Progres.Online

Klimata goýulan yz: Türkmenistandaky nebit we gaz ýataklarynyň kömürturşy zyňyndylary

Climate TRACE-e görä, 2021-nji ýylda Türkmenistanda syzdyrylan kömürturşy gazynyň umumy mukdary 448 million tonna bolup, 51 ýerden zyňyndylar syzypdyr.

Climate TRACE dünýädäki ähli döwletleriň kömürturşy zyňyndylaryny görkezmek üçin köpugurlaýyn kartasyny döretdi. Türkmenistanda Günorta Hazar basseýniniň nebit-gaz ýatagy zyňyndy syzmalary boýunça Merkezi Aziýada 1-nji we dünýäde 21-nji orunda durýar. Günorta Hazar basseýninden 33.51 metrik tonna (MT) we Amyderýa basseýninden 25.02 MT zyňyndylar syzylyp, Merkezi Aziýada birinji we ikinji oruny eýeleýär. Gazagystandaky Garaçaganak ýatagy bolsa 3-nji ýerde (14.53 MT).

Türkmenistanda zyýanly zyňyndylaryň iň köp syzýan ýerleri:

  1. Günorta Hazar basseýni – 33.51 metrik tonna (MT) (soňky 20 ýylda millionlarça tonna kömürturşy gazy syzdy);
  2. Amyderýa basseýni – 25.02 MT;
  3. Magtymguly – 9.92 MT;
  4. Samandepe – 9.24 MT;
  5. Marynyň elektrik stansiýasy – 7.29 MT;
  6. Jeýtun – 4.34 MT.

Climate TRACE – girdeji gazanmaýan global koalisiýa bolup, 2020-nji ýylyň iýulyndan bäri parnik gazlarynyň zyňyndylaryna garaşsyz gözegçilik edýär. Parnik gazlary (esasan kömürturşy gazy) kömür, nebit we tebigy gaz ýaly gazylyp alynýan ýangyçlaryň ýakylmagy netijesinde atmosfera zyňylýan gazlardyr. Bu zyňyndylar klimatyň üýtgemegini ep-esli artdyrýar. Koalisiýanyň zyýanly syzmalary yzarlamak başlangyjyna 100-den gowrak gurama, şol sanda Blue Sky Analytics, Carbon Yield, Johns Hopkins uniwersitetiniň amaly fizika laboratoriýasy we hatda, ABŞ-nyň öňki wise prezidenti Al Gore goşant goşýar. Climate TRACE 300-e golaý sputnikden ýygnalan 59 trillion baýt maglumaty seljerip we zyňyndylar babatda iň soňky gözlegleri ulanyp, zeperli zyňyndylary hasaplaýar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: