllyk güneşli günleriň sany babatda Merkezi Aziýa Germaniýa ýa Daniýa ýaly Ýewropa döwletlerinden has öňde durýar, esasanam, Özbegistandaky Aral deňziniň töweregindäki ýerler. Gazagystanyň sähralaryna hem gün şöhleleri köp siňýär. Bu faktor, şol sanda ilat gürlüginiň pesligi we territoriýanyň giňligi Merkezi Aziýany ýaşyl energiýanyň ösmegi üçin özboluşly sebite öwürýär.

Ýewropa gür ilatly ýer. Şeýle-de, köplenç ýel desgalaryny gurmak uzak wagt alýar, sebäbi bu ýerli jemgyýetleriň ýa-da kärhanalaryň bähbitlerine täsir edip bilýär. Muňa Germaniýada ýa-da Norwegiýada ýel desgalaryny gurmak barada uzak wagta çeken halk maslahatlaryny mysal getirip bolar. Hatda, uzak maslahatlaşmalardan soň hem, köplenç tassyknama almak kyn. Merkezi Aziýada welin beýle mesele ýüze çykmaz, çünki, meselem, Gazagystanyň çäginiň 80% -den gowragynda ilat ýaşamaýar.

Üçünjiden, Merkezi Aziýada ýer eýeçilik hukuklary döwlete degişli. Orta Gündogardaky ýurtlaryň tejribesinden mysal alsak, Birleşen Arap Emirliklerinde ilatsyz ýerler uly göwrümli gün panellerini gurnamak üçin ulanylýar. Merkezi Aziýada-da edil şonuň ýaly edilip bilner. Bu sebitiň artykmaçlygydyr. Gün panellerini gurmak barada söz açsak, onda iň täze innowasion tehnologiýalary dikmek möhümdir. Tehnologiýalaryň täze modelleri az ýer eýeleýär we köne modellerden has artyk elektrik öndürýär.

Emma, birnäçe kilometr gün panellerini gurmak bilen olary gelejekki 30 ýylda ulanyp bolar diýip pikir etmek ýalňyşdyr. Beýle pikirleniş onýyllyklaryň dowamynda işlenilýän kömür senagaty babatda dogry bolup biler. Gün energiýasynyň tehnologiýalary meselesinde welin, gurlan gün panelleriniň ilkinji bäş ýylda nähili işlejekdigine gözegçilik etmeli. Soňra olary täze modeller bilen çalyşmaly bolmagy mümkin. Bu logika ýel desgalaryna-da degişli. Şol sebäpli, bu meselä has eglişikli çemeleşmek zerurdyr.

Merkezi Aziýa ýene bir ugurda – gün panellerini, ýel turbinalaryny we batareýalary öndürmekde ulanylýan möhüm materiallary, elementleri ýasamakda möhüm rol oýnap biler. Bu materiallara litiý, kobalt, mis, nikel, kümüş we başgalar degişlidir. Mysal üçin, häzirki wagtda bütin dünýäde litiýa bolan talap artýar. Diňe soňky bir ýylda onuň bahasy 400% -den gowrak ýokarlandy. Biziň ýakynda geçiren gözlegimiz Merkezi Aziýada köp sanly wajyp materiallaryň bardygyny görkezdi. Bu sebiti potensial maýadarlar üçin özüne çekiji ýere öwürýär. Hytaý Merkezi Aziýada eýýäm işjeň ýurt bolup, soňky ýyllarda önümçiligi artdyrdy we bütin sebitde möhüm meteriallaryň täze ýataklarynyň üstünde işlemek hukuklaryny gazandy. Hususan-da, Gazagystandan Hytaýa molibdeniň eksporty artyp, sanlyja ýylda 400% ösdi. Häzire çenli Hytaý Merkezi Aziýanyň bu ugurdaky ähmiýetine we potensialyna düşünen ýeke-täk ýurtdur.

Çeşme: Energy security and green energy in Central Asia

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: