Progres.Online

Demokratiýa beýle bolmaýar

2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanda saýlawlar geçiriler. Bu habar 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda, Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde yglan edildi. 15 ýyllyk prezidentlikden soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow möhletinden öňki prezident saýlawlaryny geçirmegi teklip etdi we hatda muňa Türkmenistanyň Konstitusiýasynda rugsat berilmeýän hem bolsa, Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde galmagy maksat edinýändigini nygtady.

Saýlawyň netijeleri öňden bellenilip goýlana meňzeýär we ilat hem-de halkara köpçüligi bilen gatnaşyk gurmakda örän az tagalla edýär. Emma saýlawlar türkmen hökümetine legitim, kanuna laýyk çykyş etmäge, ýaramly gural bolup durýar. 15-nji fewralda prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow ilkinji bolup Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlendi. Martda Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň täze prezidenti boljagyna güwä geçse bolar.

Biziň pikirimizçe, Türkmenistandaky ýetip gelýän prezidentlik saýlawlarynyň esasy demokratik ýörelgelere eýerilmejekdigine ençeme sebäp bar. Ilatyň saýlawlara manyly we demokratik usulda gatnaşmagyna alty faktor böwet bolýar:

  1. Aç-açan, inklýusiw we jogapkärli saýlaw prosesiniň kemçiligi: Türkmenistanyň taryhynda hiç haçan erkinlikde we bäsdeşlikde geçirilen saýlawlar bolmady. Ýetip gelýän saýlaw kampaniýasy we administrasiýasy üçin ýekeje aý wagt berilýär. Dalaşgärleri ýerlikli seljermek, seçmek we hödürlemek üçin ne mehanizm bar ne-de wagt. Hökümet adminstrasiýasy kanunlary doly berjaý etmeýär we gümürtik proseduralara baş goşýar. Hökümet köp tarapdan Sowet Soýuzy döwri ýaly pikirlenmegi, dolandyrmagy we saýlaw we administratiw proseslerini äsgermezden, asla çynlakaý prosesleri döretmezden, netije almagy dowam edip gelýär.
    Prezidentlige dalaşgärleriň ne meselelere anyk çözgütleri bar ne-de kampaniýa platformalary. Döwlet metbugaty diňe dalaşgärleriň terjimehalyna degişli maglumatlary (käri, ýaşaýan ýeri) hödürleýär we olaryň möhüm jemgyýetçilik meselelerine görülmeli çäreler dogrusynda anyk teklipleri barada hiç hili maglumat bermeýär. Türkmenistanda üç sany syýasy partiýa hereket etse-de, olar alternatiw garaýyşlary orta atmaýarlar. Oňa derek, ähli syýasy partiýalar baştutanlyk edýän hökümeti goldaýarlar we onuň mirasyny hem-de kanunlaryny dowam etdirmäge söz berýärler.
  2. Häkimiýetleriň bölünişiginiň ýoklugy: Demokratik institutlaryň we adam hukuklarynyň ofisi (OSCE/ODIHR) Türkmenistanda 2017-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlary barada şeýle ýazýar: “konstitusiýada bellenen kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji hem-de kazyýet häkimiýetleriniň arasyndaky bölünişik ýöredilmeýär. Häkimiýetleriň bölünişigi galapyn işlemeýär. Prezident saýlawlary berk kontrolda saklanylýan syýasy gurşawda geçirildi. Wezipedäki şahsyň agalyk derejesi hem-de çynlakaý oppozisiýanyň we manyly köpdürlüligiň (plýuralizmiň) ýoklugy ses berijileriň saýlawlaryny çäklendirdi. Galyberse-de, Merkezi saýlaw topary tarapyndan gurnalan çärelerde kampaniýalar kemçilik etdi we berk çäklendirilen metbugat göz-görtele wezipedäki şahsa artykmaç hukuklary berdi. Merkezi saýlaw toparynyň 15 agzasynyň ählisi prezidentiň özi tarapyndan bellenen – bu bolsa toparyň garaşsyzlygyny abraýdan gaçyrýar. Şeýle-de, saýlaw administrasiýasy umuman aç-açan hereket etmedi”.
  3. Senzura: Türkmenistanda metbugatyň ähli görnüşini döwlet dolandyrýar. Ýurtda gözegçilikden, ýagny senzuradan geçirilmedik maglumat tapyp bolmaýar. Halkara metbugatynda bolsa, dinastiýalar, gaz söwdalary we Dowzah Derwezesi baradaky gyzgalaňly wakalar ýaly, ünsüňi çekiji ýa-da sahypasyna aýlanyjy üýşürmek maksady bilen edilýän geosyýasata degişli maglumatlary çykarýarlar. Türkmenistanly toparlara we ýazyjylara adaty adama wajyp bolan meseleler barada seslerini eşitdirmek örän kyn. Munuň netijesinde ilat aňly-düşünjeli gürrüňdeşlikleri geçirip, oýlanyşykly kararlara gelmek üçin, dogruçyl we bitarap maglumat çeşmelerinden peýdalanyp bilmeýär. Metbugat azatlygynyň, köpdürlüligiň we çözgütlere esaslanýan habarlaryň ýoklugy ses berijileriň bilimine we gatnaşygyna böwet bolýar.
  4. Ilatda berk ornaşan gorky we öwrenilen ejizlik: Hökümetiň kada-kanunlary Türkmenistany umytsyzlykdan we gorkudan düzülen jemgyýete öwürdi. Türkmenistanlylar hiç haçan azat, adalatly we bäsdeşikli saýlawlarda ses berip görmediler we demokratiýanyň gadyr-gymmatyna asla düşünmeýärler diýen ýaly. Olar öwrenilen ejizlikden we parhsyzlykdan ejir çekip gelýärler. Türkmenistanlylar 30 ýyl bäri sosiologik taýdan öwrenilmedi. Ýurtda adamlaryň birek-birege we döwlet edaralaryna bolan ynamynyň iň pes derejelere düşendigi bilen hemmeler ylalaşsa gerek. Emosional we psihologik taýdan ýorgun ilatyň syýasy durmuşa gatyşmak islegi örän pes. Adamlaryň esasy aladasy syýasy gürrüňdeşlikler däl-de, häzirki sosial-ykdysady kynçylyklardan baş alyp çykmak. Garaşsyz jemgyýetçilik guramalarynyň we raýat toparlarynyň ýok bolan ýurdy Türkmenistanda syýasy durmuş hem ýok. Bu çylşyrymly psihologik faktorlaryň ählisi raýatyň özüni aşa umytsyz we ejiz duýmagyna hem-de özüniň häzirine we geljegine bolan erkini elden bermegine goşant goşýar.
  5. Üzňe we şärik halkara köpçüligi: Halkara köpçüligi Türkmen häkimiýetleri we Türkmenistan bilen iş salyşanlarynda aýdyň we durnukly syýasata eýermeýärler. Türkmenistanyň hökümetiniň ýaramaz COVID-19 dolandyryşyna BSGG-nyň we BMG-nyň beren jogaby ýa-da dymyşlygy halkara köpçüligiň nähili derejede ilatyň sesini eşitmek isleýändiginden habar berip biler. Ýurtda iki guramanyň hem edaralarynyň bolmagyna garamazdan, olar Türkmenistanda ‘COVID-19 ölümleri we hadysalary nol’ diýen kyssany dowam etdirmegi makul bildiler. ABŞ-ny we ÝB-ny öz içine alýan halkara paýdarlar hem, galapyn hökümetiň diýeni bilen bolýarlar we jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyçlaryna goldaw bermeýärler. Hökümetiň otuz ýyllap şeýle dolandyrylyp gelinmegi we hökümete degişli däl guramalary döretme mümkinçilikleriniň repressiw kanunlar bilen gysylmagy, ýurdy ýurduň içinde hereket edýän hiç hili çynlakaý we professional jemgyýetçilik guramasyz goýdy. Adaty türkmenistanly ýurtda halkara guramalaryň hereketlerine şübhe we tankydy göz bilen garaýar. Bu hem demokratik medeniýetiň ýüze çykma ähtimallygyny has-da tesdirýär.
  6. Gowşak we kiçi göwrümli raýat toparlary: Ýurduň daşynda birnäçe oppozisiýa raýat toparlary hereket edýärler. Olar henize çenli kampaniýalaryny ýa-da meselelere çözgütlerini mälim etmediler we esasan häzirki hökümeti we birek-biregi tankytlamaga üns gönükdirýärler. Olar populist toparlar hökmünde çykyş edýärler we häzirki hökümeti ýykmagy öňe sürýärler. Olaryň arasynda birleşikleri döretmek we ileri tutýan gymmatlyklaryny ilata beýan etmek ýaly hereketler heniz bolup geçmeýär. Olar Türkmenistandaky adamlaryň inflýasiýa, işsizlik, internet elýeterliligi, saglygy goraýyş we ýurduň içinde we daşynda erkin syýahat etme ýaly, gündelik ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary hakynda hem çynlakaý gürrüňleri etmeýärler. Bu hem ilaty has-da üzňeleşdirýär we umytsyzlyk medeniýetini çuňlaşdyrýar.

Mähriban okyjy, sen bu analiz bilen ylalaşýarmyň? Seniň pikiriňçe başga sebäpler hem barmy?

Progres.online – analitiki onlaýn žurnaldyr. Progres ýokary hilli ylmy barlaglaryň we derňewleriň üsti bilen, Türkmenistandaky jemgyýetçilik tendensiýalaryna has içgin we aýdyň düşünmegi öňe sürýär.

Spelling error report

The following text will be sent to our editors: