Progres.Online

Merkezi Aziýanyň gysga gyşlary buzluklary ýok edýär

Buzluklar bütin dünýäde ýitip barýar. Merkezi Aziýa hem şeýle meseläni başdan geçirýär.

Geçen hepde, Merkezi Aziýa gyşyň gazaply gelmegi bilen köpleri garyň az ýagýandygy aladalandyrman biler. Emma, bu sebitiň daýhanlarynyň we bent gurluşykçylarynyň ýakyn gelejekde ýüzbe-ýüz boljak meselesidir. Gar möwsümleýin derýa akymyna, azyk we elektrik önümçiligine täsir edýän ýyllyk sikliň möhüm düzüm bölegidir.

Merkezi Aziýada onlarça ýyldan bäri, gyşlaryň maýylaýandygy we buzluklaryň ereýändigi mälimdi. Täze maglumatlar sebitiň daglaryndaky buzluklaryň gelejegini aýdyň görkezýär. Buzluklar diňe ýokary temperatura sebäpli eremeýär. Häzirki wagtda, buzluklar her ýyl üsti ýetirilmeýän garlar zerarly hem ereýär. Garyň ýerine indi ýagyş ýagyp, bu buzluklary has çalt eredýär we erän buzlar jülgelere akýar.

Hytaýly alymlaryň modellerine görä, 2100-nji ýyla çenli Týan Şan daglarynda gar ýagýan möwsümi takmynan bäş aýdan iki aýa çenli gysgalyp biler.

Týan Şan dagy Özbegistandan geçip, Gyrgyzystanyň köp bölegini öz içine alýar we Gazagystana, Hytaýa çenli uzalyp gidýär. Bu dag Hytaýyň Sinjian welaýatynyň süýji suwunyň esasy çeşmesidir.

Lanzhou Jiaotong uniwersitetiniň professory Suemei Liniň ýolbaşçylygynda geçirilen gözlegde, Týan Şan dagynyň Hytaýdan geçýän böleginde 26 howa stansiýalaryndan, 1961-2020-nji ýyllar aralygyndaky temperatura we ýagyn maglumatlaryny öwrendiler. Bu sanlar bilen alymlar gar möwsüminiň başlaýan we tamamlanýan döwrüniň kartasyny çyzdylar. Gar möwsüminiň nähili gysgalandygyny ölçediler. Muny alymlar gar ýagma fenologiýasy (gar gatyşykly ýagyş ýagmagynyň öňisyrasy, garaşylýan güýçli gar möwsümi we syn edilen gar ýagma) diýip atlandyrýarlar.

 Ýaz ýagyşy eýýäm 1961-nji ýyldakydan 9.6 gün ir başlap, garyň ýerini çalyşýar. Güýzde gar 6.6 gün giç ýagmaga başlaýar. Şeýlelikde, soňky 60 ýylda gar möwsüminiň dowamlylygy iki hepdeden gowrak azaldy (on ýylda 2.8 gün).

Klimatyň gelejegi baradaky gözlegleriň köpüsinde bolşy ýaly, bu gözlegde hem awtorlar öz çaklamalaryny Klimatyň üýtgemegi boýunça hökümetara paneliniň işläp düzen 4 global maýylganlyk senariýasyndan (degişlilikde SSP126, SSP245, SSP370 we SSP585 diýilip atlandyrylýar) nusga alypdyrlar. Bu senariýalar optimistden (meselem: ähli ýurtlar parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak baradaky borçnamalaryny doly ýerine ýetirseler, emma bu ähtimallyk ujypsyzja) iň pessimist senariýa çenli çaklanylýar.

Ähli senariýalara görä, gar möwsümi gysgalýar. Li we kärdeşleri the Cryosphere žurnalyndaky makalasynda: “Gar ýagma möwsümi has giç başlar, has ir tamamlanar we gysga wagt dowam eder” – diýip belleýär.

Eger dünýäniň ortaça temperaturasy diňe 2°C ýokarlansa-da (SSP126 senariýa), 2100-nji ýyla çenli gar möwsümi ýene bir hepde gysgalmagy ahmal. Ýöne, bu görkeziji gitdigiçe ýokarlanýar. Iň erbet ssenariýa (SSP585) görä, gar möwsümi her on ýylda ýene 6.5 gün azalar, ýagny şu wagtkydan iki aý gysgalar.

Netijede, 2100-nji ýylda 14-nji fewraldan öň gar ýagmagy tamamlanyp biler. Li we kärdeşleri bu senariýada ýyllyk gar mukdarynyň 26.5% kemeljekdigini çaklaýarlar.

Gar we sowuk howa buzlary emele getirýän iki esasy düzümdir. Adamlaryň işjeňligi planetany gyzdyrýanlygy zerarly bularyň ikisi hem örän ýetmezçilik edýär.

Ýanwarda, Science žurnalynda çap edilen buzluklar barada giňişleýin gözleg Merkezi Aziýada buzluklaryň eremesi 2035-2055-nji ýyllar aralygynda ýokary derejä çykjagyny äşgär etdi. Şol sanda, sebitde meýilleleşdirilýän ägirt uly gidroelektrik taslamalar hem togtar. Ondan soň, her tomusda gidroelektrik we oba hojalygy üçin möhüm bolan buzluklar yzgiderli azalar.

The Science-de çap edilen gözleg Merkezi Aziýanyň buzluklarynyň dünýä ortalamasyna seredeniňde juda çalt ereýändigini we 2100-nji ýyla çenli buzluklaryň 2015-nji ýyldaky massasynyň 75%-ini ýitirjekdigini tassyklaýar.

Bu iki gözlegiň gelejekde Merkezi Aziýada suw baýlyklarynyň ep-esli üýtgejekdigine subutnamadyr. Bu bolsa oba hojalygyna, elektrik energiýasynyň öndürilmegine we bulardan peýdalanýanlara uly täsir eder.

Çeşme: Eurasianet

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: